You are on page 1of 134

Ýowşan ANNAGURBAN

BASA
-BAS
(Başda
n geçir
m e)
“Ýurduñ” kitaphanasy

Ýowşan Annagurban

BASA-BAS
(Başdan geçirme)

Praga - 2008
Basa-bas
(Başdan geçirme)
Ýowşan Annagurban

annagurban.com
2008
c
10 10 08 321
Halaýyk barçasy jesethor boldy. . .
Magtymguly

“Otluçöp alan-eý, otluçöp alan! Arzan otluçöp! Bir gaby ýüz


manatdan. . . Otluçöp alan-eý, otluçöp alan!..”
Alty-ýedi ýaşlaryndaky horja oglanyň ýürek gyýyjy çirkin se-
si, ara salym salman, bir o künçden, birem bu künçden ýaňlanyp
gidýär. Ol bir minudam aýak çekmän, yhlas bilen alyjy gözleýär.
Soň onuň sesine mekdep gapysyny bireýýäm unudan ululy-ki-
çili çagalaryň bir-birinden zaryn sesi goşulýar. Oglanjyklardyr
gyzjagazlar, bir-birlerine gezek bermän gygyryşýarlar:
“Şakalatly marožna alan-eý, şakalatly marožna! Biri müň ma-
natdan”, “Bally köke alan, bäşisi müňden”, “Horaz süýji alyň-ow,
arzan horaz süýji! Biri iki ýüz manat boldy-ow. . . ”
Giden meýdan “ösen sosializmden” “çüýreýän kapitalizme”
barýan çagalaryň sesinden elenip gidýär. Apgyrdy giden ýyrtyk-
-ýirik aýakgaply, üsti-başy eleşanja garagöz çagalar çörek puly
sorap el serýärler. Şäherde, Aşgabadyň köçelerinde swetoforly
çatryklarda säginen maşynlylaryň aýnasyndan uzaýan inçejik
goşarly çorluja eller bärde her bir pyýadanyň ýüregine dürtüläý-
jek bolýar. Eleşan eşikli, hüžžük saçlaryny garört ýüzüne döken
garry aýal bolsa, el-aýagy maýyp dogan çagany gujagyna alyp,
mähelläniň iň bir güri ýerinde geleniň-geçeniň ýüregini paralap
otyr. Aýagyndan sypyp ýatan ýyrtyk galoşy, köne jir köýneginiň
guma bulaşan ýygyrt-ýygyrt etegi hem şol etege mynçgalanyp
atylan “serdar” suratly manatlyklar ony bolşundanam egbar gör-
kezýär.
Bir eli kitap salnan torbaly, beýleki eli galyň kitaply mollaçar
adam, assa basyp barşyna: “Musulmanlar, arzan “Gurhan” alyň!
Arzan “Gurhan” bar!” diýip mydyrdaýar we “Türkmenistan”

4
neşirýatynyň ammarynda sekiz müň manatdan berilýän kitaby
on bäş müň manatdan satýar. . .
Bu ýere “jygyllyk” diýýärler. Aşgabadyň jygyllygy. . . Ozal
bir zaman bu ýere şäheriň zir-zibili dökülipdir. O dökündiler
henizem onda-munda depe bolşup ýatyr. Ak çägeli depeleriň
arasynda bir elhenç bolup ýatan zibil galyndylary hudaý be-
ren ajap çölüň görküni gaçyrýar. Aşgabat jygyllygy bir zaman
şäheriň içinde, Hitrowkada ýerleşerdi, ony şäheriň daşyna çyka-
ranlaryna eýýäm bir topar ýyl geçipdir.
Tomus günleri gurak howada turýan tozan, sowrulýan çäge
bazarçylaryň bireýýäm öwrenişip giden zady. Hökümet bazarçy-
lardan her daban ýer üçin pul alýar, emma bazaryň ýykylan saraý
ýaly gözgyny keşbinde üýtgeýän zat ýok. Bazarkomdyr onuň
nökerleriniň halkdan hepdede iki gezek ýygnaýan millionlarça
manady kime we nirä gidýär, muny bilýän ýok. . .
“Jygyllyk däl bu, basa-baslyk — diýip, golaýda çilimini goýan
ýazyjy dostum burnuna salyp hüňürdeýär. — Tutuş ýurt, giden
millet basa-baslyga düşdi. Sähel güýji ökde özünden ejizi aýak
astyna saljak, ezjek, talajak. . . ”
“Sen çilimiňi goýmaly däl ekeniň. Azarlap, milleti, hökümeti
günäleýäň — diýip, men ony haýalçyratjak bolýaryn. — Bazar
milletiň medeniýetiniň bir bölegi ahyryn. . . ”
“Azarlamakdan däl, aňsyzlyga, arsyzlyga çydaman aýdýan
men muny. — Çilimini goýan dostum janygyp gürleýär. — Ne-
gözel taryhy pursat geldi. Döwlet bolup, aýaga galyp gidiber-
melidik. Bolmady. Ýalançylyga ýatdyk. Göre-bile öz-özümizi
aldaýarys, öz-özümizi talaýarys. Oturan şahamyza palta salýa-
rys hem daşymyzdan akylly, dogumly görünýändirin öýdýäris. . .

5
Jygyllygyň bir gapdaly tozap ýatan gum, ýene bir gapdaly
Garagum kanaly hem Aşgabat şäheri, bir gapdaly bolsa bazar
bilen birleşip diýen ýaly oturan Çoganly obasy. Jygyllykdan
Çoganla çykylýan ýoluň ugry — “Hazarlylaryň bazary” diýlip
atlandyrylýar. Bu bazar gumak ýerde, çäge depeleriniň arasyn-
da, tozap hem sowrup duran kirşeniň içinde ýerleşýär. Onda,
esasan, Özbegistandan gelen pukara özbek aýallary söwda edýär-
ler. Olaryň harytlary arzanyň arzany, ýöne hilem pes. Aslynda,
türkmen bazaryna diňe arzan, hili pes zatlar getirilýär. Şonuň
üçinem häzirki Türkmenistan Özbegistandan, Eýrandan, Pakys-
tandan, Hytaýdan, Arabystandan getirilýän arzan harytlaryň
zibilhanasyna öwrülip barýar. . .
Başlaryna akja şlýapa geýen, gözleri gara äýnekli, boýunla-
ryndan fotoapparatdyr wideokamera asan daşary ýurtly syýahat-
çylaryň akly-garaly silkme telpekleri ýa-da altyn-kümüş çaýylan
şaý-sepleri, halyçalary bahaladyp turuzýan ýeňiljek şowhunla-
ry diýmeseň, içi adamdan myg berýän atgaýtarym meýdanda
başga hiç hili şatlyk alamaty duýlanok. Adamlaryň ýüz-gözün-
de ol öňki zamanlarda öwrenişilen nura derek agyr lapykeçlik
hem umytsyzlyk bar. Aýaly-erkegi, ýaşy-garrysy ýok, türkmen
atlynyň ýüzi-gözi gülýäninden garört bolup ýöreni has kän. Ýer
gaty, Gün gazap, güzeran bolsa agyr. . .
“Garybyň satjagy arzan, aljagy - gymmat” diýip, soňy görün-
meýän uzyn hatarlaryň arasynda aýlanyp ýören alyjy türkmen
zeýrenýär. Satyjy türkmen bolsa: “Hemme kişi satjak, alyjy ýok,
alyjy” diýip ah çekýär. Maşyn bazary, haly bazary, mata-marlyk,
geýim-gejim, garym-gatym tehnika, gap-gaç, azyk-suwluk, ma-
şynlaryň ätiýaç şaýlary, del ýurtlaryň depe tutan arzan önümleri,
mal bazary — bary garym-gatym.

6
“Adam bary gara heläk-aýt — diýip, goýun satýan gumly ak
çägäniň ýüzüne nasyny tüýkürýär. — “Goýny gyz-gelne bere-
ňokmy?” - diýip soraýanam bar-ow indi. - ”Şeýtseň-ä hemme
getiren goýnuňam alyp galaly” — diýýärler.” “Aý, onyň täzelik
däl-le, guma, çopanlaryň goşuna “prokata berýäs” diýip, gaýtar-
ma eltip ýörenlerine-de birki ýyl bold-a - diýip, başga bir goýun
satýan onuň sözüni bölýär. - Diýmäýin diýsem, hudaý saklasyn,
tirýek bilen geroine sürüsini berip ýören çopanlaram bar.”
“Garabek bilen Sakaryň aralygynda bir bazar bar, “Dünýä
bazary” diýip. Gyz-gelin söwdasyny görjek bolsaň, şoňa baryp
görmeli!” diýip, ütük garry bilimseklik satýar. “Garabekde nä
işiň-aý?— diýip, ýene biri sokulýar.—Aşgabadyň ortarasynda,
Orus bazarda duruber bar-da. Bir gapdalyň “Grant Otel Türk-
menistan”, bir gapdalyň “Florida” hem “Ystanbul” restoranlary,
oň arkasynda tomusky restoran, öňki “Türkmenistan” myhman-
hanasy, “Watan” kinoteatryndaky diskoteke zaly - arzanjak gyz-
-gelniň süri-süri bolup ýören ýeri ahyryn. Sakara gidip oň üçin,
“Dünýä bazary” bärde, aýagyň aşagynda bar. Baryp durubilseň
bolýa, üstüňe gelip, bahalaryny aýdyp durlar özem. . . ”
“Öten ýyl Balakalaň bazarynda garpyz satdym welin, aýal
balagyndan ýadadym men-ä. . . — diýip, gürrüňçilige ýene biri
bat berýär.- Agşam garpyz saklap ýatansyň welin, azyndan iki-ü-
çüsi aýalynyň bukja balagyny alyp geler. “Alaý-da, agam, arzan
berjek. Täzeje, petini elle-de göräý ynanmasaň” diýip ýalbaryp
durandyrlar. Dünýäni gerreçi aldy-laý. . . ” “Agşamara şäherde
kireý edip ýörkäm, peri ýaly bir gelin mündi maşynyma - diýip,
ýene biri gürrüňe goşulýar.-“Elli dollar ber-de, näm etseň edäý”
diýip otyr-ow. “Elli dollary näm etjek?” diýsem, “Gurbanlykda
geýer ýaly täze köýneklik alynjak” diýýär-ow. . . ”

7
“Gurbanlykdan dokuz aý soň garnyny gujaklap gelýän kö-
pelýä diýýä bir roddomçy welin, şoň aýdýany çyn-ow onda. . . ”
diýip, başga biri beterini tapýar.

* * *

Togsan bäşinji ýylyň aýagynda, on ikinji iýul protest demons-


trasiýasy sebäpli sud edilemde, Jepbarow diýilýän hünni gara
sudýa menden: “Sen bularyň arasyna nädip düşüp ýörsüň?”
diýip, geň galyp sorady.
Men oňa özümiň iliň derdinden-hasratyndan aýry bolup bil-
mändigimi düşündirjek boldum, ýöne ol meniň bu sözlerimi
durmuş hakykaty däl-de, kitap hakykaty hökmünde, ýylgyryp
diňledi. Dogrusy, sowet döwründe bilim alan hem biraz ýokar-
rak dyrmaşan türkmenleriň bir toparyna bu hili sözler bilen täsir
edip bolmajagyny, olaryň kitapda, habar serişdelerinde ýazylýan,
aýdylýan dogry ýa-da durmuş tejribesinden gelip çykýan sözle-
re öz hakyky manysynda düşünmejegini bilmän duramokdym.
Elbetde, bu ýerde propagandanyň, il-güni büräp hem dolap alan
uly ýalanyň hem “bitiren işi” az bolmaly däl. 70 ýyl gowrak süren
sowet ýalanyndan soň adamlar nämä ynanyp, näme ynanmaja-
gyny hem biler ýaly bolmady. Megerem şu sebäpden Jepbarow
meniň näme üçin “başizm” bilen bile däldigime hem “garama-
ýak” milletiň içindeligime düşünip bilenokdy. Bu oň üçin akyl
ýetirip bolmajak geň-taňlykdy, düşünip bolmajak aksiomady. Se-
bäbi ol antihalk režimde ýokary suduň başlygynyň orunbasary
diýen “örän düşewüntli” wezipäni eýeleýärdi we şol wezipesi-
ni ýitirmezlik üçin ähli bikanun tabşyrygy bitirmäge taýyndy.

8
Bu taýynlyk ony halk diýilýän gara günliniň durmuşyna dü-
şünmekden hem ýüregi awamakdan bireýýäm daşlaşdyrypdy.
Eger şeýle bolmasa, onuň “örän düşewüntli” ýerini “hä” diýmän
elinden aljak bolup nobata duranlar näçe diýseň ýetikdi. Ýöne,
munuň tersine, hatda şol sütem, zorluk sistemasynda, sowatly
we sowatsyz adamlaryň barha we barha kän puly, zady, at-dere-
jäni hem wezipäni hudaý edinýän zamanynda hem maňa dogry
düşünýänler, goldaw, kömek beresi gelýänler, azam bolsa, bardy.
Kärdeşim Muhammet Myratly bu hili kanun gullukçylaryny “ha-
lal süýt emenler” ýa-da “il-ýurt üçin birazajyk jany agyrýanlar”
diýip atlandyrardy. MHK-nyň bu hili işgärleri, ikiçäk mahallary,
türmäniň daşynda biz barada edilýän gürrüňleri, daşary ýurt ha-
bar serişdelerinde ýazylýan zatlary hem syzdyrardylar. Olaryň
biri meni hasam haýran galdyrdy. Bu waka meniň tussaglykda
oturan ikinji aýymda bolupdy.
Türmäniň daşynda ýa-da intelligensiýanyň arasynda “Ýow-
şana garşy delil tapylanokmyş, listowkalary Muhammet Myratly
boýun alýarmyş” diýen gürrüň ýaýrapdy. Şol günleriň biri me-
ni sülçi çagyrdy (ýagşylyga ýamanlyk etmezlik üçin men onuň
adyny, atasynyň adyny aýtmakdan saklanýaryn).
“Marydan Çarymyrat Täçmyradow” diýip bir ýazyjyny tana-
ýaňmy?” diýip, ol menden aladaly sorady.
“Hawa, tanaýan” diýdim.
“Araňyz nähilidi?”
“Erbet däl, näme?” diýip, men gürrüňiň näme hakda barýan-
dygyny anyklamaga howlukdym.
“Ol sen hakda maglumat bermäge gelipdir.”
“O nähili maglumat?” Men bu gürrüňe çyndan geň galdym.
“Häzir görersiň.”

9
Sülçi goňşy kabinete çykyp, Çarymyrady yzyna tirkäp geldi.
Ýaşy uly bolansoňmy, ýa-da başga-da näme etjegimi bilmänmi,
men oňa salam berdim. Sülçi oňa meniň garşymdaky oturgyjy
görkezdi hem biraz öň aýdan zatlaryny gaýtalamagyny sorady.
Edil beýle ýüzleşdirme bolar öýtmedik bolarly, Çarymyrat ilki
biraz aljyrady. Ýöne indi, aýagy bilen gelensoň, yza çekilere ýer
ýokdy.
“Men Dom peçatyň ýanynda Krasnyý krestiň ýanyndaky aý-
ratyn zehinli çagalar mekdebine, oglumyň ýanyna gitmek üçin
taksi tutjak bolup durkam, Ýowşan meni ak žigulisine mündir-
di. . . ” diýip, ol ýüzüni sallap, gürrüňe başlady. Sülçi hat ýazýan
maşynkada onuň aýdýan zatlaryny gylyny gaçyrman kagyza ge-
çirýärdi. “Hawa, soň näme boldy?” diýip, sülçi sorady. “Ýowşan
menden “Maryda halkyň ýagdaýy nähili?” diýip sorady. Men
“Hemme zat gowy” diýip jogap berdim.”
“Onsoň, soň näme boldy?” diýip, sülçi maşynkanyň şytdyl-
dysynyň arasyny kesip sorady.
“Ýowşan “Biz hökümete garşy çykyş, gozgalaň taýýarlaýas,
muny Marydakylar hem goldarmy, sen näme kömek edip biljek,
näçe adam çykaryp biljek?” diýip sorady.”
“Sen näme jogap berdiň onsoň?”
“Men bu hili zatlara goşulmaýanymy aýtdym.”
“Bolanymy, bar aýtjagyň şumy? Ýaňy köpräk gürrüň etdiň-
mikäň diýipdim.”
Çarymyrat sülçüniň bu soragyna ysgynsyz baş atyp, “başga
aýtjak zadym ýok” diýen manyda jogap berdi. Sülçi onuň beren
görkezmesiniň ýazgysyny maşynkadan çykardy-da, çalasyn göz
gezdirdi hem Çarymyradyň öz öňünde goýdy.
“Oka-da, goluňy çek onda.”

10
Çarymyrat Täçmyrat beren görkezmesine gol çekdi. Sülçi
ony alyp, öňünde goýdy we maşynka täze kagyz saldy.
“Hawa, Ýowşan, indi sen aýt, bu aýdylýanlar dogrymy?”
“Ýok, dogry däl.”
“Siz Çarymyrady şol diýýän ýerinde, metbugat öýüniň ýa-
nynda maşynyňyza mündürdiňizmi?”
“Hawa, mündürdim. Bu alty aý çemesi mundan öň bolupdy.
Ýagyşlyrak gündi. Men ters ugra barýardym. Taksi tutjak bo-
lup duranyny gördüm-de, dost oglan, kösenip durmasyn diýip
yzyma öwrüldim hem ony barjak ýerine düşürip gaýtdym. O
mahal demonstrasiýa hakynda hiç hili gürrüň ýokdy.”
“Araňyzda nähili gürrüň boldy?”
“Çarymyrat meni görüp begendi hem salam-helikden soň
näme üçin meniň zatlarymyň metbugatda çap edilmeýändigini
sorady. “Bir adamy beýdip sebäpsiz-zatsyz gadagan edäýmek
bolarmy?” diýip käýindi hem Maryda halkyň hökümetiň syýa-
satyndan gaty nägiledigini, tolkunyp durandygyny, sähel bir
uçgun bolsa, gury däri ýaly, partlajakdygyny aýtdy.”
“Ýok, bu ýalan, men beý diýmedim” diýip, Çarymyrat hopu-
gyp, zöwwe ýerinden galdy.
“Otur, sen gepläňde Ýowşan sessiz diňledi ahyryn, näme beý-
le otly köýnek geýiberdiň?” diýip, sülçi oňa azgyryldy. Soňam
maňa “dowam et” diýen manyda baş atdy.
“Gurban Oraz çala bir zat aýdany yzarlap ýör, parahorluk
gülläp ösýär, bu gidişine biz nirä bararys? Ýurt dargamasa ýag-
şy. . . ” diýip, zehinli çagalar mekdebine ýetýänçäk maňa gezek
bermän gürledi” diýip, men Çarymyradyň boýnuma oklan “otly
taganyny” öz üstüne okladym. Sülçi meniň aýdanlarymy ýazyp

11
bolup, maňa hem görkezmäme gol çekdirdi we Çarmyradyň
ýüzüne soragly seretdi.
“Ýok, bu ýalan! — diýip, Çarymyrat agyr ýüküň astynda
galan ýaly haşlady. — Hemme zat meniň aýdyşym ýaly boldy,
meniň bulara goşulan ýerim ýok.”
“Ýowşan soň siziň öýüňize baryp, “şol eden gürrüňimiz nä-
hili boldy?” diýip soradymy?”
“Ýok, ol meniň öýümiň nirededigini hem bilenok.”
“Ýowşan saňa telefon edip, “hany, şol Marydan adamlary
demonstrasiýa çykarmak maslahatymyz nähili boldy?” diýip
soradymy?”
“Ýok, beýle zat bolanok.”
“Belki, hat ýazandyr?”
“Ýok, hatam ýazanok.”
Sülçi bu sorag-jogabyň ýazgysyna hem gol çekdirdi. Soň
maňa tarap öwrüldi.
“Ýowşan, sen Çarymyrady haçandan bäri tanaýaň, bu tanyş-
lyk nähili başlandy we siz nähili gatnaşykda bolduňyz? Araňyz-
da duşmançylyk —beýleki boldumy?”
“Men Çarymyrat bilen “Edebiýat we sungat” gazetinde işle-
ýärkäm tanyşdym. Ol redaksiýa kiçijik satiriki hekaýalar ibererdi.
Şolary redaktirläp, çap ederdim. Soň bir gezek özi Aşgabada
geldi.”
“Araňyzda oňuşmazlyk, söz azaşmasy boldumy?” Sülçi me-
niň sözümi böldi.
“Ýok, bolanok. Gaýta men onuň “Sowet edebiýaty” žurna-
lynda çap edilen “Sen beri ýaşa, dogan” powestini redaktirläp
berdim. Has dogrusy, men ol eseri täzeden ýazdym. Sebäbi
eseriň ideýasy, gürrüň berýän zady gowudy-da, beýan ediş, dil

12
çeperçiligi pesdi. Onsoň men ony öz başardygymdan kämilleş-
diren boldum. Soň bu eser žurnalyň ýyllyk baýragyna mynasyp
boldy. Çarymyrat muňa gaty begendi we meniň ýagşylygymy
hiç wagt unutmajagyny aýtdy. Men ol “dürs adam, ýagşylygy
bilýän oglan” diýen pikirdedim.”
Sülçi meniň bu sözlerimi hem ýazyp, maňa öz sözlerimiň aşa-
gyna gol çekdirdi. Çarymyrat bir zatlar aýtjak bolup gobsundy,
ýöne sülçiniň bir zat diýerinden çekinip saklandy.
“Belki-de Ýowşan siziň üstüňize adam iberendir?” diýip, sül-
çi onuň howuny basyp gürledi.
“Ýok, adamam iberenok” diýip, Çarymyrat ysgynsyz geple-
di.
“Onda näme üçin geldiň? Tur, gapdaldaky kabinetde garaş”
diýip, sülçi oňa azgyrylyp gürledi. Çarymyrat turup, diýlenini et-
di. Sülçi ýerinden turup, gapyny içinden ýapdy-da, “Alada etme,
bular işiňe goşulmaz” diýip, biraz öň gol çekdiren kagyzlaryny
mynçgalap, hapa bedresine zyňdy.
Türmeden çykamsoň Çarymyrady bu “işe” başga bir “pi-
kirdeşimiň” —şahyr hem dramaturg Gylyçmyrat Kakabaewiň
itekländigini eşitdim, Gylyçmyrat oňa bu “hyzmaty” üçin prezi-
dentiň metbugat gullugynyň baýragyny berdiripdir.
“Ýüpüniň üstünde odun goýara, bil baglara adam galma-
dy indi - diýip, maňa bu habary getiren kärdeşim zeýrendi. —
Dost diýeniň duşmanyň etmejek ýamanlygyny edýär-ow. . . Iň
ýamany, il üçin, hakykat üçin başyňy etegiňe salsaň, şoňa-da
dogry düşünýän ýok. “Beh, daşary ýurt Ýowşana ala-böle kän
pul berýämikä-raý? Beýlekiler-ä gönendirmedi. Ýusup Hydyr
dagy eden işiniň hakyny alyp bilmän taşlady şol habarçylygy”
diýýärler.

13
Türmede Muhammet Nazarow iş, wezipe, at-dereje gürrüňini
eden bolsa, daşyna çykamsoň hem bu gürrüňleriň yzy kesilmedi.
Bir kärdeşim gelip, “Saňa indi haýsam bolsa bir daşary ýurt
baýragyny bermekleri mümkin, şuňňaly-da soňundan hökman
bir baýrajyk berýärler” diýdi. Bu gepi diňläp oturan Çary kakam
pert-pert gürledi: “O zatlara ynanmaň, baýrak diýilýän syýasy
oýundyr, baýragy hemişe diýen ýaly bir syýasy matlap bilen
berýändirler, hakyky bermeli adamlara berýän däldirler.” Ýöne
biraz soň, ikiçäk galamyzda Çary kakam gazetleriň birinde baş
redaktor bolup işleýän tanşyny öz üstüne ilçimi, töwellaçymy
edip iberendiklerini aýtdy.
“Ýowşan ýurduň birinji nomerli ýazyjysy bolup bilýär, näme
diýseler “bolýa” diýsin, diňe münjek “Mersedesi” bilen otur-
jak kürsüsiniň pikirini etsin, hemme kişi şeýdýä bumat” diýip,
özelenip, owkanyp, gitmän otyr. “Bolýa, aýdyp göreýin, soň
habarlaşarys” diýip, zordan ugratdym. . . ”
Agamyň bu gürrüňine ýylgyrdym.
“Hä, näme ýylgyrdyň?”
“Bir sebäbi bolmasa, guýruk munda neýlesin?” diýerdiň-ä?”
Agam arkama kakdy: “Seňki dogry, bulaň hemmesi duzak
bolup biler. . . ”
Biraz soň bu gürrüňi, başgarak äheňde, daşary ýurtdan ge-
len myhman hem gaýtalady. Ol meniň bir kärdeşimiň aýalydy.
Dogrusy, bu kärdeşim bilen meniň aňyrdan gelýän pikirdeşligim
ýokdy. Ýöne ol men ilkinji gezek türmä düşemde, yzymda ýü-
regi awan hem maňa kömek etjek bolan intellektuallaryň biridi,
meniň göreşimiň manysyna düşünýän, ýazýan zatlarymy golda-
ýan ýalydy. Ýöne soň bu goldaw barada meniň göwnümde iňkis
hem döremän durmandy. Praga gitjek bolup ýören günlerim

14
ol maňa jaň edip, ýurtdan çykmazymdan öň “inisini” hökman
görmegimi haýyş etdi. Onuň “inim” diýýäni hem bir kärdeşim-
di. Bu ýerde meni geň galdyran zat onuň “inisiniň” öýünde
aýdan sözlerimiň MHK-nyň polkownigi Annamyrat Garajaewe
aýan bolmagydy. Annamyrat Garajaew menden onuň “inisini”
haçan görendigimi sorapdy hem oňa “gidip barýan” diýenimi
ýatladypdy. Türmeden çykyp, “aganyň” “inisinden” “meniň
bu sözlerimi kimdir birine aýdan-a dälsiň Annamyrat Garajaew
bilip otyr-la?” diýip soradym. Ol bu gepi hiç kimiň ýanynda
etmändigini aýtdy. Soň ol başga biriniň ýanynda “Biz-ä oň üçin
kellämize etegimze saldyk, Ýowşanam bize müňkür bolýar” di-
ýip, gürrüň edipdir. Bu gürrüňi eşidip, “biriniň nähak göwnüne
degipdirin öýdýän” diýip, gaty gynandym. Ýöne Annamyrat
Garajaewiň “men gidip barýan” diýen sözlerimi nädip sözme-
-söz bilip bilşi welin meniň üçin tapmaça bolup galdy. Indem
“ininiň” “agasy” “Ýowşany hökman gör” diýip, aýalyny öýüme
iberýärdi. Onuň sargydyna görä, men indi öýde hiç zat ýazman
oturmalymyşym we olar, ýagny kärdeşlerim maňa aýda birki ýüz
dollar berjekmiş. Şeýle-de myhman maňa indi daşaryk çykjak
bolmazlygy tabşyrýardy, ol ýerde hem gowulygyň ýokdugyny,
özleriniň hem bahym yzlaryna gelmekçidiklerini aýdýardy.
Bu gürrüň meniň içimde soňky sapagynda aslyşyp duran bir
zatlary gyran, üzen ýaly etdi. Türmede, öz ilimiň, öz garaşsyz
ýurdumyň resmileri “Diski boýun alarsyň ýa-da ölüm hüjresinde
çüýrärsiň, şulaň birinden başga çykalgaň ýok” diýenlerinde bol-
şy ýaly, ýüregim erbet sançdy hem agyrydan gözlerim ýaşaryp
gitdi.
“Bu näme boldugy? Men haçan kimdir biriniň sadakasyna
ýaşadym? Maňa “ýaz, göreş, radioň puly halal, saýlap alan

15
ýoluň hak” diýýän adamam indi “ýazma, otur, dym” diýýär
hem sadaka, sarkyndy hödürleýär-le. . . ”
Men bir zatlar diýjek bolup agzymy açdym, ýöne birden mh-
kçylar, sorag mahalyndaky janykmalarym ýadyma düşdi. Men
bir zat diýýärdim, olar başga zat aýdýardylar. Sebäbi biz baş-
ga-başga dünýäleriň adamlarydyk. Dilimiz bir bolsa-da, biz ol
dilde düşünişip, aňlaşyp biljek haldaky adamlar däldik. Men,
özümem bilmän, myhmanymyň ýüzüne soragly seretdim. Ol
hiç zat duýanokdy. Daşdan gelipdi, gürleýärdi, şoň bilen birlik-
de-de menden, meniň dünýämden gaty daşdy. Ol meniň içimde
gopýan harasady aňyp, bilip biljek däldi. Ondan muňa garaş-
maly hem däldim. Garaşmandym hem. Emma ol öýüme gelip,
akyl-maslahat berip otyrdy. Aýalyma meni köşeşdirmegiň ýolla-
ryny salgy berýärdi, öwredýärdi. Onsoň “Aganyň” Moskwada
palto aljak bolamda, “gowy gelişdi, ylaýyk, biçilip tikilen ýaly,
ýöne gaty gymmat-laý, almasana” diýip, boýnuny burşy, “ýetim
ulaldym, pulum bolsa-da sowup bilemok-da” diýip müzzerişi
göz öňüme geldi. Içimden: “bular dogrudanam meniň aladamy,
gaýgymy edýän bolmasyn?” diýdim. Onsoň şu pikire, munuň
dogrudanam şeýle bolup çykjagyna ynanasym geldi. Çünki men
şeýle ynama mätäçdim, hiç kime müňkür bolmak islemeýärdim.
Ertesi maşynly barýarkam, ýolda ýene bir pikirdeşimi, ýa-
zyjy Nargylyç Hojageldini gördüm. Ol awtobus duralgasynda
maşyna garaşyp durdy. Men maşynymy yzlygyna sürüp, onuň
gabadynda sakladym hem gygyryp salam berdim. Nargylyç aga
gözüni süzgekledip bir salym durdy we ahyry maşyna mündi.
Men onuň ýaramaýanyny eşidipdim. Ýöne ýagşy bolduňmy
diýip soramakdan saklandym. Asyl ol muňa maý hem berme-
di. “Bäş günlük ömürde özüň üçinem ýaşamaly, inim, özüň

16
üçin ýaşa, janyňy gynama” diýip, maslahat bermäge başlady.
Dogrusy, meniň ýüregimde bu adamyň hormaty uludy. Men
onuň ýazyjylygyna hem hormat goýardym, portretine ştrihler
ýazyp, “Türkmenistan” gazetinde çap etdiripdim. Terjimeçi An-
naly Berdä bagyşlan hekaýasyny bolsa aýratyn gowy görüpdim.
Ol hekaýada, gurakçylyk ýyly, arkasy ýere degmez bir pälwan
hassa gelenejesine tamdyr çörek iýdirmek üçin Eýrana gidýär
hem bugdaý orup, bir ullakan çuwal bugdaý gazanýar we şol
çuwaly arkasyna alyp, yzyna dolanýar. Hekaýada beýan edilişi-
ne görä, ol çuwal adam götererden, uzak aralyga äkiderden has
agyr. Ýöne pälwanyň ýüreginde ölüm düşeginde ýatan gelnejesi
bar, onuň öz ýüwürjisine, gelin bolup gelen öýüne eden yhlasy,
söýgüsi hem päkligi pälwana güýç berýär. Ýöne pälwan türkmen
topragyna gelip, çopan goşunda gelnejesiniň aradan çykanyny
eşidenden soň şol uzak ilden, Eýrandan göterip gelen bugdaýly
çuwaly oňa götertmeýär. . .
Men Nargylyçda öz hekaýasyndaky ýykylan gahrymany gör-
ýärdim. Ol türkmen ýazyjylarynyň soňky gurultaýynda ýazyjy-
laryň köplügi hökümet bilen dil düwşüp, söz azatlygyna garşy
durandan soň şol pälwanyň gününe düşüpdi, uzak ýyllar göterip
gelen ýazyjylyk ýüküni egne götermeden geçen, onuň aşagyna
girip bilmän, hekaýasyndaky pälwan ýaly, ýer sermeýärdi. . .
Men Nargylyjy öýüniň ýanynda düşürip, Çoganla, dost ogla-
nyň öýüne gitdim. “Nargylyç halypa-da bite gahar edip, ýorgan
otlaýar — diýip, çaý başynda dostum bilen gynanjymy paýlaş-
dym. “Owunjak ýazyjylar birleşip, tankydy pikire, söz azatlygy-
na garşy dildüwşik etdi, tankyt uly ile gerek bolmasa, maňa-da
gerek däl, öwmeli bolsa, menem söz tapýan” diýýär.
“Bu ýerde-de şol at-dereje, halk ýazyjylygy meselesi bar. Ol

17
at berlenden soň üýtgedi. Nargylyç “Prezidentiň aýdan sözi
kanun” diýip ýazar” diýseler, hiç ynanmazdym, indi ynanýan.
Ol indi uzak ýaşamaz, oň ýaly adamlar özüne ikilik edenden soň
ýykylýar, galyp bilmeýär” diýip, dostum ajy ýylgyrdy.

* * *

Terjimehaldan.
1996-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda, prezidentiň karary esasyn-
da, 20-ä golaý 12-nji iýulçy bilen türmeden boşadyldym. Sud edi-
lip ýyl kesilen 12-nji iýulçylaryň sekizisini, şol sanda Çarymyrat
Gurowy hem türmeden boşatmadylar. Şol ýylyň tomsunda 12-n-
ji iýulçylaryň “aýyplaw netijelerini” Orsýete aşyryp, yzyndan
özüm hem Moskwa gitdim we Azatlyk radiosy bilen şertnama
baglaşdym. Ilkinji makalalar tapgyrym 12-nji iýul demonstra-
siýasyna gatnaşyjylar hakynda boldy. Hamala, bu diňe maňa
gerek ýaly, men olaryň hemmesiniň türmeden boşadylmagyny
gazanjak bolýardym. . .

* * *

“Otluçöp alan-eý, otluçöp alan! Arzan otluçöp. Bir gaby ýüz


manatdan!.. Köne puluň bir köpüginden. . . ”
Alty-ýedi ýaşlaryndaky arryjak oglanyň ýürek gyýyjy zaryn
sesi, ara salym salman, bir o künçden, bir bu künçden ýaňlanyp
gidýär. Ol bir minudam aýak çekmän, yhlas bilen alyjy gözleýär.
Ýöne tapmaýar. Edil meniň sözüme hyrydar gözleýşim hem
tapmaýşym ýaly. . .

18
“Ýeri bolýar, bu ýer bazar, oglanjyk otluçöp satsyn, ýene bir
zat satsyn, işlesin hem gazansyn - diýýärin. - Sebäbi onuň ene-a-
tasy işsizdir ýa ýene bir zatdyr, çagasyny ekläp bilýän däldir, bu-
-da olara uly kömekdir” diýýärin. Emma çagalaryň diňe bazarda
däl, şäherdäki çörek dükanlarynyň agzynda bolup ýörüşleri hem
göz öňüme gelýär. Dükanyň golaýyndan geçseň, ötere-geçere
goýman, “Çörek aljakmy, daýy? Çörek alaý-da, daýy! Arzanjak.
Bir müňden berjek” diýip ylgap gelýän çagalar, oglanjyklar hem
gyzjagazlar ýadyma düşýär. Olaryň irden dükandan sekiz ýüz
manatdan çörek alyp, agşama çenli çörek satjak bolup kösenişle-
rine nebsim-janym agyrýar. Şol çörek satýan çagalaryň biriniň
ejesine ýolda duşan mugallymyň “Näme üçin pylany okuwa ge-
lenok?” diýen soragyna “Ol her gün on-on iki müň manat pul
gazanýa, şonsuz biz çöregimizem tapjak däl, okuw ýadymyza
düşenok” diýip beren jogaby indi, gör, näçinji gezek ýüregimden
parran geçýär. Edil biri garşymda durup, sary ýaýdan ok atýan
ýaly, ol oklaram gelip meniň göni ýüregime sanjylýan ýaly. . .
“Sowet hökümeti çagalara söwda etdirmäge rugsat etmez-
di. . . ” diýip hyrçyny dişleýän mugallymy we özümiň sowet hö-
kümeti ýyllarynda gowaça ýekeläp hem otap, gowaça suw tutup
hem traktor sürüp, pagta ýygyp geçiren mekdep ýyllarymy ýat-
laýaryn. Soňra ýene özüme ynjalyk bermeýän milli meselä, türk-
meniň ýykylmagyna hem galyp bilmän gelmegine dolanýaryn.
“Dünýe bazar, adam haryt, nyrhy ýok” diýip, öňem bir şahyryň
özünden sitata getirşi ýaly, öz goşgy setirlerimi gaýtalaýaryn. —
Biziň milletimizem indi iň arzan haryda, iň arzan işçi güýjüne
öwrülip galybirmi, şu günki bolup barşy-ha şoňa meňzeýär. . .
Bu nämüçin beýle boldy?— diýip oýlanýaryn. — Ýa bizde ga-
raşsyzlykdan soň yzyndan ýetip-düzedip bolmajak bolmasy iş

19
boldumy? Garaşylmadyk betbagtlyk ýüze çykyp, türkmen pahyr
tebigatyň öňünde çäresiz galdymy? Ýer ýykylyp, asman indimi,
näm boldy?”
Ýok, ýerem ýykylmady, asmanam inmedi, üznüksiz ýagyş
ýagyp, silem gelmedi, suwam joşmady. Aňyrsy görünmeýän gu-
rakçylygam bolmady, soňsuz sary tüweleýli gara ýelem turmady.
Eňkiňi agdyryp barýan keselçilikdir epidemiýa, gykylyk-galma-
galdyr gandöküşikli rewolýusiýalaram ýok. Keseden gelip biri
uruş-gyrgyn bilen basybam alanok. Ýöne bolan zat basylyp al-
nan bilen deňeçer bolmasa, pes däl. Bir türkmen aýtmyşlaýyn,
ýurdy ýurduň öz ýurtbasarlary basyp aldylar hem çem gelene,
çem gelen nyrhdan satmaga başladylar. Ol aýdýar, dogry, döwlet
diýip bir zat bar, döwletiň başynda oturanlaram bar, ýöne olar
döwlet işi bilen däl-de, “döwlet-döwlet” oýny bilenmi, “başlyk-
-başlyk” oýny bilenmi, başga bir işler, ogurlyk-jümürlikler hem
ullakan ýalançylyk bilen meşgul diýýär. Dogrusy, bu sözlere bu
gün hiç kim ýok diýip biljek däl, ýok diýenem diňe nadaralyk,
şermendelik edip gygyryp biljek, beýle däldigine hiç kimi, şol
sanda özüni, öz çagalarynam ynandyryp biljek däl. Çagalary
oňa, eger şarpyk datmajaklaryny bilseler, “Goýsan-aý, kaka, şu
patarrakydan indi özüň irmediňmi? Biz-ä indi seň şu bolup
ýörşüňden utanýas, köçä çykmaga ýaýdanýas asyl” diýjekler
(Asyl muny, köşülileriň aýtmagyna görä, Kakamyrat Ballyýe-
wiň ogly kakasy “geroin çekýäň, “Mersedesi” dargytdyň” diýip
gygyranda aýdypdyram). . .
Agyr nagyşly ýaşyl baýdak parlap dur, ertir-agşam “gimn”
diýip bir zat ýaňlanýar. “Hemme zat gülala-güllük” diýip aý-
dym aýdýandyr tans edýän, goşgy goşýandyr makala joşýan
bolsa, näçe diýseň ýetik. Emma hiç hili gülala-güllüklik ýok.

20
Tersine, erbet aljyraňňylyk, argynlyk hem aňsyzlyk bar. Uly-kiçi
ýok, hemme kişi alabasgy. Hiç kimiň ertire ynamy ýok. Döwle-
tiň çür başynda oturanlaryňam, olaryň aşak ýanyndakylaryňam,
ortarakda bir ýerlerde güýmenýänleriňem, iň aşakdakylaryňam
ertire hem birigüne ynamy ýok. Dogan dogana, ogul atasyna,
gyz ejesine ynananok. Millet eliniň ýeten ýerinden aljak, gopar-
jak, ütjek bolmagy adat edinýär. Ýalan söz endige öwrülýär. Bir
toparlary dünýäni ýortup tutjak bolýar, bir toparlary bolsa, “Aç
başym, dynç gulagym” diýip dymýar. Ýöne Ýer ýüwreniňem,
oturanyňam aşagyndan süýşüp gidip barýar. Il-ýurt, pelle-pelle
däl, edil ýapaşak gaýdan ýaly çaltlykda aşak düşýär, tot-tozana
garylýar hem ýerlere siňýär. Ony çekip-çekeläp, ýolup-ýolmalap,
ütüp hem goparyp dargydyp barýarlar. Içinden hem daşyndan
opurýarlar, ýykýarlar hem talaýarlar. Adamlar bolsa, aňkalary
aşan ýaly, sag diýip sola, sol diýibem saga ýöreýärler. Birdenem
edil gözlerine urlan ýaly kürtdürip durýarlar, oýlanjak, pikir
etjek ýaly edýärler. Emma olaryň eden pikirlerinden hiç zat çyk-
maýar. Onsoň olar ýene öňki boluşlaryna, aljyraňňylyga hem
alabasgylyga gaýdyp gelýärler. Gorkýarlar. Gorky olaryň gözle-
rini gapýar. Olar öz öňlerindäki gara gorpy görmekden mahrum
bolýarlar we çen-çak bilen ýöremelerini dowam etdirýärler.
Aýrylyp gidere ýerim ýok, menem şol garabasgy milletiň
içinde. . . Dogry, kösenýärin, ýalňyşýaryn, ýazýaryn, öňe gitjek
bolýaryn, büdreýärin. Ýykylýaryn hem ýene turup ýörejek, öňe
gitjek bolýaryn. Bir toparlary meniň ýykylanyma ýüregini tutup
gynanýar, bir toparlary geçisi ekiz owlak guzlan ýaly begenýär. . .
Men olaryň öz halyma gynanýanlaryna, diýmek, milletiň der-
dine düşünjek bolýanlaryna minnetdar bolýaryn, şowsuzlygyma
begenýänlere, türmä düşemde gül-gül açylyp, çykamda ýürek-

21
den gynanýanlara bolsa, öz milletimiň betbagtlygyna düşünmä-
ge kömek edenleri üçin minnetdar. Ýöne bu minnetdarlykdan
ne maňa, ne-de bahyl mähellä nep bar. . .

* * *

1997-nji ýylyň oktýabrynda tussag edilemde, diňe Muham-


met Nazarow, Annamyrat Garajaew, Begmyrat Otuzow, aklaw-
çym, kameradaşlarym däl, türmäniň diwarlary hem “Azatlyk”
radiosy bilen araňy kes, kes, kes. . . ” diýip gygyryp başlan ýaly
boldy.
Men Nazarow-Garajaew-Otuzow daga “Nämüçin? Men nä-
dogry zat aýdyp çykyş edýärinmi?” diýsem, “Ýok, nädogry zat
aýdaňok, ýöne seniň abraýyňdan peýdalanýarlar, arasynda seň
ýaly halk içinde sözi diňlenýän adamlaryň zatlaryny berip, gep-
leşikleriniň galan böleginde biziň üstümize hapa sowurýarlar. Si-
zem çykyş edip ýöreňizsoň, halk olaryň beýleki aýdýan zatlaram
çyndyr öýdýär. . . ” diýip, olar şol bir sözleri tekrarlaýardylar. Bu
deliller juda ýöntemdi hem filosofiýanyň sebäp kategoriýasyna
garanda bahana kategoriýasyna has ýakyndy, emma MHK-nyň
kontrrazwedka bölüminiň naçalniginiň delilleridi. Olary inkär
etmek bolsa, diňe bir gelşiksizem däl, eýsem, Türkmenistan ýaly
kanunsyz ýurtda örän howpludam. Şeýle-de bolsa, MHK-nyň
başlygy Nazarowyň kabinetinde, depderçesini açyp, tüýs türk-
mençe aýdylanda, meni öz hojaýynyna ýamanlap hem satyp
otyrka, men Annamyrat Garajaewden: “Azatlykda” başga-da
çykyş edýän kän, nämüçin ala-böle maňa jynyňyz düşdi?” diýip
soradym.

22
Ol bu soraga jogap berip bilmedi ýa-da jogap bermegi zeru-
ram hasap etmedi. Oňa derek başgalar bilenem gürleşip ýören-
diklerini, öz bölüminiň bu ugurda uly işler alyp barýandygyny,
“Azatlykda” Türkmenistanyň içinde ýaşaýanlardan hiç kimi çy-
kyş etdirjek däldiklerini gyssanyp aýtdy (Soň görüp otursam,
meniň soragym ony başlygynyň ýanynda oňaýsyz ýagdaýa salan
eken, iş etmeýän adam edip görkezen eken. Ol muny aşak, öz
kabinetine düşemizde juda nägile bolup duýdurdy).

* * *

Soňabaka çagalarym öýde gözlerini tegeläp, titreşip oturan


ýaly boldy. Olar her bir telefon jyňňyrdysyna ýa-da gapynyň
jaňyna tisginýän ýalydy. Gapynyň “gözünden” seredip, işik-
de bir nätanyş adam görseler, içerde adam bardygyny bildir-
mejek bolup, daraklyklaryna basyp ýöränlerini, telefonda bir
nätanyş ses eşitseler, kakalarydyr ejeleriniň ýüzüne gözlerini
tegeläp seredenlerini duýman galýardylar. Hamala diýrsiň, in-
di biziň öýümize diňe MHK-dan jaň ediljek ýa gelinjek ýalydy.
Hamala sen uly bir ogurlyk edip ýa-da şoňa meňzeş başga bir
iş gaýryp, haçan yzymdan ýetdirerkäm diýip garaşyp oturan
ýalydyň. . . Özüňem bilmän yzyňdan gelnerine hem “Ýör, seni
başlyklar çagyrýa” diýlerine garaşyp ýörýärdiň. Ýolda-yzda, ýa-
şaýan ýerimiň golaýynda özüme tarap ýönelen islendik adamda
mhkçylary görýärdim. Maşynly barýarkam gözüm daş-töwere-
gimdedi. Ýigrendigim bolsa, her gezek gyzyl “Jipli” gelip tussag
edensoňlar, “Jip” maşyndy (Soň aýalymam “Jip” görse, birerbet
bolýandygyny aýtdy, ýogsa men oňa bu barada hiç zat aýtman-
dym). Nazarow maňa türmeden çykamsoň hemişe gözegçilikde

23
saklanjakdygymy, kimiň ýanynda näme gürrüň etsem, ertesi
özüne mälim boljakdygyny aýdyp-aýdyp goýberipdi (Bu gözeg-
çilik juda gysga wagtyň içinde eýýäm ikinji gezek gaýtalanýardy,
meni öňki tussaglykdan soňam uzak wagtlap gözegçilikde sak-
lapdylar). Soň ol meni çagyryp, birküç hepdäniň dowamynda
kimlere jaň edendigimi aýdypdy, “Aýyň plançasyna planylaryň
plan ýerdäki jaýyna bardyň, ýanyňda-da plany bardy, näme üçin
bardyň o ýere? - diýip sorag edipdi. - Ýene “Azatlykda” çykyş
edýäň, biz saňa şol ýerde gaýdyp çykyş etme diýdik ahyryn, sen
biz bilen oýun edýäň öýdýän” diýipdi. . .

* * *

Terjimehaldan.
Ilki wagtal-wagtal Moskwa baryp, ýazyjylaryň Peredelkino-
daky döredijilik öýünde ýazan zatlarymy Praga iberip lakam
bilen işlän bolsam, soň bu işi açyk etmek kararyna geldim. Se-
bäbi meniň edýän işim iru-giç bilinjekdi, has dogrusy, başlan
günüm bilnen bolmagam mümkindi. Onsoň, nähilem bolsa açyk
işlesem, bu meniň üçin diňe howp däl, eýsem belli bir derejede
gorag hem bolar diýen akyla geldim. Aşgabatda Daşary ykdysa-
dyýet bankynda hasap açdyrdym we galam hakymy şol ýerden
almaga başladym. Ýöne bu açyklyk meniň işimi ýeňilleşdirmedi.
Tersine, MHK hem üstüme has köp dyzamany çykardy. Dost-
-ýarlar, garyndaşlarym hem, “bolmasa bes edäýsene, bir belaň
üstünden eltäýmesinler” diýip, ýalbaryp başladylar. Emma men
“Azatlykda” çykyş etmekden el çekip bilmeýärdim. 93-nji ýyldan
bäri gadagan bolanymdanam bolsa bilmedim, ýazan zadym ile
ýetse, çaga ýaly begenýärdim. Hamala, şeýdip il-günüň derdini

24
ýeňledýän ýalydym. Dert bolsa, ýeňlärden agyrdy hem ötüşip-
di. Edil ady ýaman kesel ýaly basmarlap, basyp barýardy. Men
onsoň şeýle ýagdaýda Taňrynyň beren görmek hem düşünmek
üşügini, aýtmak hem düşündirmek zehinini bogup taşlamagy,
özümi özümde öldürmegi hiç akylyma sygdyryp bilmeýärdim.
Bu barada pikir eden günüm dünýäm daralýardy, öýüm dowza-
ha öwrülýärdi. Edil enem-atama hem çagalaryma, ilime-günüme
ikilik eden ýaly bolýardym we özümi ýigrenýärdim. Goşgym
çyksa, ýürek derdimi bir ýerlerde aýdyp-eşitdirip bilsem bolsa,
boýum uzap, göwnüm joşýardy.
MHK-nyň başlygy meni şol joşgundan mahrum etjek bol-
ýardy. “Çörek puly tapamok” diýip gelen bolsaň, bir alajyny
ederdik, emma gelmediň, indi “Azatlykda” çykyş etseň gaty gör-
me” diýýärdi. Men bolsam onuň hiç wagt düşünip bilmejek,
aň ýetirmejek zatlaryny, özümiň ýazyjydygymy, hökman ýazan
zatlarymy ile ýetirmelidigimi düşündirjek bolýardym. “Sen bu
zatlara düşünmersiň, sebäbi bu zatlara düşünmek üçin azajyk
adam ysyň bolmaly, eliňi öz halkyň ganyna boýamak dagy iň ýek
görýän zadyň bolmaly, halkyň açlykdan hem ruhunyň gedaý-
laşdyrylmagyndan gyrylýandygyny görüp hem duýup bilmeli”
diýip aýdyp bilemokdym. Gaýta gorkan, çekinen hem gypjynan
bolmaly bolýardym. Ýumşagrak gürleşmäge, ýagdaý boldugyn-
dan ylalaşyklyrak bolmaga çalyşýardym. “Iň gowy zat oňşuk,
ylalaşyk, iň ajap zat distansiýa, aralygy saklamak” diýip, bir ýer-
lerde okan pikirimi içimden gaýtalamaga mejbur bolýardym. Ol
bolsa, general-leýtenantdy, ruhy gyrgynda öz halkynyň däl-de,
ony şol gyrgyna sezewar edýän hökümdarlaryň tarapyndady.
Şonuň üçinem “Getir bärik-de, zatlaňňy Annamyrat Garajaň eli-
ne ber. Sereder, redaktirlär. Biz bärde çykarmaga kömek ede-

25
ris” diýip arkaýyn aýdyp bilýärdi (A. Garajaew bolsa, öz boýun
almagyna görä, ne türkmen dilini kemally bilýärdi, ne-de rus
dilini). Men bolsam, ol-a hiç bir dili kämil bilmeýän adamyň
el degirmegi eken, asla öz zadymyň kimdir birleri tarapyndan
“owadanlanmagyna”, MHK-da hem Döwlet syrlaryny goraýan
edarada redaktirlenmegine, kesilip-biçilmegine, gaýçylanmagy-
na ýa-da suwjuk serdarçylyk bilen “bezelmegine” bütin zandym
bilen garşydym. Bu zatlardan gazetde hem žurnalda, galyberse
köşgüň özünde işlämde-de bizar bolupdym. Awtordan bidin hiç
sözüň üýtgedilmezligini talap edýärdim. Galyberse, Başydan
ygtyýarsyz bir setirimiň hem çap edilmejegini, onuň bolsa beýle
zada diňe özi öwlüp bir zat ýazylsa ýol berjegini aýnada gören
ýalydym. . .
Şeýlelikde, MHK-nyň başlygyna ýetiren goşgularym çap edil-
medi, ol başgarak goşgularyň gelerine garaşýardy, şoň ýaly-da
olaryň meni işe ýerleşdirip köşeşdirmek ýa-da jylawlamak bara-
daky plan-niýetleri hem paşmady (Nazarow maňa, hamala bu
işleri zat, wezipe üçin edýän ýaly, “biraz garaş, işiňem bolar, ady-
ňam, zatlaryň hem çap ediler, ýöne islenýän, talap edilýän zady
ýaz, başga pikirleri häzirlikçe bir gyra goý” diýipdi). Bu men
barada has ýowuz bir çäräniň görülmeginiň ähtimaldygyny aň-
ladýardy. Sebäbi men boýun egmedik duşman hasaplanýardym,
boýun egmedik duşman bolsa, güýjüň ýetse, ýok edilmelidi.
Olaryň elinde hut şol güýç bardy. . .

* * *

Aşgabatda, bir şäherde ýaşap hem görüşmeýän bir kärde-


şim 1996-njy ýylda Moskwanyň eteginde, ýazyjylaryň döredijilik

26
öýünde boýnumdan gujaklap: “Ol diňe seni türmä basmady,
biziň hemmämizi basdy. Ýöne biz gowşaklyk etdik, seň arkaňy
tutup bilmedik, diýmek öz mertebämizi hem gorap bilmedik”
diýdi. Ol diňe bir kärdeş hem däldi, pikirdeşdi hem. Men şonda
ol ýazyja hiç zat diýmändim. Olaryň dost-pikirdeş diýilýänleri-
niň bir topary tutulamda arkamy tutmag-a däl, çykyp gelemsoň
“gözaýdyňa” hem ýaramaýardylar. Berzeňňiniň ýokarsyndaky
ýazyjylar daçasynda goňşy bolan “şahyr” ýeňsesini tüňňerdip,
syrty bilen gürleşýärdi. Ikinji gezek tutulamda bolsa, Garajae-
wiň heşelle kakyp aýtmagyna görä, galamdaşlarymyň biri “Şony
şu gezek bir sypdyrmaň, öňki gezegem nähak boşatdyňyz” di-
ýip MHK-a jaň edýärdi. Muňa ynanmazlyk edip biljek däldim.
Garaşmaýan adamlaryň aýagyňdan MHK-a hat ýazyp ýörenini
bileňsoň, dost däl ýa-da duşman ýazyjylaryň bu hili jaňlary geň
däldi. Çykyp gelemsoň, ýazyjylaryň arasynda “Baýram Jütdi-
ýew hem biz bilendi” diýip, şonam türmä basdyrsaň bolmadymy,
bolmanda bir ýallakçy azalsa-da, türkmen halkyna uly kömek et-
digiň bordy” diýip, meniň elim bilen öz kärdeşine temmi bermek
islänler hem bolupdy. Parahat mikroraýonynda, öýümiň ýanyn-
da tötänden öňümden çykan bir ýazyjy bolsa hasam gülkünç
ýagdaýa düşdi. Ol meni görüp, näme edýänini bilmän, aljyrap,
hatda ýanyndaky aýalynam taşlap, başga bir tarapa tutdurdy.
Näme bolýanyna düşünmedik aýaly onuň yzyndan: “Gyýw, sen
nirä barýaň, bärden gitmel-ä biz” diýip gygyrdy. Emma ol bu
gykylygy eşitmedik bolup, daşlaşyp gitdi. Eger aýaly meni ta-
naýan bolsa, äriniň näme üçin gaçandygyny biljekdi, emma ol
meni tananokdy.
Ýöne “Beterinden beteri bar” diýleni. Akyl berýänleri hem
takal okaýanlary görseň, gaçalaklaýanlar ýa görmedik bolýanlar

27
dagy ýüzüňe sylaýmalydy. Çem geleniň akyl ýa öwüt bermäge
çalyşmagy, nähili ýaşamalydygyny hem göreşmelidigini öwret-
mäge başlamagy meni ilki diňe bir gynandyrman, biraz geňem
galdyrypdy. Pete-pet gelip, gaçmaga ýagdaýy bolmadyk çala
tanşu-nätanyş adamlar, tötänden gürrüňdeş bolnan, toýda-ýasda
gabatlaşylan ildeşler bolsa, öňden tirkeşip ýörenlerden beter: “Bu
millet üçin jan çekip ýalňyşmagyn, muzduň gara gylyç bor muňa
jan çekseň! Göreňokmy, hemme zada çydap otyr-a! Geregidir
muňa” diýip, edil dilleşen ýaly, şol bir sözleri gaýtalaýardylar.
Bir şahyr bu pikiri özboluşlyrak, obrazlyrak aýtdy: “Il däldir
bi, görip hem gedem mähellejikdir” diýdi. Başga bir artist bolsa,
“Bi millet ogryny dogrudan kän gowy görýär-ä. Nirede bir iliň
iki çignini gemrip ýören wezipeli ogra “döwletli ogul” diýýär-
-ä” diýip jan ýandyrdy. Žurnalist tanyşlarymyň biri meselä din
nukdaý nazaryndan çemeleşdi: “Haram tapsa, halala gitmez bi
jemende. . . ” diýip baş ýaýkady. Görüp otursaň, milletiň wekil-
leriniň milletden içi otdy, ary koýen ýaly diýilýändi asyl. Olar
öz milletleri hakynda geplänlerinde, birhili, antipatiýa, sulhy
almazlyk, ýaňsy hem ýigrenç bilen gepleýärdiler. Milletiň şunça
kemsidilse-de, depelense-de baş galdyrmaýanlygyndan, aç-ýala-
ňaçlyga hem hak-hukuksyzlyga kaýyllygyndan zeýrenýärdiler.
“Garagy aksyn-la, milletiň özi ýaşamak islemese, kim oňa da-
şyndan gelip kömek edip biler? Hiç kim kömek edip bilmez.
Näsagyňam özi gutulmak islemese, ne däri-dermandan, ne-de
wraçdan delalat bolýar” diýýärdiler. Käbirleri çaga-da düşnükli
ýönekeýje zatlary düşündirjek bolup jan çekýärdiler, başgalary
gepletmän gepleýärdiler, hemme aýdan zatlaryna “hä” berdirjek
bolup ýapyşýardylar, “hä” beräýýänçäňem ýakaňy goýberme-
ýärdiler. Olaryň bolşy, äheňleri, gürrüňleri “Beh, bularyň bary

28
bu ile, bu millete dahylsyz ýaly-la, bu zatlaryň ählisi diňe maňa
gerek ýaly-la?” diýdirýärdi. Şu dahylsyzlyklary bilenem olar
meni öňem bir düýe ýitireniň gününe salyp barýardylar.
Aýtmaklaryna görä, öňem biri düýesini ýitirip, “pylan hili
tagmaly düýe görmediňizmi?” diýip sorag-ideg edip, ýitigini
gözläp ýörenmiş. Her duşanam muňa “düýäňi berkräk duşak-
lamaly ekeniň-dä”, “duşagyny geçiň çöpürinden eden bolsaň
üzüp bilmezdi, çopana dagy tabşyrmaly ekeniň-dä”, “wagtly-
-wagtynda aýlanyp, gözden salmasaň bolmyýamy”. . . diýen ýaly
müň bir maslahat berýämiş. Menem şol düýe ýitireniňki ýaly,
soňabaka, öýüne çagyryp ýa öýüme gelip akyl berýänlerden, ýol-
da tötänden duşup ýaşamagy öwredýänlerden, “bu-da şol düýe
ýitirene berlen akyly berer-ow” diýip, maýyny tapsam gaçyp
ugradym. Şoň bilen birlikde, dogan-garyndaşlaryň juda ýakyn-
laryndan özgesiniň gaçalaklap ugramagy, käbir geläýmeli, gör-
näýmeli tanyşlaryň görünmezligi, käbirleriniň bolsa, ýolda-yzda
tötänden gabat gelende-de “gözüň aýdyň” diýip bilmezlikleri
isleseň-islemeseň-de pikir etdirýärdi. . .

29
* * *

Ýatlama.
1996-njy ýylda türmeden çykamda bir ýazan bolýan tanşym
ýolda duşup: “Araky garma-gürmeligiň içinde senem barmy-
dyň?” diýip, zatdan bihabarsyran boldy (ýogsa onuň tutulan
günüm Aşgabatdaky Metbugat öýüniň kabinetlerine aýlanyp,
bu täsin habary hemmeler bilen paýlaşmaga howluganyny he-
niz türmede otyrkam eşidipdim). Ýöne şonda-da, sypaýyçylyk
edip, oňa “ýok, kän garma-gürmelikde bolguç däldirin” diýdim.
Ol bolsa ýene: “Dogryňy aýt-how, şo garma-gürmelikde bolan
bolsaň, “göz aýdyň!” diýjek” diýdi. Oňa ýene “Dogrym, garma-
-gürmelikde bolamok, diňe aýyl-saýyl ýerlere barýan” diýdim.
“Tutuldy-gapyldy” diýdiler-ä onda?” diýip, tanşym ýene aslyşyp
galdy. Men bolsam, “Ýalandyr, hemme aýdylýan zada ynanyp
ýörmezler” diýdim hem onuň göni gelip, “Gözüň aýdyň-ow,
pylany, geçdigi bolsun” diýip bilmeýşine geň galdym. “Bu dog-
rudanam kyn zatmyka?” diýip, öz-özümden soradym. Soň onuň
bu hereketini başga-da birnäçe adam gaýtalady, bilmedik-eşitme-
dik bolup, özümi gepletjek boldy. Emma menem, ant içen ýaly,
“ýok-la, ýalandyr-la, hemme aýdylan zada ynanyp ýörmezler, bi
milletde gürrüň gytmy” diýdim.
Ýöne ýazyjylaryň içinde, seýregem bolsa, originalraklary hem
bar. Olaryň biri maňa bazarda duşup: “Nähil-aý, erbet boldu-
my?” diýdi. “Erbet boldy” diýdim. “Beh, türkmen oglanlar
beýtmeli däl-ä, men-ä gaty geň galýan şulara” diýip, onuň meni
ýanyndan goýberesi gelmedi. “Men-ä geň galamok” diýdim.
Türmede otyrkam bir ýazyjynyň bile okan bir žurnalistiniň
ýanyna baryp, “KGB-niň podwalynda Muhammet bilen Ýowşa-

30
nyň nemesini atagzy bilen towlaýamyşlar” diýip gynanan bolup
gürrüň edenini, o tanyş oglanyň bolsa, “Aý, towlasynlar-da. Biraz
agyrýandyr diýmeseň, çagalar-a bar indi. Agyra-da çydarlar-da”
diýip jogap berenini hem eşidipdim. . .
Berzeňňiniň ýokarsynda ýazyjylaryň mellek ýerinde-daçalyk-
da ýagyş ýaganda, “Menem äkit” diýip, ylgap gelip maşynyma
münen ýazyjylara hasam haýran galypdym. Olaryň bolşuny
görseň, men-ä düýn-öňňin türmeden çykyp gelen däldim, ola-
ram meni alty aýlap görmedik hem “näme gep-gürrüň barka,
bu zatlaryň soňy nähili gutararka?” diýip iki ýana alakjan adam
däldiler. Maňa bolsa, olaryň käbiriniň Arçman kurortynda dynç
alyp ýatan ýerinden “Ol indi çykmaz, çüýrär şo ýerde” diýip
daş obalardan gelen adamlaryň ýanynda welilik satyşlaryny, toý
ýerinde dagam “Indi eden işine ökünip aglaýa, ýöne giç, barybir
çykmaz” diýip bada göterişlerini aýdypdylar. Ýok, aýtjak-şu-
gullajak bolup däl, meniň türmede çüýrejegime şeýle heşelle
kakylyşyna geň galyp aýdypdylar: “Türmä düşeniňe begener ýa-
ly, sen pylana näme ýamanlyk etdiň-aý?” diýip sorapdylar. Soň
men käbirleriniň “ilden üýtgeşik boljak bolýa, iliň çydan ýerinde
çyda-da geziber-dä, hondanbärsiremek nämä gerek, tanalma-
ýan bolsaň käşgä” diýip hüňürdänini eşidipdim. Şol hüňürdi
bilenem olar özlerini aklajak bolýardylar.
Harun Ar-Reşit öz wezirine “özüňi aklamak günä edenden
bäş esse agyr” diýip bir gep bar, men şu gepe hiç düşünip bile-
mok, şuny düşündirsene” diýenmiş. Şonda wezir oňa bu ýag-
daýy soň bir gabady gelende düşündirmegi wada beren. Gün-
leriň bir güni patyşa irden uzyn ýatyş köýneginde daş çykyp,
alagaraňkyda gerinjiräp duran eken. Şol wagtam wezir onuň
arkasyndan gelip, duýdansyzlykda otyrýeriniň ýumrusyndan

31
penjeläp tutupdyr. Patyşa erbet ziňkildäp, allaniçiksi bolup yzy-
na gaňrylypdyr. Görse, weziri. Ol dergazap bolup, “Bu näme
etdigiň boldy?” diýip gaharly sorapdyr. Wezir aljyraňňy: “Weý,
patyşahym, bagyşlaň, aýalyňyzdyr öýdüpdirin” diýen. Patşa
muňa öňküdenem dergazap bolan. Şonda wezir: “Ine, ilki günä
iş edip, soň özüňi aklamagyň günä edenden bäş esse erbetliginiň
mysaly şü” diýen.

* * *

Öňem bir halk eserini çykarypmy ýa çykarjak bolup ýok gün-


lere düşen edebiýatçynyň aýaly ýogalanda hiç kimiň gelmeýşi,
muny gören goňşy ýaşulynyň gahardan hem gynançdan beýni-
sine gan inişi hem ýanaşyk iki howludan bir günde iki tabydyň
çykyşy barada eşiden gürrüňim ýadyma düşýär. “Halk diýlen,
millet diýlen şeýle ejizmikä, çäresizmikä?” diýip oýlanýaryn.
Soňundanam, “Ejiz bolmasa, şu günlere düşüljekmidi?” diýip,
öz-özüme jogap berýärin.
MHK-nyň gyzyl “Jipli” jellatlaryndan az gorkmaýardym. Se-
bäbi olar hem olaryň hojaýynlary dargadylan ýurtdaky ähli be-
la-beterleri biz ýaly “diline bek dällerden” görýärdiler we şol
bela-beterlerden dynmak diýip bizden, ýagny erkin pikirli adam-
lardan dynmaklyga düşünýärdiler ýa-da şeýle düşünen bolýar-
dylar. Şeýle düşünen bolmak olara öz hökmürowanlyklaryny
hem rahat durmuşlaryny saklamak üçin gerekdi. Aýaklarynyň
astyndan süýşüp barýan çägäni duruzmak üçin möhümdi. Olar
gum böwediň sil saklamaýandygy barada ýa-ha pikir edenok-
dylar, ýa-da pikir etmekden gorkýardylar. Şol gorky bilenem
biziň bokurdagymyza ýapyşýardylar. Olaryň elleri gark bolan

32
adamyň elleri ýaly güýçlüdi, ýanlaryna barany, gollaryna düşeni
demligine ýapyşyp, bogup-gark edip barýardy. . .
“Döwlet işinde işleýän adamlar intellektual taýdan beýle pese
düşer diýip oýlanmandyryn. . . — Bu pikirimi bir gezek çilimini
goýan ýazyjy dostumyň ýanynda daşyma çykardym. — Sowet
döwrem uly bir dereje boljak indi.”
“Entek näme görýäň!.. “Ruçka” sözüni dogry aýdyp bilme-
ýän adam prezidentiň orunbasary bolýar. — Ýazyjy dostum
gyzyp gürledi. — Barha-da çüprär, ownar gider otyr. . . Bu gidişi-
ne oturan wezipesiniň ululygyna seredip, adamlaryň intellektini
kesgitläbermeli bolar. Ýagny wezipesi uly boldugyça intellekti,
aň-üşügi çäklidir. Intellekti gowy bolsa, uly işden, jogapkärli
wezipeden daş saklarlar, häkimiýetiň golaýyndan getirmezler.
Sebäbi her kim özünden bisowady, özüne garaşlyny hem lepbeý
diýjegi işe çekýär. Iş bilýänden gorkýarlar. . . ”
“Beýdip gidip bolarmyka?”
“Gidip bolar. . . Aňsyz halkdyr-da, duran ýeriňde ýöräp, “öňe
barýarys” diýseň, el çarpar oturarlar-da. . . Ýokarkylar ýokar-
rakdan ogurlyk eder, ortadakylar ortalykdan urar, aşakdakylar
aşaklykdan çiler, gider oturar. . . ” Ýazyjy dostum elindäki gala-
myny iki bölüp aýtdy. Men:
“Galamy bir döwmesene, türmede indi galamam tapylanok”
diýdim.
“Türmäni goý, galam oň daşynda hem tapylanok. Bilmän dö-
wüpdirin. Agşam gyzjagazymyň päpkesinden alypdym. Görse
aglar” diýip, çilimini goýan dostum başyny ahmyrly ýaýkady.

33
* * *

“Otluçöp alan-eý, arzanjak otluçöp!..”


Bazarçy oglanjygyň zaryn sesi gulagymda ýaňlanyp gidýär!
O ses indi meniň gulagymda bazara barsam-barmasam, hemişe
ýaňlanyp dur. Öz derdimi ýatlasam, otluçöpli oglanyň derdi, ot-
luçöpli oglanyň derdini ýatlasam, öz başymyň gowgasy ýadyma
düşýär. Çöl-beýewanlara çykaýyn ýa ýurt aşyp gaçaýyn, tapa-
wudy ýok, nirä barsam yzymdan kowup ýetýär hem “Otluçöp
alan-eý, arzan otluçöp!” diýip zarynlaýar. Jübülerimi dörenimi
hem onuň ähli otluçöplerini satyn almaga hyýal edenimi duý-
man galýaryn. O sesdäki tükeniksiz yhlas maňa kän zatlary —
öz sözümi aýtjak bolup gören görgülerimi hem tükeniksiz bagyr
azaplarymy ýatladýar. “Ol oglanjyk meniň özüm bolaýmaýyn,
men indi möwritimi ötürip, gury gabyga öwrülip, “azap-alla!”
diýip dörän ruhum şol oglanjyga geçip ýören bolmasyn birden?”
diýip oýlanýaryn. Kimdir biri maňa ol oglanjygyň ýygy-ýygy-
dan urlup-ýenjilýändigini, şeýdibem otluçöp satypjyk gazanan
puljagazyny elinden aldyrýandygyny, aç galýandygyny, onuň ka-
kasynyň tirýekli tutulyp, ölüm hüjresinde oturandygyny gürrüň
berýär. Soň o kişi “Otluçöp satyp, kakasyny atuwdan alyp galar
ýaly pul jemlejek bolýar o çaga” diýip, gulagyma pyşyrdaýar. . .

34
* * *

Ýatlama.
— Soragdan gaty giç geldiň, daň agaryp gitdi. Bir zat boldu-
myka diýip, alada edip ýatyp bilmedim — diýip, kameradaşym,
bir eşek ýüki tirýek bilen tutulan nohurly telekeçi pyşyrdaýar.
— Gelmez öýtdüňmi?
— Aý, bilip bolýamy näme boljagyny bu taýda. Seň ýeriň-
de bolsam, özüm-ä bir minudam ýaýdanjak däl, näme diýseler
etjek. . .
— Seň näme diýseler etjegiňi bilýän, ýöne meniň ýagdaýym
başgarak. . .
— Başga diýmesene, başga bolsa, oturan ýerimiz näme üçin
bir?
Men näme diýjegimi bilmän dymýaryn. Kameradaşym ba-
tyrlanýar.
— On-onki ýaşly ogullam bar diýýäň, hezil-ä seňki. Çilim
satdyr. Çykamyzsoň, meň özüm getirip bereýin. Çykma-da otur
onsoň öýüňde. Erkek bolup köçä çykar ýaly bolmady, sen tankyt
ýazýaň. . . Aklyň nirede? Düşün ahyryn, öý hojalykçy aýallar
düşündi muňa, olar ärlerini öýde, sallançagyň başynda oturdyp,
eklenç gözlegine çykdylar-a. . . Heý, türkmeniň etjek zadymydy
öň şu?
Men ýene dymýaryn. Sebäbi aýdylýan zat hakykat, üstüne
goşma ýa çişirme ýok.
— Düýn Allakulyýew diýen sülçi sen hakda sorady. Men
“eden işine gaty ökünýä” diýdim welin, ýüzi ýagtylyp gitdi. Sen
“ökünýän, indi gaýtalaman” diý-de ant iç, çyk-da gaç onsoň —
diýip, kameradaşym pyşyrdysyny dowam etdirdi.

35
— Nirä gaçaýyn, meň ýurtdan gaçar ýaly eden günäm ýa-da
hapalygym ýok ahyryn — diýip, men bu gürrüňiň nireden gelýä-
nini, ýagny prowakasiýamy ýa-da ýürekden aýdylan sözdügini
anyklajak bolýaryn.
— Şu taýdan gaç diýýän men, ýurtdan gaç diýemok — diýip,
kameradaşym özüni aklaýan ýaly gürleýär. — Gaçaýyn diýse-
ňem, ýurtdan çykarmazlar seni, yzyň adamly bolar. Aladaňy
gaty edýärler seň. . .
— Dünýäni gapyşdyrmasana. . .
— Dünýäni gapyşdyrjak bolup aýdamok. Bulara seniň subut
edibilen zadyň bolmaz. Urup-ýenjip başlasalar nätjek? Aç-suw-
syz saklasalar nätjek? Sowuk kamerada keselläp öljekmi? Elle-
rinden her zat gelýär bulaň. Naharyňa ýa çaýyňa bir zat goşup,
däli-saňsar edip taşlasalar nätjek? Ýa-da şu ýerde, topugyňdan
bolmajak adamlara gözüňi garaltjak, “suw beräýiň, çörek berä-
ýiň, tualete çykaraýyň” diýip, ýalbarjak oturjakmy? Muň içinde
oturyp däl, çykyp göreşmeli. . .
“Munyň dogry, ýöne nädip çykmaly? “Diý” diýenlerini di-
ýeniň bilen çykarjaklarmy? Çykaňsoň gaçyp gutulyp boljakmy,
şu belli däl-dä” diýip, men tirýek bilen tutulan kameradaşymyň
ýüzüne seredip içimi gepledýärin.
— Ýataly, gardaş, onsuzam beýnimiň içi gorjalan ary ketek
ýaly, “dost maslahaty” diýlip berlen akyldan ýaňa myg berýär. . .

Ýatsagam ýatdyk, ýöne beýnimiň içindäki “arylardan” dynyp


bilmedim.

“Sen prezidenti ýamanlap kitap ýazýarmyşyň-a?”


“Ýok, bu menden işini-ornuny gabanan biriniň ýaýradan
gepi. . . ”

36
“Kim ol?”
“Prezidentiň ýanynda bile işledim-laý, adyny tutasym gele-
nok. . . ”
“Häh doganny. . . ” General Nazarow hapa sögünýär. “Bir
elimize düşmezmikä şo haramzada. . . ”
Ullakan eşek arysy uçup giden ýaly, gulagyma bir ýerlerden
batly wyzzyldy gelýär. Soňundan ol wyzzyldynyň ýerine başga,
inçejik wyzzyldy gelýär:
“Sende prezidentiň ene-atasy hakda arhiw materiallary bar-
myş-a?” Bu Annamyrat Garajaewiň sesi.
“Men arhiwiň gapysyndan barmasam näme? Onsoňam ol
maňa nämä gerek?”
“Mönsürän bolma, sen arhiw materialyny näme etmelidigini
bilmeýän ýazyjy däl. . . ”
“Men taryhy zat ýazamok, iki sany halypa ýazyjy “sen taryha
geç, ýogsa bu gidişde hökümet bilen çaknyşarsyň” diýende-de
diňlemedim.”
“Biz bu zatlaryň hemmesini berk barlarys. Ýöne seň özüň
hem derňewe kömek bermeli. . . ”
Ýene uly eşek arysynyň wyzzyldysy gelýär:
“Sen ýaşulyň diýenini et, oň saňa kabinetinde eden sargydy
ýadyňdadyr-a, tankydy goýup, türkmene abraý getirjek kitap
ýazmak barada. . . Şonda şu aýdýan sözleriň ýürekdendigini
subut edersiň. . . ”

* * *

— Näme, galan ömrüňi smertnikleň kamerasynda geçirjek-


mi? — MHK-nyň derňew bölüminiň müdiri Begmyrat Otuzow it

37
ýylgyryşyny edýär. — Seni lagere-beýlekä-de ibermezler, şu taý-
da saklarlar. Şu akyl-huşuň bilen Hoşaly Garaň, Muhammetguly
Aýmyradyň gününe düşjekmi?
— Iwan Borisowiç Lýalin “akylly adam türmä düşmeýär”
diýerdi. . .
— Dogry aýdypdyr, ýöne has akylly adamlar türmä düşse-de,
sag-aman çykmagy başarýar — diýip, Otuzow ýene özüniňkide
durýar.
Iwan meniň öňki tussaglykdaky kameradaşymdy, ol gelene
“ilki gury çörek iý, başga zat iýme hem özüňi hajathana çyka-
rylýan wagta sagat düzen ýaly düzmäni öwren” diýerdi. Soň
ondan “bu zatlary maňa nämüçin öwretmediň?” diýip sorap-
dym. Şonda ol “sebäbi oňa zerurlyk ýokdy, sen onsuzam aç
otyrdyň” diýdi. “Emma beýlekiler muny edenoklar, “perada-
çi”-azyk gelse, ençeme günüň açlygyny bir günde üzülişäýjek
bolýarlar. Onsoň içleri geçip başlaýar. Türme gözegçileri bol-
sa, her näçe ýalbaraý, öz çykarýan wagtlary bolmasa, hajathana
çykarmazlar. Onsoň hol çüňkdäki bedrä çökmelisiň, kamerany
porsadyp. Bir gezek biri, “duz iýýän ýerimde meýdan etjek däl”
diýip, bedrä oturmajak bolup, balagyna goýberdi. Onsoň ony,
porsusy karidora ýaýransoň, hajathana çykardylar hem bolup
barşyna hezil edip güldiler. Men şondan bäri türme gözegçisi
diýilýänleri itden beter ýigrenýän. Ýöne soň men başga biri bilen
oturdym, ol şuňňalyda pakete meýdan ederdi-de, onam göze-
nekden daşaryk, hol garawulyň gezip ýören ýerine dazyrdadyp
zyňardy. . . Ýöne ony äkidip, erbet urdular. . . ”
Soň Iwanyň gürrüň beren zatlarynyň edil şonuň ýaly bolma-
sa-da, başgarak görnüşde, ýöne şol bir mazmunda gaýtalanyşyny
öz gözüm bilen gördüm. . .

38
* * *

— Sen ynandyr, biz seni şu taýdan çykaryp goýbersek, ertir


ýüzümizi gara etmejegiňe, gep getirmejegiňe arkaýyn et, döwleti-
miziň üstünden gum sowrup ýörenlere goşulmajagyňy subut et
— diýip, general-leýtenant Nazarow aýdýar. Men içimden “siziň
ýüzüňiz öň gara ahyryn” diýýärin. Daşymdan bolsa, “Men sizi
nädip ynandyraýyn, siz maňa barybir ynanmarsyňyz” diýýärin.
Emma olaryň duşman gözleýändigini, kimdir birinden duşman
ýasaslarynyň gelýändigini, ýöne ýurdy içinden gemirýän korrup-
sionerlerden başga, başga pikiri bogýanlardan başga duşmanyň
ýokdugyny, MHK-dyr IIM-niň, prokurorlardyr sudlaryň bolsa
şol duşmanlaryň goragynda durýandyklaryny aýtmakdan sak-
lanýaryn.
— Sen dagy, Ýowşan, “mähriban prezidentim” diýip ýazyp
ýörmel-ä — diýip, ikinji bir general, saman dykylan ganar ýaly
togalanan içeri işler ministri Kasymow gürrüňe başlaýar. — Gel,
açyk gürrüň edeli, men ministr däl, senem tussag däl. Elimizi ýü-
regimiziň üstünde goýup aýdaly, Sapar Ataewiç ýaly bolup biljek
başga bir türkmen ýok ahyryn, bul adam ägirt adam ahyryn. . .
Men onuň sözüni bölýärin:
— Wah, juda “mähriban” diýip yrlyp ýatmasamam, ýazjag-a
boldum-la. Ýöne (“halys ýere ýazylmasaň” diýen sözi aýtmak-
dan saklanýaryn) çap etdirmek gara görgi bold-a! Her kim öz
ýazyşy ýaly ýazmaly bor-da! “Ýok, goldamaýan bolsaň gidiber”
diýdiler. Suwjardyp öwmeseň, ýalan-ýaşryk ýazmasaň, ýapa
gelmeýän sözleri tapmasaň, türkmen döwletliligini goldamady-
gyňmyş. . . 1993-nji ýyldan bärem gadagan. Onsoň halys bolar
ýaly bolmansoň. . .

39
— Sen entegem toba gelmänsiň öýdýän, nirede oturanyňy
bir bilýäňmi? — diýip, Nazarow meniň sözümi bölýär. — Sen
häzir uçut gaýaň üstünde dursuň, itsek gidýäň. Onsoň o ýerden
gelermiň ýa gelmezmiň. . .
“Açyk gürrüň edeli” diýeniň-ä bolmady” diýen manyda Ka-
symowyň ýüzüne seredýärin. Ol gürrüňini öňki hörpünde, ýöne
indi meniň aladamy edýän äheňde, daşary ýurda gidip kösen-
mezligimi isleýän kişisiräp dowam etdirýär:
— Näme, daşary ýurda gidip, il-günden yrakda entäp ýören-
leň güni gowudyr öýdýäňmi?..
— Olaň güni gowudyr ýa erbetdir diýjek däl, sebäbi o ýerde
bolup göremok. Ýöne meni “ýurtdan gidip barýa” diýip saklan
bolsaňyz ýalňyşypsyňyz. Bir aýdan yzyma dolanmalydym. Gaý-
dyşyna biledimem alyngydy. Asla meniň ýurtdan gitme niýetim
ýok, şu taýda ýaşajak bolamsoň çydap otyryn, ýogsa bireýýäm
ýüz ýerden çykyp gidip bilerdim. Bilmezdiňizem, duýmazdy-
ňyzam. Näçe gezek gidip-geldim-ä öňem, heý, bilýämidiňiz? —
diýýärin. — Bir topar dogan-garyndaş, dost-ýarym bar-a, men
olary taşlap nirä gideýin? Onsoňam gitmek-gelmek her kimiň
öz islegine bagly ahyryn, adamy zor bilen saklap bolmaz-a!
— Bütin il dogany ahyryn ýazyjylaň — diýip, baş prokuror
Gurbanbibi Atajanowa öz gezegini alýar. — O daşyndakylar
näme diýip ýazsa ýazsynlar, esasy siz ýazmaly däl. Içinde oturyp
ýazsaňyz, döwletiň arkasyndan pyçak uran ýaly bolýar. Şu taýyň
duzuny iýip otyrsyňyz-a! Size ozalam prezident näçe eglişik
etdi, ýazyjy-şahyrlary sylama kemi galanok. Indiden soň beýdip
ýörmäňiz hiç akyla sygjak zat däl. Ýa zol-zol günäňiz geçiler
durar öýdýäňizmi? Ol-a bolmaz. . .
— Bäş gektar ýer alyp, şony işläňde-de eklejek ahyryn bir

40
adamy — diýip, hamala, ýer alanlara gül ekdiren ýaly, Kasymow
ýene gürrüňe goşulýar.
— Maňa bäş gektar ýer bermezler. Siz ýeriň satylýanyny
ýa-da kimlere berilýänini gowy bilýäňiz-ä — diýip, men ony
ýene bökdeýärin.
— Hany, belli bir netijä geleliň! — diýip, Nazarow çydamsyz-
lyk bilen myşylaýar. — Sen prezidentiň talabyny gowy bilýäň,
eden günäňi ak ýürekden boýun almaly hem çynyň bilen toba
etmeli. . .
MHK-nyň başlygynyň belli netijä gelmek baradaky pikiri
meniň olaryň taýýarlan kagyzlaryna gol çekmegime syrykýar.
Gepiň küle ýeri, men olaryň sumkama atan disketini özümiňki
diýip boýun almalydym, ýagny iki tarapyň ozal “parahatçylyk-
da düşünişmezligi” esasynda emele gelen “çatak ýagdaýdan”
çykmaga öz tarapymdan möhüm ädim ätmelidim, “Araçäk bilen
bagly harby maglumatlary öz öýümiň poçta ýaşiginden tapdym,
“Birleşen oppozisiýa” diýilýäniň ýüzlenmesi bolsa faks boýunça
geldi, soň olary kompýuteriň disketine geçirip, Pragada radio
üçin gepleşik taýýarlamda žurnalist kärdeşlerim bilen masla-
hatlaşmak üçin ýanyma aldym, hiç hili jenaýatçylykly maksat
tutmadym” diýip görkezme bermelidim. Bu görkezmäni olar
ilkinji tussag edilen günümden diýen ýaly taýyn edip goýupdy-
lar.
“Sen şu zatlara gol çekeniňden soň, biz seni ýene on ýylda-
nam türmä basyp bilýäris, özüňi alyp barşyňa gaty seretjekdiris”
diýip, çagalar bagyndaky terbiýeçileriň palasa buşugan çaga
käýeşi ýaly, “üçlük” maňa haýbat atýardy.
Men olara içimden “On ýyldan siziň özüňizi türmä basaý-
masalar” diýýärdim. General Nazarow “Eger men sözümde

41
dursam, hökümetiň sözünde durjakdygyny, ýagny men degme-
sem, özleriniň maňa degmejegini” aýdýardy. Edil çagalykdaky
ýaly-da diýip, içimi gepledýärdim. Onsoň olar MHK-nyň baş-
lygynyň kabinetinden, meniň ýanymda ýokaryk, agalaryna jaň
edýärdiler. Onsoň “üçlük”, olaryň telefondaky hudaýy, men —
ýaraşyk şertnamasyny baglaşýarys. Bu şertnama esasynda men
talap edilýän toba-ökünçnama ýazgysyny öz elim bilen göçürip
ýazmaly hem-de oňa gol çekmeli, soňra ony wideokameranyň
öňünde okamaly. MHK muny iki tarapyň hem emele gelen ýag-
daýdan ýitgisiz çykmagy üçin zerurlyk diýip düşündirýärdi. . .

* * *

Nazarowyň kabinetinden çykyp, Otuzowyň öňüne düşüp


barýarkam men oňa “Siz sözüňizde durup bilmersiňiz, maňa
degersiňiz, ýagny meni okalmaýan gazetleriňizde garalajak bo-
larsyňyz” diýdim.
“Ýok, ony etmeris, ýaşulular söz berdiler ahyryn” diýip, Otu-
zow meni ynjaltjak boldy.
Ýöne olar maňa beren sözlerinde durup bilmediler, türmeden
çykaryma mähetdel rus hem türkmen dillerinde “Kesbiň gep-
-gybat bolsa” atly makala çap edildi. Makalanyň aşagyna Gul-
durdyýew diýen ýok žurnalist gol çekipdir. Şahyr aýtmyşlaýyn,
Guldurdyýew däl-de, Güldürdiýew bolup çykan “žurnalistiň”
eli bilen meni etmedik günämde günäläp, adyma gara sürtmäge
çalyşdylar, “şyltakçy” diýip masgara etjek boldular. Emma nähili
gybat edendigimi, kime nähili töhmet atandygymy aýtmadylar
(Dogrusy, olar muny aýdybam biljek däldi, sebäbi aýdara zatlary

42
ýokdy. Ýöne meni geň galdyran bu däl-de, eýsem, toply-topha-
naly döwlet bolup, bir Ýowşany paş eder ýaly öz hakyky adyny
görkezip çykyş etjek ýazarman tapylmanlygy. Lakam bilen ýaz-
maga tapanlaram, poçerkinden çen tutuşyma görä, bir zaman
bile işlän şahyrçam, familiýasynyň hem adynyň ikinji bölegini
birleşdirip lakam ýasanan redaktorsumak bolupdyr). Netijede,
şeýdenleri bir tarapdan gowy boldy, menem olara “Dymaýyn,
hökümeti tankytlap hiç zat ýazmaýyn” diýip beren sözümden
boşadym.

* * *

Yzaçekilme.
Praga ugramazymdan birnäçe gün öň düýş gördüm.
Düýşümde Praga çebiş öldürip äkitjek bolýarmykam diý-
ýärin. Daşardan çebişiň gykylygy-wägirip mäleýäni eşidilýär.
Çyksam, çebiş janawary damagyny çalman, diriligine soýup dur-
lar. Çebiş çaga ýaly çyrlaýar hem gyzyl jižžik halyna (sebäbi
eýýäm onuň derisini sypyryp bolupdyrlar), durşuna göz bolup
meniň ýüzüme seredýär. Onuň gözleri edil adamyň gözi ýalydy.
“Bu näme üçin beýdýäňiz ahyryn? Beýle-de bir zat bolarmy?”
diýip soraýana çalym edýärdi. . . Bu düýş maňa ýaramandy.
“Bolsa-da, maňa bir elhençilig-ä garaşýar öýdýän. “Et — emgek”
diýipdirler, hernä emgek bolubam geçsin-dä” diýýän. . .
1997-nji ýylyň 30-njy oktýabrynyň ir säheridi. Men Azatlyk
hem Azat Ýewropa radiostansiýalarynyň guraýan bir aýlyk žur-
nalistik seminaryna gatnaşmak üçin Aşgabatdan Moskwa, Mosk-
wadan bolsa Praga uçmalydym. Şol niýet bilenem Aşgabadyň

43
halkara aeroportuna barypdym. Ýöne meni Moskwa-da, Praga-
-da goýbermediler. Tersine, hamala diýersiň, uly bir jenaýatkär
tutýan ýaly, il-ýurdy aýylganç bir bela-beterden, howp-hatardan
goraýan ýaly, türkmen hem orus, erkek hem aýal gatyşykly, has
anyklaşdyryp aýdylanda bolsa, diňe “heleýlerden” ybarat bir ot-
rýad üstüme çozdy (Bu sözi ulanýanlygym üçin ötünç soraýaryn.
Bir türkmeniň kepil geçmegine görä, “heleýler” hemme milletiň
içinde barmyş, ol aýal bilen erkegiň arasynda bir ýerlerde dörän
jyns bolup, soňky döwürde erkekleriň arasynda has känelenmiş.
Muny o türkmen gysgaça şeýle düşündirýär: “Trudno ustoýat,
kogda krugom wse pokupaetsýa i prodaetsýa”). Soň aeroport-
da işleýän oglanlaryň gurrüň bermegine görä, şol gün olaryň
iş ýerinde mhkçylardan ýaňa aýak basara ýer bolmandyr. Men
tutulyp, alnyp gaýdylypdyrynam, olar aeroportdan ýer ýuwdan
ýaly bolupdyrlar.
Men ol aldajylardan hak hem hakykat baradaky oglan arzuw-
larym, kanun hem kanunçylyk, çyn hem adalat baradaky sadaja
pikirlerim bilen goranjak boldum. Emma olar ähli babatda öz
täze jynslaryna laýyk hereket etdiler. . .
Hawa, men S.N. adyndaky halkara aeroportuna geldim hem
goşlarymy gümrük barlagyna berdim. Goşlarymy barladylar, hiç
hili şübheli zat tapmadylar hem biletleriň registrasiýa edilýän
ýerine goýberdiler. Men baryp, biletimi registrasiýa etdirdim
hem goşumy bagaža tabşyrman, öz ýanym bilen alyp ugradym.
Şondan soň meniň yzymdan Guwanç Allamyradow atly güm-
rükçi kowup ýetdi hem sumkamy ýene bir gezek görmelidigini
aýtdy (Gümrükçiniň adyny soň bildim, ol öz işdeş ýoldaşlarynyň
arasynda meniň sumkamdan çatylyp ýygşyrylan ýerinden disket
tapyşyny öwnüp gürrüň berýärmiş). Men oňa sumkamy açyp

44
görkezdim. Ol goşlarymy birlaý dörüp çykdy. Edil şol mütdet-
de-de goşlarymyň üstünde goýlan nätanyş zada gözüm düşdi.
Ol ikimi-üç eplenen ak kagyzyň arasyndaky zatdy. Gümrükçi
ony eline alyp, açyp gördi. Men öz boýnuma atyljak kompýuter
diskine geň galyp seretdim. Gümrükçi diskde näme bardygyny
sorady. Men özümiň hiç hili diskimiň bolmaly däldigini, eger
bu disk maňa öz öýümden düşen bolsa, onda boş disk bolma-
lydygyny, sebäbi öýde hiç hili tekst ýazylan diskiň ýokdugyny
aýtdym.
Gümrükçi diski barlamalydygyny, sebäbi onda ummasyz kän
informasiýa äkidip boljakdygyny aýtdy. Men arkaýyn bolamsoň,
“näçe isleseňiz barlaň, ýöne çaltrak barlaň, uçardan gijä galdyr-
maň” diýdim. Onsoň daşym gümrükçiden doldy we olar maňa
ýol görkezip, öňe düşmegimi haýyş etdiler.
Uzyn koridoryň içinden gelýärkäk bir gümrükçi ýolagçyla-
ryň biriniň ýanyndan geroine meňzeş ak zat çykandygyny aýdyp,
meni alyp barýanlaryň ýolbaşçysyndan goşmaça kömekçi sorady.
Men olaryň depesinden basylan ýaly sary myžžygynyň ýolbaşçy-
dygyny çen etdim. Ol özünden adam sorana azgyryldy, “mende
artyk adam ýok, görýäň-ä, bärde geroinden möhüm işler bar-a
— diýdi. Soňam yzyna gaňrylyp: — Kömekçisiz oňuň, aşakdan
birini alyň bolmasa-da” diýip gygyrdy.
Dogrusy, men bu gepe ilki haýran galdym. Özümiň geroin
geçirijilerden hem howply jenaýatçydygyma ynanasym gelmedi.
Ýöne bu diýseň-diýmeseň şeýledi. Türkmeniň gadymy ýurdy
soňky alty-ýedi ýylda tirýegiň hem geroiniň mesgenine öwrü-
lipdi. Emma hökümet bu bela-beter üçin gatybir oda düşüp
baranokdy. Diňe ownuk neşe gatnadyjylary tutup-gapan bolup
oňýardy. Gazetlerde ýa telewideniýede neşekeşlik hakynda çy-

45
kyş etjek diýseň bolsa halamaýardy. Asyl muny etdirenokdy.
Hamala, žurnalistlerdir ýazyjylar çykyş edip, neşäniň zyýany
hakynda aýdyberseler, tirýek çekýän azalyp, neşe söwdegärle-
riniň müşderisi kemeler diýip alada edýän ýaly, diňe ýüzleýje
zatlar bilen çäklenenini kem görmeýärdi.
Onsoň meni gapysynyň agzy “KNB” diýlip belgilenen giň
otaga eltdiler hem kompýuter boýunça hünärli adama garaşma-
lydygyny aýtdylar (Şol kompýuterçi gelýänçä-de uçmaly samol-
ýotym uçup gitdi). Gümrükçileriň başlygy hökmünde hereket
edýän sary myžžyk ýanyna göteren telefonynda üznüksiz bir ýer-
lerik telefon edýärdi hem özüne Garajaewiň tapylyp berilmegini
talap edýärdi. Ol birhili aljyraňňy hem gyssanmaç görünýärdi,
kän ýanymda durmaýardy we aýrylyp daşa hem gitmeýärdi. Zol-
-zol işgärlerine bir zatlar buýurýardy. Bili sapançaly, ýaragynyň
üstünden goýberen tyrryk penjegini gyssanmaç düzedişdirýän
bu adam mende ýakymsyz duýgulary oýardy. Onuň nähilidir
bir şumluk bilen meşguldygyny aňjak boldum hem “tanamaýan
adamyňa müňkürlik etmek gowy däl, seň oňa eden ýamanly-
gyň ýok ahyryn” diýip, öz-özüme göwünlik berdim: “Hiç hili
gadagan zadyň ýok, barlarlar, goýbererler” diýdim. Bu pikiri-
mi sary myžžygyň özi hem tassyklady, “eger hiç zat ýok bolsa,
indiki reýs bilen uçurarys, ötünjem sorarys” diýdi. Ýöne onuň
telefonda Garajaewi gözlemegi maňa ýaramady. Sebäbi men
MHK-da bir Garajaewi tanaýardym, ol biz ýaly “ideýa taýdan
yrga” ýazyjylar bilen iş alyp barýan kontrrazwedka bölüminiň
naçalnigidi, özem ýola ugramazymdan bir hepde ozal žurna-
list Muhammet Myratlyny MHK-a çagyrypdy we ondan meniň
bilen gürleşmegi, Praga gitmezligimi maslahat bermegi haýyş
edipdi. Muhammet Myratly maňa MHK-nyň başlygy Nazarow

46
hem kontrrazwedkaçy Garajaew bilen öz arasynda bolan gürrüňi
aýdypdy.
Ahyry sary myžžyk Garajaewi tapdy hem onuň bilen gap-
dalymda duran ýerinden gürleşmäge başlady. Onuň Garajaewe
ilkinji aýdan sözi “My waşe zadaniýe wypolnili, kak dalşe deýst-
wowat?” boldy. Men onuň ýüzüne seredip ajy ýylgyrdym (Sebäbi
indi maňa hemme zat bolmasa-da, juda kän zat düşnüklidi. Iň
bolmanda, sary myžžygyň meni ötünç sorap, indiki reýs bilen
uçurmajagy düşnüklidi. Emma şeýle bir gün geler, ol hökman
ötünç sorar, diňe mendenem däl, bütin türkmen il-ulusyndan
uzur ötüner diýip umyt edýärin). Sary myžžyk bu ýylgyryşy
halamady ýa-da onuň manysyna düşündi. Onsoň ol derrew ýa-
nymdan gitmek bilen boldy. Men onuň gürrüňi dowam edip
gidip barşyna işgärlerine bir zatlar ümleýşine üns berdim. Ol
gulagyndan trubkany aýyrman koridora çykdy. Şol wagtam
kompýuter boýunça spesialist diýilýän horaşaja geýnen arryjak
orus geldi. Onuň egnindäki ýalaňgatja kurtkasy oda atsaň tütejek
däldi, balagynyň ütük epini düşýän ýeri hem dyzy süzülip gidip-
di. Oňatja geýnen mhkçylardyr gümrükçileriň arasynda ezilen
jüýje ýaly bolup oturyşyna, ol jübüsinden “Pamirini” çykarýardy
we mhkçylaryň çekip duran “Palmalyndan” çilimini otlanýardy.
Geýnüwli mhkçylardyr gümrükçiler bolsa, şu pukaraja adamyň
kompýutere erk edişine aňkarylyşyp, bu zatlary birinji gezek
görýän ýaly bolşup durdular. Horaşaja geýnüwli orus bolsa,
klawişleri basyşdyryp, diskiň faýllaryny açyşdyrýardy.
Ahyry kompýuteriň ekranynda Türkmenistanyň serhet go-
şunlary baradaky maglumatlar, “Birleşen türkmen oppozisiýasy”
diýilýäniň Türkmenistanyň halkyna ýüzlenmesiniň teksti peýda
boldy. Mhkçylardyr gümrükçiler, siňegiň hapa çozuşy ýaly, ek-

47
rana tarap çozdular. “Eý, şu günki bolýan zatlaryň hemmesini
bolşy ýaly ýazaýypdyrlar!.. Bäý-bä!..” diýşip, olar oppozisiýanyň
ýüzlenmesini okamaga başladylar.
Şundan soň maňa bar zat düşnükli boldy we men “Bu disk
meniňki däl, siziň özüňiziňki — diýdim. — Siz ony öňünden taý-
ýarlap, sumkamdan çykaran zatlaryňyzyň üstüne taşlapsyňyz.”
Muňa sarry myžžyk öläýjek boldy we MHK-nyň başlygynyň ady-
na düşündiriş ýazmagy talap etdi. Men düşündiriş ýazdym we
ilki diskiň sumkama öýden düşen bolaýmagynyň mümkindigi
barada pikir edendigimi, ýöne onuň mazmuny bilen tanşanym-
dan soň bar zada düşünendigimi, onuň asla maňa degişli zat
däldigini, sumkama mhkçylar tarapyndan atylandygyny açyk
ýazdym (MHK-da sorag mahalynda bir mhkçy pyşyrdap, “Bu
zatlaryň hemmesi biziňkileň işi” diýip, meniň bu aýdanymy
tassyk etdi).
Soň men bu operasiýa ýolbaşçylyk edýän sary myžžygy aky-
lyna aýlamaga synanyşdym. “Meni akyly ýerindäki adam hasap
edýäňizmi ýa-da däli-tentek hasap edýäňiz— diýip soradym, —
eger akyly ýerindäki adam bolsam, harby maglumatlary hem op-
pozisiýanyň ýüzlenmesini Moskwa ýa Praga näme maksat bilen
alyp gidip bilerin? Olaryň o taýda kime we näme geregi bar?”
diýip soradym. “Bu sag adamyň etjek zady däl-ä, bu hereketde
hiç hili many ýok ahyryn” diýdim. Harby maglumat diýilýänle-
riň Moskwada-da, başga ýerlerde-de bireýýämden bardygyny,
aslynda Türkmenistanyň serhedini oruslaryň gurandygyny we
goraýandygyny, bu ýerde harby syr diýer ýaly syr ýokdugyny,
oppozisiýanyň ýüzlenmesiniň bolsa Moskwada ýazylyp, Praga-
daky Azatlykdan bireýýäm ile ýetirilendigini, meniň ony ýany-
ma göterip ýörmegimiň hiç bir jähtden derkarynyň ýokdugyny,

48
öňem bir gezek bigünä türmede oturyp çykan halyma, meniň
beýle manysyz töwekgellige ýüz urmajagymyň mekdep okuwçy-
syna-da düşnüklidigini, bu töhmetçilikli prowakasiýa hiç kimiň
ynanmajakdygyny aýtdym. Ol ellerini gerdi-de, “Men bilemok”
diýen yşarat etdi hem işgärlerine hemme zady dokumentleşdir-
megi buýrup, meniň ýanymdan ýitirim boldy. Onsoň MHK-dan
sülçiler geldi, biri erkek, beýlekisi aýal. Aýalyň ses erkegiňkä
garanda rüstemräk çykýar. Men onuň adyny we familiýasyny
ýadymda saklamandyryn.
Mhkçylar meniň sumkamdan deklarasiýada görkezilmedik
diskiň çykandygy we harby syr hem-de hökümeti güýç bilen
agdarmaga çagyrýan tekst barada ketde başlyklarynyň öňünden
planlaşdyran töhmetlerini protokollaşdyrmaga girişdiler. Ae-
roportda işleýän iki sany orus aýaly şaýat hökmünde çagyryp,
“Ine, şu adamyň sumkasyndan şu disk çykdy, siz şoňa şaýatlyk
edip gol çekiň” diýdiler. Men şaýat boljak bolýanlara olaryň
diskiň meniň sumkamdan çykanyny ýa başga ýerden çykanyny
bilmeýändiklerini, şonuň üçinem gol çekenlerinde diski nirede
hem nähili ýagdaýda görendiklerini görkezmeklerini hem-de
diňe anyk bilýän zatlaryna şaýatlyk etmeklerini haýyş etdim.
“Siziň goluňyz bilen adamyň ykbaly çözülýär” diýdim. Şaýatlar
ýaýdandylar hem mhkaçylaryň ýüzüne gorkuly seretdiler.
Sülçi gelin, garagözelek türkmen maşgalasy meniň üstüme
çöwjäp başlady. “Sen näme diýjek bolýaň?” diýip süründi we
şaýatlary derrew gol çekip sypsa kaýyl bolar ýaly etdi.
Soň maňa protokoly berdiler hem gol çekmegimi talap etdi-
ler. Men protokol bilen tanyşdam hem oňa gol çekmekden ýüz
dönderdim. Mhkçylar muňa ogul jigileri bolan ýaly hezil edip
ýylgyrdylar, “Seniň gol çekeniň ýa çekmäniň hiç zady üýtgede-

49
nok, barybir seni sypdyrmarys” diýdiler. Bir awuja ýüzli mhkçy
bolsa, “Geroin bilen tutulýanlaram gol çekenok, ýöne atuw alýar-
lar” diýip ýylgyrdy. Men onuň çynyny aýdýandygyny, türkmen
kanunçylygynyň nähili agyr ýagdaýdadygyny bilýärdim. Muny
maňa aýdyp-düşündirip oturmagyň geregi ýokdy. Şonuň üçi-
nem gyssanman-darykman gürledim, bu bikanunçylygyň diňe
meniň başymdan inen otly tagan däldigini, ertir olaryň özüniň
hem başyndan inip biljekdigini, asyl munuň hökman şeýle ta-
mamlanjakdygyny aýtdym hem ir heşelle kakýaňyz diýip özümi
köşeşdirdim.
Ara düşen böwşeňlikleriň birinde sumkamdan çykan “Serpa-
ýy” elinden düşürmän oturan mhkçy ýanyma geldi. Ol pyşyrdap:
“Men Gurbannazar Ezizowyň gyzy bilen bir mekdepde okadym
— diýdi. Soňam: — Bu ýerde bir üýtgeşik jenaýat ýok, uly bir
alada galyp oturma-da, ýaşulular bilen düşünişäý, höçjetlik edip
özüňi horlama!” diýip maslahat berdi. Men gözlerimi petige
dikdim-de, oňa birki bent goşgy okap berdim. Mämmet Seýidiň
“Sesiň sesimize gelenok diýip, Gargalar bilbili hordan kowdular”
diýen setirlerini ýatlatdym.
Men aeroporta daň säherler barypdym we meniň tussag edil-
megim barada gutarnykly netijä gelinýänçä, öýlän sagat üç-dört-
lere çenli aç hem suwsuz şol ýerde saklanyldym. Soň meni MHK
alyp geldiler, hökümetiň iň uly duşmanlary hasaplanýan erkin
pikirlileriň garşysyna ulanylýan Otuzowyň kabinetine dykdylar.
Otuzow meni görüp, mes gülküsini edip güldi we “Seniň bu sis-
tema bilen näme paýlaşyp bilmeýän zadyň bar-ow?” diýen boldy.
Men ondan özüme bu gezek näçe ýyl berjeklerini soradym. Ol
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň sahypalaryny agdaryşdyr-
dy-da, “Bäş ýylam berip bilýäs, on bäş ýylam, gaty gitse atuwam

50
berip bilýäs, ýöne men bäş ýyl bererler diýip pikir edýän” diý-
di. Men oňa bu prowokasiýanyň geçmejekdigini düşündirjek
boldum. “Beýle zatlar kime bähbitli, sizemi, hökümetemi?” di-
ýip soradym. Ol egnini ýygyrdy we “özüň düşünýäň-ä” diýen
manyda gülen boldy.
Men öýüm dökülende özümiň gatnaşdyrylmagymy haýyş
etdim, öňki gezek tutulamda öýden käbir zatlaryň “ýitendigini”
aýtdym.
Otuzow muňa kömek edip bilerin diýdi hem-de sülçi Çärjew
Sähetmyradow diýilýäni çagyrdy. Onsoň meni şol öňki tutulam-
daky gyzyl “Jipe”, MHK-nyň sülçüleriniň arasyna mündürdiler
we öýümi dökmäge äkitdiler.
Men özüm sebäpli dagdy bolan çagalarymyň ýüzüne görün-
mäge utanýardym, emma olar bu zatlaryň men sebäpli däl-de,
“ýokardaky” sebäpli bolýandygyna gaty gowy düşünýärdiler.
Aýalym görgüliniň öý dökülýärkä meni ugradyp irkilen badyna
düýş görendigini, düýşünde jaýymyzyň daşyndan ullakan bir
zadyň oklanandygyny we daşardaky dalbara dikilen turbalary
çym-pytrak edendigini, özüniň “bir zad-a zyňdylar bize tarap,
ýöne jaýymyz ýykylman galdy” diýip begenendigini gürrüň ber-
megi hem şol düşünjeden habar berýärdi. Aýalym mhkçylara
ýüzlenip, “sumkadaky zatlaryň hemmesini men öz ellerim bilen
saldym, hiç hili disk ýokdy. Eger şol diski sumka biz salan bol-
sak, ol hakykatdanam biziňki bolsa, biz çagalarymyzdan bolaly,
siz atan bolsaňyzam, siz çagalaryňyzdan boluň! Bir topar ogry
ahyryn siz. . . Her haýsysy çykar sizden. Türmä eltilen sabyny
ogurlaýaňyz, çagalarymyň agzyndan kesip elten gutaplarymyň
hem towuklarymyň ýaryny alýaňyz, ýene utanaňzogam” diý-
ýärdi. Mhkçylar “biz nädeli, bize-de dogry düşüniň, biziňem

51
işimiz-dä” diýip mydyrdaýardylar. Aýalym bolsa, “Özüm-ä aýa-
lam bolsam şeýle işde işlemezdim, şeýdip çaga eklemezdim, siz
döwleti ýykýanlaryň golaýyna-da baryp bileňzog-a, nirede hak
iş edýäni, dogrusyny aýdýany yzarlaýaňyz-a” diýýärdi. Men
bolsam öz ýanymdan SIZO-nyň naçalniginiň Çary kakamyň ge-
çiren gawunyny ogurlaýşyny (gawun barada maňa “duşuşykda”
agamyň özi aýdypdy, emma maňa peradaçi kagyzynda görke-
zilmändir, diýmek, saňa gawun ýok diýip jogap beripdiler), soň
bolsa bir gezek peradaçi kagyzynda görkezilen gawuny ogurlap
galyşyny, özümiň gawunymy talap edip alşymy ýatlaýardym.
“Podpolkownik bolup, türmede eli daňylgy oturanyň gawunyny
ogurlajak bolsaň, bolaýypdyr seňkem, Halmämmet dost” diý-
ýärdim. Yzyndan geçirilen çilimi we kolbasasy, et konserwalary,
gowurdakly bedreleri ogurlanan hem bu ogurlyk barada sesini
çykaryp bilmän oturan bendiler ýadyma düşýärdi.
“1937-nji ýylda atam Annagurban Seýitmyrat ogly “halk duş-
many” diýlip tutulanda, Orsetde tokaý çapypdyr. Şonuň yzyn-
dan her aýda bir goýun öldürip, gowurdak edip, çig, duzlanan
eti garna dykyp iberýän ekenler. Tejeniň obalaryndan iberilen
zatlar Rybinskä gyly gymyldaman barýan ekeni, bärde MHK-nyň
SIZO-synyň gapysyndan kamera iberilen gowurdagyň bedresi-
nem tapyp bolanok” diýýärdim. Sebäbi men 13-nji kamerada
oturan bir tagtabazarlynyň yzyndan getirilen gowurdagyň syr-
çaly bedresini bir yzyna gaýtaryp bermeklerini sorandygyny
eşidipdim. Öz ýanymdan gazaply 37-nji bilen hukuk döwleti
diýilýän Türkmenistanyň şu gününi deňeşdirýärdim.
Çärjew Sähetmyradowyň nökerleri aýalymyň ogurlyk barada
aýdýanlaryndan goranjak bolup, “Biz däl ol gutap ogurlaýanlar,
gelneje, SIZO-dakylar ogurlaýandyr, o taýda bir topar aç soldat

52
işleýä” diýýärdiler. Aýalym olara “siziň hemmäňiz bir” diýýärdi.
Emma o mahal öý dökýän mhkçylar hem, aýalym hem meniň
eý görýän ýyljajyk jinsi kurtkamyň SIZOda däl-de, eýsem hut
derňew bölüminiň kabinetleriniň birinde ogurlanjagyny, meniň
MHK-nyň başlygy, general-leýtenant Nazarowa “MHK-da kurt-
kam ogurlandy” diýip arza ýazjagymy, Nazarowyň “kurtkany
tapyň ýa-da bahasyny beriň” diýip buýruk berjegini, öz aýtma-
gyna görä, MHK-nyň derňew bölümiň işgärlerinden pul ýygnap
beren Otuzowyň maňa “Kurtkamyň deregine ýüz dollar aldym”
diýip dilhaty ýazdyrjagyny hem bu ogurlygy tassyklajagyny aky-
lyna-huşuna-da getirip biljek däldiler.
MHK-çylar meniň ähli kitaplarymy sahypama-sahypa wa-
raklap çykdylar. Aýalymyň içki eşikli çekerlerine çenli yhlas
bilen dördüler. Hatda aşhanadaky bir penje ýüzärligiň nämedi-
gi barada aýalym ikimizden gazaply soragam etdiler. Aýalym
olara “KGB bolup, ýüzärligi tanaňzokmy?” diýdi. Olar bolsa,
“Bilmeýän zadyňy soramaly bor-da, gelneje” diýdiler. Soňra olar
ellerine ilen golýazmalarymy halta gapgardylar hem öýdäki kom-
pýuterimdir telefaks apparatymy alyp, üç-dört sagada çeken öý
döküşligi tamamladyk etdiler.
Olar dokuz-on adamdy, men bolsa naçar aýalym hem Eziz
oglum bilen ýekedim. Nazar jan bilen Mährim mamalarynda-
dy. Nälaçlykdan ýaňy içim ardan hem armandan doludy. Ýöne
çydamalydym. Duýga däl, akyla eýermelidim. Sebäbi “Pahan”
meniň türmede çüýrärimi, maýyp bolarymy, ölerimi isleýärdi.
Men onuň bu islegini bitirip biljek däldim. Şonuň üçinem men al-
dygyna ata-babamy, ýedi arkamy hem ýetmiş arkamy çagyrdym.
“Ýüregime giňlik ber, Taňrym, aýak astyna taşlatma, depelet-
me?! Hapa basdyrma, üstünden ätlet, ne özüm hapa bolaýyn,

53
ne köwşüm” diýip dileg etdim.
Çagalarymyň, aýalymyň hem Eziz oglumyň gözünden ogşap,
olardan mert bolmaklaryny soradym. Şondan soň meni gyssap
maşyna mündürdiler hem-de gaýtadan Otuzowyň huzuryna, ol
ýerdenem MHK-nyň derňew izolýatorynyň 27-nji kamerasyna,
zyndanyň gün düşmeýän tarapyndaky demir gapynyň içinden
demir gözenek hem goýlan ölüm hüjresine getirdiler.
Şeýdip men ikinji gezek tussag edildim. Ganhor režimiň için-
de, türmäniň daşynda ýaşamagy hem dowzah hasaplap ýören
halyma, ýene hapa hem çyg, porsy hem dar kamera gabaldym.
Bu ýer men ýaly iki-ýekäniň däl, bütin milletiň ruhunyň öldüril-
ýän ýeridi. Başizm halky gul etmek üçin hut şu gassaphanany,
adam öldürilýän, adamyň erkiniň syndyrylýan hem içinde çala
jany bar sulbamy ýa bir gara sudura öwrülýän zyndanyny öňüne
tutýardy. Bu zyndan onuň ýüzüniň tuwagy, başynyň täjidi. Şu
zyndansyz oňa bal ýalamagam, zäher pürkmegem ýetdirjek ýa
başartjak däldi. Bu zyndany ol ganhor SSSR-den, bolşewiklerden
hem KGB-de miras alypdy. Onsoň meniň ikinji tussaglygymdan
gowulyga ýa rehimdarlyga garaşmak iň bolmanda aňkawlykdy.
Ýöne men özüme göwünlik bermäge hem özümi içden golda-
maga, hiç zat edip bilmezler diýip ynandyrmaga çalyşýardym.
Sebäbi men sowuk kameranyň içimden geçirip barýan buzlaryna
aldyrmazlyk üçin şeýtmelidim, öňde agyr azaplaryň durýanlygy
üçin şeýtmelidim, yzymdan ilimiň gelip bilmejekligi, onuň eliniň
hem diliniň baglydygy, başynyň ölüm ýassygyndalygy we agzy-
na suw damdyrmaga ogul-gyzynyň ýoklugy üçin şeýtmelidim.
Men ozal togsan bäşinji ýylyň 25-nji iýulyndan togsan al-
tyň 11-nji ýanwaryna çenli tussaglykda oturypdym, ýöne soňky
30-njy oktýabrdan 12-nji noýabra çenli tussaglygym öňkiň çeni

54
bolmady. Ilki bilen meniň türmede oturan günlerim howa er-
bet sowady. Men “hudaýam bulaň tarapynda öýdýän, ýa onam
dollara satyn alaýdylarmyka?” diýip, içi ýananyň pikirini etdim.
Soň sowukdan beter dowzah başlandy, maňa diskiň özümiň-
kidigini, harby syrlary hem hökümeti güýç bilen agdarmaga
çagyrýan teksti ýanym bilen gizläp alyp barýandygymy boýun
aldyrmaga, has takygy, meni etmedik jenaýatymy etdim diýmä-
ge mejbur kylmaga girişdiler. Gijesi-gündizi ýok, bir gapdaldan
sowuk, aç-suwsuzlyk, kirlilik, ikinji gapdaldan şantaž bilen daşy-
ma geçdiler. Bisowat hem nadan mhkçylaryň, hususan-da birinji,
üçünji, dokuzynjy bölümleriň naçalnikleriniň öçügsi gözlerine
dikanlap seretmegem, bimany soraglaryna jogap berip-bermez-
ligem özüni bilen üçin agyr jezady. Ozal men “howpsuzlyk
gullugynda, kanun-adalat sistemasynda şeýle adamlar işleýär”
diýseler, eger-eger ynanmazdym. Ýöne şondan soň milisiýadyr
jenaýat agtaryjylar, çekistler baradky durşuna galplyga eýlenen
kinofilmleri ýigrenenim welin çyn. Asyl olarda sowet çekistleri-
niň kütekligi we ýasama gahrymançylygy gözüňe-de dürtülip
duran ekeni. . .
Meniň aklawçy baradaky talabyma, ýagny ozalky “işdäki” ak-
lawçym Gurbanmyrat Nyýazowy çagyrmak baradaky haýyşyma
“Ol Aşgabatda ýok” diýip jogap berdiler (Gurbanmyrat Nyýazo-
wyň özem ozal nähak töhmet bilen türmede oturan adamdy. Ol
maňa MHK-nyň SIZOsynda yglan eden açlygymy bes etmegimi
maslahat beripdi. Bu ýurduň açlyk bilen söz diňledilýän kanun-
ly-derejeli ýurt däldigini aýdypdy. Bu ýerde açlyk yglan edeniň
aýagyndan asyp, ýeňsesinden bulamak guýýandyklaryny ýat-
ladypdy. Şoň ýaly-da ol ozal Abdy Kulyýew akylly adamdyr
öýdüp pikir edenini, emma onuň ak ýürekli oglanlaryň öňüne

55
Gyllaw ýaly jenaýatçyny salyp, häkimiýetleriň “guşuny uçura-
nyny” aýdyp başyny ýaýkapdy. Men şo wagt Gyllawy gowy
tanamaýardym. Ýöne soň, sudda, Gyllawyň tüpeňlän adamy
onuň garşysyna görkezme beripdi. 12-nji iýulçylaryň “aýyp-
law netijesini” okamda bolsa onuň özüne bildirilýän aýyplaryň
tas hemmesini boýun alanyny görüpdim. Sud mahalynda Gyl-
lawdan men näme üçin agyr-agyr günäleri üstüne alanyna so-
ramda, ol özüniň urlup-ýenjilip gynalandygyny, başga alajynyň
bolmandygyny gürrüň beripdi.). Onsoň Aknabat Mämmetdur-
dyýewa diýen aklawçyny çagyrmaklaryny haýyş etdim. Ýöne
meniň aklawçy baradaky talabym biderek bir zat bolup çykdy.
Meni aklawçy bilen ikiçäk duşuşdyrmadylar, aýalym bilen gö-
rüşmek baradaky haýyşymy ret etdiler we basyşy hem gysyşy
doly güýjünde dowam etdirdiler. Men gaharyň özümi ýaryp bar-
ýandygyny, bir aglap bilmesem, öňki gezekki ýaly, gan basyşym
galyp, jalkyldap ýykylmagymyň gaýtalanmagynyň ähtimaldygy-
ny bilýärdim we tussaglygymyň ýedinji güni ses edip aglamda
çaga ýaly begendim. Aglap bileniňe-de begeniljek eken diýibem
geň galdym (Öňki gezek sudda, demir gözenegiň içinde otyr-
kak, arakesmede Gyllawyň sakgally-sarmykly gojalan daýysy
ýegenini görmäge gelipdi. Şonda Gyllaw daýysyny görüp, “Biz
bir il-güne bolsun diýipdig-ä, daýy!” diýip ses edenini duýman
galypdy. Şonda biziň hemmämiziň gözümize ýaş inipdi. Ýogsa
biziň bar aladamyz dogan-garyndaşyň ýüregini agyrtmazlykdy,
ejiz görünmezlikdi. Hut şu sebäbe görä-de biz demir gözene-
giň içinde ýomak aýdyşan bolup ýylgyrýardyk, özümizi hem
özümiziňkileri aldan bolýardyk. Emma ýürekler aglap durdy.
Sebäbi ýürekler nähak işi, döwlet adamlarynyň adalatsyzlygyny
hiç bagyşlap bilmeýärdi, töhmeti, onda-da ogrulardyr parahor-

56
laryň atýan şyltagyny örän ýokuş görýärdi. Galyberse, türkmen
türmeleri ýaly hapa hem dowzahy ýerde adam bolan aglaman
biljek däldi. Juda bir ýüregi demirler bolmasa, kamerada hemme-
ler aglaýardy. Kimler sessiz, kimler sesli, kimler bolsa ýatanda
hamsygyp aglaýardy. Adamlar aglap, biraz giňeselerem begen-
ýärdiler. Bu kada bolup giden zatdy). Ýöne men aglap bilenim
bilenem giňäp gidibermedim. Onsoň çagalar baradaky alada
başlandy.
Polkownik Annamyrat Garajaew maňa beýdip özümiňkä tu-
tup otursam, çagalaryma zyýan etmegimiň mümkindigini ýatlat-
maga başlady. Men oňa MHK-nyň kontrrazwedka bölümi bilen
meniň çagalarymyň arasynda hiç hili dawanyň ýokdugyny ýat-
latdym. Emma agşam kameramda öz jellatlarymyň dawasynyň
erk hem ömür dawasydygyny, diýmek, olaryň hiç zatdan gaýt-
majaklaryny, “Pahanyň” olary hiç zatdan gaýtmazlyga mejbur
etjegini pikirimde boýun almaly boldum.
Olar bu oýny öňki gezegem oýnapdylar, “Çagalaryň barada
alada et, beýleki oturan oglanlaryň çagalary barada oýlan, ola-
ryňam ykbaly seniňkä bagly, sen toba gelseň olara-da ýeňillik
boljak— diýipdiler. — Sen on ikinji iýulçylaryň ideýnyý otesi
ahyryn, diňe özüň barada däl, beýlekiler barada-da oýlan! Bir
topar çaganyň dökülip galmagyna ýol bermek bolmaz-a” diýip
meni “oýnan” bolupdylar. Ýöne olar muny diýse-diýmese-de,
men öz üstümden jogapkärçiligi aýyrmak islämokdym, on ikinji
iýulçylaryň ýanyp gidip barýandygyny, olaryň öňünde agyr gün-
leriň bardygyny, eger özüm azatlyga çykarylaýamda-da, olaryň
bir toparynyň boşadylmajagyny aňýardym. Ýöne mende inçejik
bir umyt hem bardy. Başy birazajyk akylyna aýlanar, ýurduň
abraýyny gaçyrmak islemez, diktatordygyny boýun almajak bor,

57
diýmek, oglanlary basyp bilmez diýen tama bardy. Emma bu
tama ýarpy bitip, ýarpy bitmän galdy. Çarymyrat Gurow neresse
türmede öldi. . .
Maňa Çarymyradyň kakasynyň ogluna jynaza okalýarka
aýak üstünde-de durup bilmändigini, ony goltugyna girip sak-
landyklaryny gürrüň berdiler. Şondanam Çarymyrat Gurowyň
sudda “Ýowşan aga, aýtsana senem, meň öýümde tirýek çeki-
lenog-a, ýalan-a bu diýilýän” diýip aýdan sözleri gulagymda
ýaňlanmaga başlady. Onuň şol pursatdaky tolgunýan keşbi,
tegelenen arassadan owadan gara gözleri göz öňümde doňup
galdy.
Suduň zaly, prokuror G. Gylyjow, sudýa R.N. Jepbarow, halk
oturdaşlary T.G. Diwanowa, M. Rejebow dagynyň biparhdan
rehimsiz keşbi göz öňüme gelýär. Çarymyrada on ýyl soraýan
prokuror Gylyjowyň ýagjymakdan biparh sesi, “Men size atuw
berip bilýän” diýip haýbat urýan sudýa Jepbarowyň çakyrsow
gykylygy gulagymda ýaňlanyp-ýaňlanyp gidýär.
“Prokurordyr sudýanyň elinde ýekeje tutaryk — öz aýlyk-
laryny hem düşewüntli ýerlerini ýitirmezlik islegi bar, olar şon-
dan paraşýutuň ýüpünden ýapyşan ýaly berk ýapyşýarlar. Eger
şeýtmeseler, olar öz hökmürowanlarynyň pitneçileri mugyra
getirmek baradaky buýrugyny berjaý edip biljek däl hem çörek-
li-düşewüntli wezipelerinden kowuljak, sen muňa düşünmän
duraňog-a, nämä geň galjak bolýaň, nämä gaharlanýaň” diýip,
meniň bilen bile sud edilýän hem demir kapasanyň içinde ýana-
şyk oturan ýoldaşymyň pyşyrdysy eşidilýär.
Jepbarowyň gulaga ýakymsyz sesi gulagymda ýaňlanýar, ol
elindäki “Aýyplaw netijesi” diýilýäni okaýar: “Ine, Çarymyrat,
öz ýoldaşyň, şaýat Nurlyýew Abdyrahman Amangeldiýewiç

58
deslapky derňewde şeýle görkezme beripdir: “1995-nji ýylyň
6-njy ýa-da 7-nji iýul günleriniň birinde, takyk ýadyma düşenok,
günortandan soň oýe goňşy obada ýaşaýan Amandurdyýew
Hudaýberdi (Aždar), Gurow Çarymyrat, Mämmetnazarow Gur-
banmyrat (Guwwat) geldi. . . ”

* * *

Ikinji gezek zyndandan boşap gelen günüm, garry agam:


— Pul berseler, maslygyň üstünde tans eder bi zamanyň
adamlary, ol-a sumkaňa disk atmak eken — diýip käýindi.
— Bolsa-da, daşary ýurtdaky türkmenler seni sylaýan ekeni.
“Agzala, gabatçy, bir-biriniň aýagyny köwüp ýör” diýýädiler
welin, şu gezek sesleri bir çykdy. Tanalýanraklarynyň hemmesi
goragyňa çykyş etdi — diýip, gözaýdyňa gelenleriň biri seslendi.
— Men Şiralyň çykyşyny haladym, ýöne Abdy Kulyň çyky-
şyny sypdyrdym, şol näme diýdi-aý? — diýip, tejenli mugallym
sorady.
— Abdy Kuly çykyş etmese näme, ýogsa menem şoň çyky-
şyna garaşdym — diýip, tejenli mugallymyň ýanynda oturan
garyndaşym gaharly gepledi.
— Şeýlemikä-de diýdim-le. . . — Tejenli mugallym başyny
ýaýkady. — Ondan oppozisiýa bolmaz, bir zat üçin öýkeländir,
şoň üçin çykyş eden däldir ol.
— Beýle-de bir zat bormy-aý, bir maksat üçin göreşip, beýle
ýagdaýda öýke-kine saklasaň bolmaz-a — diýip, oturanlaryň
ýene biri gürrüňe goşuldy.

59
— Bu halkyň öýüni ýykan şo öýke-kine dälmi, “diýdi-diýdä”
gider, akylyndan gulagy öňdedir — diýip, Çary kakam elini
salgap, bu gürrüňi soňlatjak boldy.
— Men ol Abdy Kulyny student döwründen tanaýan, harby
tälim sapagynda yzda oturyp, kitap okardy. Bir gezek, Atamyrat
Çopanow diýip bir çagalar şahyry bardyr-la, ana şol böwrüne
dürtüp, mollum seň eneňe sögýä diýdi welin, turup, sapak ge-
çip duran rus polkownigine “Gaýtala ýaňky aýdanyňy ýene bir
gezek” diýip herrelip, dyzap dur. . .
— “Köne tuluma täze çakyry guýma, tulumam ýarylar, çaky-
ram ýere siňer” diýip bir ýerde okapdym — diýip, törde, Çary
kakamyň gapdalynda oturan dilçi, uniwersitet mugallymym gür-
rüňe goşuldy. — Bu işler indi ýaşuly nesle eýgertmez, täze nesil
ýetişmeli. . .
— Onam ýetişdirmejek bolup şu wagtdan gaýrat edýäler,
köçeme-köçe “ak baýdakla” - gerreçä öwrüp gidip otyrlar —
diýip, žurnalist Muhammet Myratly bu gürrüňlerden ýadan
adamyň äheňinde ajy ýylgyrdy.
— Bir tarapdan gynanýan, öňki studentlemmi tutup-basýar-
lar, ikinji tarapdan “halal okadypdyryn, il üçin tutulýarlar, ýurist-
ler ýa beýlekiler ýaly haramlyk üçin däl, ýurt başyna iş düşende
dymyp oturanoklar” diýip özüme göwünlik berýän — diýip, uni-
wersitet mugallymym içini dökdi. Soňam: — Hawa-da, okanda
haramlyk bilen okan işlände-de şo ýoldan gitmeli-dä — diýdi.
— Bäh, Abdy Kuly indi şo şahyrça-da bolmandyr-ow — di-
ýip, tejenli mugallym ýene gürrüňi oppozisiýa dolap getirmäge
çalyşdy, emma oňa känbir “hä” beren bolmady.
Ertesi, öý gözaýdyňçydan böwşeňräk wagty, Azatlygyň Aşga-
batdaky ýarym resmi habarçysy Saparmyrat aga geldi. Salam-he-

60
likden soň ol mümkin bolsa interwýu almagy tabşyrandyklaryny
aýtdy. Men interwýu bermejekdigimi, türmeden radio bilen gat-
naşyk saklamazlyga söz berip çykandygymy aýtdym. Ol hoşla-
şyp gitdi. Bu gürrüňleri diňläp oturan agam onuň yzyndan gapa
ümläp, “şuňa-ha zat diýenoklar, näme üçin oňa çykyş etmek
bolýa-da, saňa bolanok?” diýip sorady. Men egnimi ýygyrdym.
Türmeden çykanymy radiodan eşidip, goňşularyň biriniň peji
işlemeýän maşynynda Tejenden gelen kakam yzyna gaýdandan
soň ejem “gözaýdyňa” geldi. Eneli-ogul gujaklaşdyk. Naçar ejem
başymy sypap, meniň aglap duran ýüregimi bozup bozlady:
— Nämeler edip ýörsüň-ä, oglum? Nä günlere goýduň-a?..
Men aglaman zordan saklandym. Ýöne soň beýleki otaga
çykyp, ýaňagymy ýakyp barýan gyzgyn ýaşyň iki damjasyny
gaçyrman durup bilmedim. Soň ejem ikinji gezek tutulanymy eşi-
dip, lampa oturanyny hem: “Indi näme etsemkäm, Alla jan? Öň-
ki aýdan janlylammam beremog-a!” diýenini duýman galanyny
gürrüň berdi. Bu gürrüň meni birerbet etdi. “Aýdan janlylaňňy
özüm bererin, eje! Sen ony gaýgy etme” diýdim. Ozalam urşuň
yzynda ene-atasyz galyp gün görmedik naçarymy elimde göter-
meden geçen, Saparzyndanyň oduna ýakanyma namysdanmy,
gynançdanmy, nalajedeýinlikdenmi. . . ýüregim agyrdy.
Birki gün soň ejem bilen Hitrowka, Hanow daýymy soramaga
gitdik. Ejem onuň agyr syrkawlap ýatanyny Tuwak daýzamdan,
Aşgabatda ýaşaýan ýeke doganyndan eşidipdir. Barsak, Hanow
daýym keselden halys bolan ekeni. Ol öňki göwreden zat gal-
mandyr, bir gysym bolup horlanypdyr. Näsag adam özüňe belli,
ol biziň baranymyza çaga ýaly begendi. Soň ol men hakda il için-
de köp eşidýändigini, daýy-ýegendigimizi bilmeýän adamlaryň
gürrüňlerini syr bermän diňleýändigini aýtdy. Näçe ýaşanymy

61
sorady. Soň ejemden beýleki çagalary barada soraşdyrdy. Ejem
oňa “şu bilen bir gyzdan öňňesi öz töweregimde, şuny şu taýda
goýanyma gynanýan, türmä düşüp, käte-käte ýüregimizi ýarýa”
diýip ökünçli gürledi. Daýym oňa göwünlik berdi:
— Ýigit başy gowgaly bor, Gülälek! Bu bolýan zatlara hiç
darykmagyn! Ynha, haý diýmän gülkä öwrüljek zatlar-a bu
mahal edilýän zatlar. . .
Ejem gözüne ýaş aýlady:
— Wah, darykman bolýamy? Her gezek tutuldy diýlende,
ýüregim agzymdan çykdymyka diýýän. Nirä ýöreýänimi, näme
edip, näme goýýanymy bilemok. Ýüreklerde sar galdymy indi. . .
Bu gürrüňler gelip meniň ýüregime sünjüldi. Ýöne men syr
bildirmezlige çalyşdym. Öz ýanymdan “Hanow daýymy soň-
ky gezek görýän bolaýmasak ýagşy” diýip pikir etdim (Bu soň
şeýle-de bolup çykdy). Ejem bilen daýym, meniň oýlarymdan
bihabar, iki ýetim bolup, Gypjakda geçiren çagalyklaryny, urşuň
yzynda galyp gören görgülerini ýatladylar.
“Urşuň yzynda galandan beter bolmasak ýagşy indi” diýip,
olaryň gürrüňine goşulasym geldi. Ýöne goşulmadym. Sebäbi
bu olaryň bilýän, gorkýan zadyny aýdyp, ýüregini agyrdan ýaly
boljakdy. Onsuzam adamlar bir gara dumanyň süýşüp gelýänini
aňýan ýalydylar. Hatda muny meniň dört klas bilimli ejem hem
aňýardy. “Ejizi bar, kesellisi bar, naçary-ýetimi bar, bu gidişde
garyp-gasar nä güne düşer” diýip, bir gezek ol oba baramda
içindäki gaýgysyny daşyna çykarypdy.
Tuwak daýzamyň iki ogly neşekeşdi. Ilki muny ejemden
gizlärdiler. Olaryň ulusyny Gypjakdan bir daýymyň gyzyna
oýeripdiler. Oguljygy hem bolupdy. Tuwak daýzam beýleki
ogluny hem Gypjakdan, başga bir daýymyň gyzyna oýermek-

62
çi ekeni. Ýöne ol ogurlykda aýyplanyp, türmä basyldy-da, bu
iş başa barmady. Onsoň bu zatlary ejemden gizläp saklamak
mümkin bolmady. Tuwak daýzamyň özi puluny biline daňyp
gezýänini aýdyp, ogullaryndan zeýrenip başlady. Ejem öz doga-
nynyň ogullarynyň neşekeş bolup ejelerine beýle jebir berişlerine
hiç düşünip bilmedi. “Azadyň neşe etmeli däldigine akyly ýete-
nokmyka, agasynyň ýagdaýyny görüp durup, kiçisi näme üçin
neşe öwrendikä?” diýip käýindi.
Men Aşgabada okuwa gelen ilkinji ýylym Tuwak daýzamlar-
da ýaşapdym. Şonda men öýünde çagalarynyň okuw kitabyn-
dan başga kitap okalmaýan adamlaryň türkmende entek gaty
känligi hakynda ilkinji gezek pikir etmeli bolupdym. Gynançly
ýeri, o hili maşgalalardan çykan adamlarda kitap okaýana gü-
len bolmakmy, ony alym boljak bolmakda aýyplamakmy, birhili
düşnüksiz zatlar hem köpdi. Şo hili düşnüksizlik ejemiň ýeke
doganynyň, kakamyň ýeke doganynyň çagalarynda-da bardy.
Daýzam bu ýagdaýy düzetjek bolmakdan geçen, ogullaryny lä-
liksirederdi, aýnadardy. “Baýyň torumy lälik, garybyň çagasy”
diýip, ejem käte oňa mazalyja igesini sürterdi. Emma daýzam
ony diňlemezdi. Ýöne men daýzamy gowy görerdim. Ol jepakeş-
di, çörek bişirip, gutap bişirip, bazarda satardy, çagalar bagynda,
çörek bişirilýän ýerde işlärdi. Ilki gezek tutulamda hem, ikinji
gezek hem ol öz bişirýän tamdyr çöreklerinden saçaga dolap,
meniň çaglarymdan habar tutup durupdyr. Ýöne onuň ilki tu-
tulamda aýdan bir gepi, “Çagalarym türmä düşenden öýümde
ölsün” diýmesi meniň aýalyma ýokuş degipdir. Babaraply Ho-
jamyrat daýymyň gyzy Abat bolsa, “Muhammet bilen Ýowşan
türmede aglap otyrmyş” diýip, ýanymyza baryp gaýdan ýaly
gürrüň edipdir. Muhammet Myratly ikimiz Abady “Diýar” žur-

63
nalyna işe aldyryp, iş öwretjek bolupdyk. Muhammet ikimizden
beter, onuň bu sözüne aýalymyň gahary geldi. Ol ýene bir tan-
şymyzyň türmedekäm “Ýowşanyň öýüne jaň edip, çagalaryna
hem azar berýärmişler” diýip gürrüň edenini aýdyp, jibir-jibir
edýärdi. Ýöne aýalym Aýna ejeden razy bolupdyr. Aýna eje
Tuwak daýzamyň gaýnekejisidi. Ol: “Kagyza ýazylan zat öçer,
üç ýyl berleni bilen üç ýyl türmede oturar diýme, üç gündenem
çykyp biler” diýip, togsan altynjy ýylyň başynda maňa üç ýyl iş
kesenlerinde aýalyma göwünlik beripdir. Aýna ejäniň ýuwaň
seçegi ýaly ogly Kakamyrat birki-ýyllykda tarpa-taýyn aradan
çykypdy. Ol meniň bilen duşdaşdy. Aslynda, Tuwak daýzamyň
adamsy Myratly, gaýnagasy Gurbanberdi, gaýnekejisi Aýna eje
meniň enemiň aýal doganynyň çagalarydy. Kakam dagy olara
“Çykanym” diýýärdi. Men Aşgabada okuwa gelemde, bir aý
Gurbanberdiniň demirýol stansiýasynyň golaýyndaky howlu-
syny saklapdym. Ol şonda çagalaryny alyp, deňziň kenaryna
dynç almaga gidipdi. Onuň aýrylyşan azerbeýjan aýalyndan üç
çagasy, meniň bilen duşdaş iki ogly, birem gyzy bardy. Kakamyň
gürrüňlerine görä, Gurbanberdi ýaşlygynda ökde tikinçi bolup-
dyr. Ýöne ol soň söwda, aluw-satuwa geçip, özüne abraý getiren
hünäri taşlapdyr. Sowet döwründe onuň ýaly adamlara “alyp-
-satar” diýerdiler. Gurbanberdi hem, onuň aýrylaşan aýaly Jeren
hem birki gezek şu iş sebäpli türmede oturyp çykypdy. Ýöne
olar barybir gurply ýaşaýardylar. Gurbanberdiniň uly ogly Toýly
uniwersitetiň hukuk fakultetinde okaýardy hem meniň näme
üçin hukuk fakultetine girmeýänime geň galýardy. “Çary kaka-
ňa diý-de, hukuk fakultetine gir, ol öz ogly Atamyrady hukuk
fakultetine saldy, näme üçin saňa kömek edenok?” diýýärdi.
Çary kakam meniň köp kitap okaýanymy hiç dilinden dü-

64
şürmezdi, öz ýurist oglundan bolsa käýinmek käýinerdi. Emma
Toýlularda meniň elden düşürmän kitap okaşyma çynlakaý ga-
raýan ýekeje adam, onuň ejeligi Walýa daýza bardy. Ýöne, “kitap
okanoklar” diýmese-de, Gurbanberdiniň bir gezek “meniň bilen
bile tirýek çekip otyrlar” diýip, ogullaryndan gaty zeýreneni ýa-
dymda. Soň Gurbanberdi howlusyny satyp, Nalçikden jaý aldy,
ýöne ol ýerde jenaýatçy toparlaryň derdinden ýaşap bilmän yzy-
na geldi. Gurbanberdiniň uly ogly Toýlyny şol ýerde öldürdiler.
Onuň ikinji ogly Meret goşun gullugynda urşup türmä düşdi
we türmäniň içinde neşekeşlikden öldi. Men Aşgabatda rus gyz-
larynyň tirýek çekişini Meredi goşun gullugyna ugradamyzda,
ýagny onuň oturşygynda görüpdim. Bulary ýatlaýanymyň se-
bäbi Tuwak daýzamyň meniň ykbalymy Toýly bilen Merediňkä
deňemegi. Maňa sud edilýärkä, suduň howlusynyň daşynda
üýşüp otyrkalar, Tuwak daýzam öz ýüwürjilerini ýatlap, “Gur-
banberdinem Toýly bilen Merediň armany çökerdi, dag ýaly
ogullary bardy” diýipdir. “Olary biziňkä deňeme, olar bir aýnan,
biziňki il-gün üçin otyr” diýip, Çary kakaň daýzaňa pert jogap
berdi” diýip, aýalym soň bolan gürrüňleri aýdyp beripdi.
Ikinji gezek türmä düşýänçäm Tuwak daýzamyň bir ogly
ogurlykda aýyplanyp ýyl alsa, beýlekisi kyrk günlük gelniniň
ýanyndan alnyp, gözenegiň aňyrsyna taşlandy. Soň ony tanyş-
my pul bilen sypdyrdylar diýip, gyryndaşlar hyşy-wyşy etdiler.
Hojamyrat daýymyň ogly eslije geroin bilen tutuldy. Beýleki,
“öýüne telefon edýämişler” diýýän tanşymyzyň bolsa ogly biri-
niň öýünden telewizor ogurlap tutuldy. Başga bir tanşymyz bu
faktlaryň hemmesini “hudaýyň gudraty, dilini uzadanlara berlen
jeza” diýip düşündirjek bolupdy. “Bu gidişde türmä basylanlary
sanasaň, hudaýyň gudratynyň, jezasynyň soňy gelmese gerek”

65
diýip, men içiýananyň pikirini edipdim.
Hanow daýymlardan soň ejemi Tuwak daýzamlara getirdim.
Olar Aşgabadyň 4-nji mikroraýonynda ýaşaýardy. Ejemi do-
ganynyň ýanynda goýup, maşynymy goýan ýerime gelemde
daýzamlaryň goňşusy Aşyr aga pete-pet öňümden çykdy. Ol
meni gujaklap: “Çykdyňmy, gözüň aýdyň! Bu doganyň s. . . er-
betdir, Ýowşan jan, häzir bolgun, gaty erbetdir bular. . . ” diýip,
aglamjyrap sögündi. “Görgüli, garrapdyr-ow” diýdim. Munuň
üstesine ol biraz içgilidem.

66
* * *

Agşamlyk maşynymy goýup, pyýadalap oýe gelýärkäm, Aý-


takow köçesinde bir gara maşyn deňimde saklandy. Garaňky
mazalyja gatlyşypdy. Ýöne maşynyň içindäkini ýüzüni görmez-
den öň sesinden tanadym. Ol Pirguly atly tanyş oglandy. Pirguly
roluň başynda oturan ýerinden meni maşyna münmäge çagyr-
ýardy. Salam-helikden soň ol başyny ýaýkap, “goşulmagyn,
goşulmagyn” diýdi. Men sesimi çykarmadym. Soň ol:
— Ýeri, KGB-de näme diýdiler onsoň? — diýdi.
— “Tirýek problemasy hakynda ýazmaňy bes et” diýdiler.
“Azatlykda çykyş etme” diýdiler.
— Bary şo bolsa, “bolýa” diýerler. Goý, arkaýyn tirýeklerini
çeksinler, satsynlar, garaşsyzlyga çykyp, şo bagta zordan ýetd-ä
bular. . .
Men onuň bu sözleri ýaňsylap ýa çyny bilen aýdýanyny bilip
bilmedim.
— “Ýurdy bulama, prezidenti golda, oňa şyltak atma, prezi-
dent saňa iş berýär, sen bolsa, “aşyňy içeýin, tabagyňa syçaýyn”
edýäň” diýdiler. — Men gürrüňi dowam etdirdim.
— Oň ýaly bolsa, aşlaryny içip, tabaklaryna nemetme-dä
sen — diýip, Pirguly it ýylgyryşyny etdi. Men sözümiň üstüni
ýetirdim:
— “Sapar Ataewiçiň ýerini tutjak ýok, erkek bolaly, şoň ýa-
nynda, arkasynda duraly, tigrine taýak sokjak bolmaly, taýak
sokjak bolýanlara-da garşy göreşeli” diýdiler.
— Bäh, ahyry üstünden geldiň-ow. “Ýowşan prezidenti işin-
den aýyrjak bolýa” diýýänleri ugrunda bar eken-ow — diýip,
Pirguly maşyndan daşaryk “jyt” etdirip tüýkürindi. Soňam ýyl-

67
gyryp: — Indiki gelen şundan gowy bor öýdýäňmi? — diýip
sorady. Men egnimi ýygyrdym. — Bolmaz. Çünki häkimiýete
gowy, dürs adamy getirmezler. Sebäbi dürs adam gelse, ol haram
adamlaryň ýoluny keser, şundan gorkarlar. Eger saý-sebäp bilen
dürs adam gelse-de, ony uzak işletmezler. Biderek jan çekme,
halk myssyk, halalyň arkasynda durmaga mejalsyz. Güneýatdy
halk, tejenli bolsaň, güneýatdyň nämedigini bilmeli sen. . .
— Men läşekiň nämediginem bilýän. Teležkeläp getirip, öküz
bakardyk. Dekabra ýa ýanwaryň başlaryna çenli öküz gowy
semrärdi, gözi gyzaryp ugrardy. Onsoň ony öldürip, gowrup,
pitilere gapgarardyk. . .
— Bu halkyň depesine çykýanlaram şol gözi gyzaran öküzler,
olar güneýatan gawun-garpyza derek halkyň ýülügini sorýarlar,
emma olary duruzmaga düşünjeli, aňly halkymyz ýok, aňy ýet-
ýänleri hem gokuzýarlar, intelligent diýjekleriňem köpüsi satlyk,
diňe öz iki günlük bähbidine çapýan, burnundan aňyrsyny gör-
meýän adamlar, janyňy biderek ýakma, inim — diýip, Pirguly
ahyry ýylgyrman, çyny bilen aýtdy.
— Edil beýle däldir-laý, sowet ýyllarynda bizde okuwly-bi-
limli adamlar, akademikler ýetişd-ä — diýip, menem çynym
bilen, ýylgyrman-yşman aýtdym.
— Pa-haý, okuw-bilimli akademik bolaýyşlaryny, jyňkyny
çykaryp bilýäni ýog-a olaň. Parnikde ýetişdirilen hyýar-a bu dip-
lom alanlaň köpüsi. Hakyky okajaklaryň, hakyky ýurt adamy
boljaklaryň ýerini alanlar-a. . . — Pirguly, hamala, şol akademik-
leriň ýüzüne tüýkürýän ýaly, “jyt” etdirip, maşynyň äpişgesin-
den daşaryk gaharly tüýkürindi.
Bu gürrüň maňa biraz öň, pikirdeş oglanlar bilen goldaw
gözläp, il içinde agramlyrak, aga-gara düşünýän diýilýän ýaşu-

68
lularyň birküç sanysynyň ýanyna barşymyzy ýatlatdy. Olaryň
hemmesi biziň “bir zat edeliň, soň giç bolar” diýen sözlerimize
“Wah, diýýän zatlaryňyz dogru-la, gorpa süýşüp barýanymy-
zam çyn, ýöne biraz garaşalyň, özi düzelişmezmikä” diýip, aý-
ry-aýrylykda, bir-birinden habarsyz, dilleşen ýaly, şol bir jogaby
beripdiler.

* * *

Aşgabatdan Tejene garaşsyzlyk ýyllarynda bal bolan “buhan-


ka nan” ýa-da “orus çörek” äkidip, ejemiň hudaý ýoluna aýdan
janlylaryny berşemde, ýüregim agyrdy. Indi çöregem diňe paý-
tagtda elýeterlidi. “Ýagdaýyň bolsa, beren sadakaň-a ýerine
düşjek eken” diýip oýlandym. Öňki gezek suduň zalyndan alyp
MHnyň türmesine äkidýän maşyna mündürip barýarkalar, Gyl-
lawyň (Gulgeldi Annanyýazow) garyndaşlaryna gygyryp aýdan
sözleri ýadymda galypdyr. Ol şonda, aglaşyp duran garyndaş-
laryna göwünlik berjek bolup ýa-da içiniň ýangynjyna: “Men
türmedemi ýa siz türmede, bu heniz belli däl. . . ” diýip, suduň
howlusynyň demir gözenek derwezesiniň aňyrsynda gol bula-
şyp duran hossarlaryna gygyrypdy. “Indi belli, Gyllaw! Senem
türmede, seniň garyndaşlaryňam türmede. Asyl bütin il türme-
de. Türkmenistan indi türkmenlere ol öňki gülüp-oýnan hem
ösüp-örňän ýurdy däl, Saparzyndan boldy” diýip içimi geplet-
dim. . .
Eýsem, men bu zatlary öňünden duýdummykam? Eger duý-
madyk bolsam, näme üçin şol otluçöp satýan oglan ýaly bagrymy
paralap gygyrdym?

69
“Otluçöp alan-eý, arzan otluçöp” diýip däl, başgarak zatlar
aýdyp gygyrdym, bir zatlary düşündirjek boldum. Aýlap-aýlap,
esengulyçy bir ýaşuly mugallymyň Esengulyda komandirowka-
da bolamda aýdyşy ýaly, garaz düşünjege düşüner ýaly etmäge
synandym.
Ilki Türkmenistanda çykýan gazetlerde, gussaly kyssalarym-
da hem goşgularymda, GKÇP döwründe bolsa Magtymgulynyň
Aşgabatdaky ýadygärliginiň öňünde bagyr paraladym. “Parhy
näme, Ýazow ýa-da Nyýazow!?” diýip goşgy okadym. Soň eşi-
dişime görä, S.N. bu mitingiň wideo ýazgysyny görüp, meniň
“bolgusyz goşgymdan” gaty nägile bolupdyr. Soň ol meniň erkin
pikirli “Daýanç” žurnalynda, ilkinji şahsy gazet bolan “Serpaý-
da” eden çykyşlarymdan nägile boldy. Netijede, bu iki neşir
ne ganat ýaýyp bildi, ne-de uçup. Olaryň ikisiniňem ganatyny
gyryp taşladylar. Soň men “Azatlykda” gygyrdym. Ýöne entek
Azatlyk radiosyny ýapyp bilenoklar, ýogsa men prezident köş-
günde işleýärkäm bu hili synanyşygyň hem bardygynyň şaýady
boldum. S.N.-iň her gelen daşary ýurtly myhmandan Azatlygy
“ýuwaşatmak” barada eden haýyşlaryny, arza-şikaýatlaryny öz
gulagym bilen eşitdim. Onuň bar delili “žurnalistler ýurdy bu-
lajak bolýar, hakyky ýagdaýy bilenoklar, men öz halkymyzyň
däp-dessurlaryna görä demokratiýa etjek” diýen ýaly esassyz
gürrüňlerdi. Emma oňa daşary ýurtlardan gelen biznesmenleriň
ediberýän kömegi ýokdy, olar bu barada sözem berenokdylar.
Tersine, öz ýurtlarynda söz azatlygynyň bardygyny, azat sözi
bogmagyň aňsat iş däldigini sypaýyçylyk bilen düşündirmäge
çalyşýardylar. . .

70
* * *

Agşam öýümiň ýanynda gezim edip ýörkäm, ýazyjy Seýitny-


ýaz Ataew öňümden çykdy.
— Azatlykda agaňa bagyşlan goşgyňy okaňda, ýerimden
dik durup diňledim, “Ine, agaňy şunuň ýaly sylamaly” diýdim
— diýip, ýaşuly meniň göwnümi awlady. Men oňa sagbol aýt-
dym. Emma ol meni munuň bilen hem goýbermedi. Ýaşuly
biraz içgilidi, Parahat-4 mikroraýonyndan jaý berendiklerini, şol
ýere barýandygyny gür berdi. Ol ozal Kompartiýanyň Merkezi
Komitetiniň ýanynda, ikinji jahan urşunda wepat bolanlaryň hor-
matyna gurlan ýadygärligiň golaýjagynda ýaşaýardy. Gazetde
işleýärkäm men onuň öýüne birnäçe gezek barypdym, bir ge-
zek bolsa, Hatyra gününi bellemek teklibi üçin gol ýygnaýarkak,
şol ýerde kinoçy Hojaguly Narlyýewiň hem oýüne barypdym.
Dogrusy, Seýitnyýaz aganyň öňem köp gürlemek häsiýeti bardy.
Ýöne bu gezek ol meni köçede has köp saklady. Uruşda iki goşun
garpyşanda bogup ýa-da ýaragyň naýzasy bilen sanjyp öldüren
adamlarynyň ýüz-gözleriniň ýygy-ýygydan düýşüne girýändi-
gini aýtdy. Ýogsa, bir zaman ol Azatlykda işleýän türkmenleri
dönük atlandyrýardy. Bir gezek, 1982-nji ýylda bolsa gerek, men
ondan kürtler hem olaryň döwlet gurmak meselesi hakyndaky
pikirini sorapdym. Şonda ol maňa şunuň ýaly bir mysal geti-
ripdi. “Ine, Eýranyň, Türkiýäniň hem Yragyň araçäginde bir
ýerlerde şu üç ýurtda ýaşaýan kürtleriň liderleri duşuşýar, olar
maslahat etmek üçin atly bukurak bir ýere gidýärler. Barýarka-
lar, öňlerinden bir malyň tezegi çykýar. Yrakly kürt munuň at
tezegidigini, özem täzedigini, atlynyň şu gün irden geçedigini
aýdýar. Türkiýeli kürt muňa garşy çykýar hem tezegiň düýn ýa

71
öňňun geçen atyňkydygyny aýdýar. Eýranly kürt olaryň ikisine-
-de garşy çykýar we onuň at däl-de, gatyr tezegidigini aýdýar.
Onsoň bu üçüsi dawany çözmek üçin gylyç syryp, bir-biri bilen
uruşmaga başlaýar. Şeýdip döwlet gurmak işi soňa galyp gidip
otyr” diýip, Seýitnyýaz aga ajy ýylgyrypdy. Türkmenleriň hem
şu hili gylyklary üçin uzak taryhy döwürde döwletsiz ýaşandy-
gyny aýdypdy. Men ýaşulynyň türmä düşemsoňam meniň bilen
öňküsi ýaly arkaýyn gürleşişine begendim. Ýöne Hojaguly Narly
beýdip bilmändi. Dogrusy, onuň bilen beýle bir iş, döredijilik
gatnaşygym hem bolmandy. Emma onuň “içim pop-porsudyr”
diýen gürrüňi ýadymda galypdyr. Hatyra güni üçin gol ýyg-
namaga baramda ol bu gepiň aňyrsynda ýatan gürrüňi aýdyp
berip, ýazyjylardan içiniň pop-porsudygyny ýaňzydypdy. Soň
onuň bilen Moskwa barýan uçaryň üstünde duşuşdyk. Hoja-
guly meni görmedik boldy. Bu meniň birinji tussaglygymdan
soň, 1996-97-nji ýyllarda köp gören zadymdy. Uçardan düşüp,
awtobusa münemde onuň bilen pete-pet geldim hem baş atyp
salam berdim. Ol baş atyp salamymy aldy, ýöne hiçimiz şundan
aňryk geçmegi ýerlikli hasaplamadyk. . .

* * *

“. . . özlerine garşy bolsa, adamlar akyla hemişe garşydyr”


diýip, Gelwesiý iki asyr mundan öň aýdypdyr. Ýöne adamlar
diňe akyla däl, adalata-da, diňe adyllykdan aram tapjak, arkasy-
na şemal çaljak halkyna-da, onuň adyllykdan rowaçlanjak ruhy
galkynyşlaryna-da, diňe adyllyk bilen berkarar bolmaly döwleti-
ne-de garşy ekenler. Şu gün aljak iki kilo eti üçin garşy ekenler,

72
ertir münjek maşynlary üçin garşy ekenler, birigün girjek jaý-
lary üçin garşy ekenler. Türkmen çagalarynyň ölmegine däl,
gülüp-oýnamagyna, naçarlarynyň ýaş başyndan maýrylmagyna
däl, gül-gül açylmagyna, ýigitleriniň ýaş başyndan çökmegine
däl, paýhas eýesi serdar çykmagyna, türkmen ülkesiniň tozma-
gyna däl, gelejekde gazanmaly garaşsyzlygyna garşy ekenler. . .
Türkmen ýaly hakyky gulçulyk ýagdaýynda, tussagyň tabynly-
gynda ýaşaýan halky beýle gazaply garşylygyň ýene nä günleriň
üstünden eltjegini bir alla bilýär. . . ” Her neneňsi bigelşigem bol-
sa, men bu sitatany öz makalamdan —türkmen ilindäki ilkinji
erkin pikirli žurnal bolan “Daýanjyň” birinji sanynda (1991 ý.)
çap edilen “Türkmen il-ulusyna ýüzlenme ýa-da Türkmenistan
ýazyjylarynyň H gurultaýyna niýetlenen söz” atly ýazyjylaryň
gurultaýynda aýtdyrylmadyk sözümden getirýärin. Geň ýeri,
žurnalyň redaksiýasy ýa-da baş redaktor Muhammetmyrat Sa-
lamatowyň özi bu makala rus dilinde “Poýawis Mahtumkuli
w naşe wremýa, literaturnaýa mafiýa wkupe s kommunistiçes-
koý wlastýu ne preminuli by ýego “sýest” diýen mowzuk bilen
düşündiriş beripdir. Bu düşündirişiň dowamynda şeýle sözler
bardy:
“W tom, çto Waslaw Gawel stal prezidentom Çeho-Slowakii,
Iwan Draç — liderom ukrainskogo “Ruha”, a Olžas Suleýme-
now delaet pogodu wokrug ýadernogo poligona w Kazahstane
— w etih i drugih primerah ýest swoýa logika, swoýa zakono-
mernost. Pisateleý wsegda otliçalo ýesli ne messianstwo, to už
graždanstwennost postupkow — eto toçno. Çego, uwy, ne skazat
o turkmenskom batalone sowetskoý pisatelskoý dwizii. Sosto-
ýawşiýsýa w fewrale etogo goda sýezd Soýuza pisateleý res-
publiki otrazil na redkost obywatelskiý urowen predstawleniý

73
i zaprosow “inženerow çeloweçeskih duş”. Dohodilo daže do
obraşeniýa k prezidentu respubliki s prosbami gastronomiçesko-
go haraktera — wot ýesli by wydelili po pare kilogrammçikow
mýasa na každogo delegata, wot byla by horoşaýa pamýat o
sýezde!
O sowesti, çesti pisatelýa, o rastoptannom dostoinstwe na-
roda, imeýuşego takih wyraziteleý ýego çaýaniý, pişet ýowşan
Annagurban, talantliwyý i mužestwennyý çelowek, kotoromu
w çislo proçih ne daýut hoda w respublike. Udiwlýatsýa ne
prihoditsýa: poýawis w naşe wremýa sam osnowopoložnik turk-
menskoý klassiçeskoý literatury Mahtumkuli Fragi, ýemu by
tože prişlos ne sladko. . . ” (“Daýanç”, 54s. #1, 1991ý.).
Gynançly ýeri, “Daýanç” žurnalynyň bu sözleri onuň öz yk-
balyna-da dahylly boldy, türkmeniň ilkinji erkin pikirli žurnaly
tussag edildi, heniz sallançakdaka boglup taşlandy. Şol ilkinji
erkin pikirli žurnal bilen türkmen taryhyna ömürlik giren aja-
ýyp žurnalist, türkmen redaktorlarynyň hiçisiniň ýetip bilmedik
kämilligine bir žurnal çykaranda ýeten Muhammetmyrat Sala-
matow hem öý tussagy edilip taşlandy. Men bolsam onuň kämil
“zürýadynyň” — “Daýanjynyň” sahypalarynda oglan ýüregimi
açypdym:
“Respublika” diýlip atlandyrylýan döwletiň gazetleri, radio,
telewideniýe, neşirýatlar pikir doňaklygynda, gara galyplaryň
içinde otyrlar. Aýanlyk diýlen zat gelip ýetmeden geçen, ýedi
menzillikde bir ýerlerde boglup taşlandy. Başga ugurlarda däl,
hatda edebiýatda-da, aň-paýhas-zehin işinde-de aýanlygy golda-
ýandan, gowrup iýjek kän. Edebiýaty gazanç çeşmesine öwren
adamlardan hasap soralmandygyny, olaryň bu gün edebiýatdaky
aýdyňlyga, diýmek, aňdaky gulçulyk gandalynyň döwülmegine

74
ap-arkaýyn garşy durup bilýändigini görmezlik mümkin däl-
dir. Eýsem, edebiýatdaky ahlaksyzlyklary ahlaksyzlyk bilen
ýaşyryp, gaýry meselelerde aýdyňlyk gazanyp bilerismi? Edebi-
ýatdaky aýdyňlyga gaýrat tapman, onuň gemrijileriniň öňünde
ýaýaplap, biz başga ugurlardaky aýdyňlygyň gömülmegi bilen
ylalaşýandygymyzy görkezýäris. Aýdyňlyga kast edýäris, aý-
dyňlykdan arkasyna şemal çalmaly ilimize ikilik edýäris. Biz
onsoň öz halkymyzyň geçmişi bilen bagly meselelerde-de, gele-
jek meselesinde-de, taryhy ykbal, taryhy pursat, ýitirilýän pursat
barada-da ahmyrly dymmaly bolýarys ýa-da ýarymçyklyk bilen
pyşyrdaýarys. Il ýüzüne aýdandan, diýenden boljak bolýarys.
Bokurdagymyza sygdygyndan gygyryp bilemzok. Sebäbi biz
öňünden özümizi, öz messebimizi, mertebämizi satýarys. . . ”
Meniň bujagaz pikirlerim hiç kime gerek däldi. Ýöne men
ol pikirlerden el çekmeýärdim. Hut şu-da meni iki gezek türmä
eltipdi. Munuň şeýle boljagyny öňünden görüp bilmändim ýa
pikir etmändim diýsem ýalňyş bolardy, ýöne öz ýüregimden
dänip bilmedim, onuň raýyna gitdim diýsem dogry bolar. Şo-
nuň üçinem 1997-nji ýylyň iýulynda Moskwadaky tanyşlarymda
“Ýowşan Annagurbandan, maglumat üçin” diýen belgi bilen şu
aşakdaky ýazgyny galdyrypdym:
“Şu ýylyň 26-njy iýunynda meniň öýüme Türkmenistanyň
milli howpsuzlyk komitetiniň iki sany işgäri geldi. Olaryň biri
özüni Oraz (Annamyradow), beýlekisi Muhammet diýip tanytdy.
Dogrusy, men olara garaşýardym. Bu duşuşyga özümi taýynla-
jak bolýardym. Esasanam özümi sowukganly alyp bararyn diýip
pikir edýärdim. Emma bu diýenim bolmady. Olary görenim-
den gan basyşym ýokarlandy, kelläm güwläp başlady. Sebäbi
şol halatda 1995-nji ýylyň 25-nji iýulyndan 1996-njy ýylyň 11-nji

75
ýanwaryna çenli MHK-nyň bendihanasynda gören görgülerim
ýadyma düşdi. Ol ýerde meni alty aýlap “terbiýelemäge” çal-
şypdylar. Günaşa diýen ýaly gürrüňdeşlige çagyryp, özüme
haýpym gelmese, çagalaryma haýpymyň gelmegini “sorapdy-
lar”. “Birden çagalaryňa bir zat bolaýsa nätjek?” diýip, köpma-
nyly duýduryşlar beripdiler. Her hili ölümiň bardygyny, şol
sanda masgraçylykly ölümleriň hem bardygyny, beýle zatlary
guramagyň aňsatdygyny, şondan soň maňa bütin iliň nälet oka-
jakdygyny, hatda çagalarymyň hem ömür ýüzüni sallap, egnini
gysyp ýaşajakdyklaryny “düşündirmäge” çalşypdylar.
MHK-çylar maý aýyndan bäri Azatlyk radiosynda açyk çykyş
edýänligim üçin gelendiklerini, munuň başlyklara ýaramaýan-
dygyny, şu sebäbe görä-de meniň radio bilen aragatnaşygymy
kesmelidigimi aýtdylar. Azatlyk radiosy diňe prowokasiýa bilen
meşgul, ondan idili zat eşidip bolanok, ol öz hojaýynlarynyň üýr
diýen zadyny üýürýär” diýdiler. Men radionyň üsti bilen hiç ki-
me töhmet atmandygymy, diňe türkmen şahyrlary, tirýek belasy
barada öwüt-ündew häsiýetli çykyşlar edendigimi, öz goşgu-
larymy okandygymy aýtdym. MHK-çylar meniň aýdanlarymy
diňlemek hem islemediler (Sebäbi olara berlen tabşyryk şeýledi).
Özleriniň meniň talantyma uly baha berýändiklerini, gadagan
edilmezimden ozal gazetlerde çykan zatlarymy hezil edip okan-
dyklaryny gaýtalap-gaýtalap aýtdylar we “özümi aýamagymy”
maslahat berdiler. “Eger saňa indi bir zat bolsa, özümiz-ä gaty
gynanjak. . . ” diýdiler.
Men Türkmenistanda 1993-nji ýylyň oktýabryndan bäri bir
setirimiň hem çykarylmaýandygy üçin Azatlykda çykyş edendi-
gimi, bu işi gelejekde-de dowam etdirmeli boljakdygymy aýtdym.
Olar “Biz saňa düşünýäris, ýöne başlyklar “bes etsin” diýdiler,

76
biz senden haýyş edýäris, radiodan araňy aç, ýogsa-da. . . özüň
bilýäň. . . ” diýip, meniň bilen keýpsiz hoşlaşdylar. Men türkmen
häkimleriniň başga pikirlileri, režimi goldap çykyş etmeýänle-
ri nähili kyn güne salýanlaryny bilmän duramok. Indi meniň
janyma çynlakaý howp abanýar diýip pikir edýärin. . . ”

* * *

MHK-nyň ölüm hüjresinde otyrkam “indi dymaýyn, garaşa-


ýyn, belki-de bu ýeňliş bolmaz, ýeňiş bolup çykar” diýen karara
gelipdim. “Belki, men diwary şol bir ýerden süsüp durandyryn,
aýlanyp gelip, başgarak ýerinden süsmelidirin, bu maňa aýla-
nyp gelmäge şert ýa mümkinçilik döredildigi bolmasyn birden”
diýip oýlapdym. “MHK bilen agyz deňäp, aň deňäp, olaryň
nälaçlykdan gurýan oýunlaryna gaty ýokary baha berip ýören
bolmaýyn, häzirki howp-hatardan sowulmaň gamyny iýeýin,
soňuny soň pikir edeýin” diýipdim. . .
Ýöne MHK (Garajaew, Otuzow, Allakulyýew) türmäniň için-
de däl, daşynda hem bolsam, ýurdumdan gaçyp bir ýerlere git-
semem menden we meniň maşgalamdan, hossarlarymdan el
çekmejegini, gözläp-agtaryp tapyp biljegini açyk aýdýardy.
Eger “Mähriban prezidentim” diýip ýazyp başlamasam, çyn-
dan toba edip, hökümete ak ýürekden gulluk etmesem, “biderek
özümi ýakmagymyň mümkindigini” KNB-de, 12-nji noýabrda
maňa “sud eden” uly üçlük— MHK-nyň başlygy M.Nazarow,
Içeri işler ministri G. Kasymow, Baş prokuror G. Atajanowa dagy
hem “düşündirme” kemini goýmandy. Olar “Prezident saňa
indi ikinji gezek rehim edýär, üçünji gezek rehim etmez” diýip,
hamala, men bir ile sygmajak jenaýat edip, günämiň geçilmegini

77
soraýan ýaly, prezidentem maňa üýtgeşik rehimdarlyk edýän
ýaly, oňa çensiz-çaksyz minnetdar bolmalydygymy gaýta-gaýta
ýanjadylar. Eger indi “sylagymy bilmesem”, bu zatlaryň meniň
üçin gaty erbet gutarjakdygyny berk duýdurdylar ýa-da duýdur-
dyk etdiler. Ýöne men ýene-de dymyp bilmedim, dymmadan
geçen, Azatlykda çykyş etmegimi dowam etdirdim, täze zat ýa-
zyp bilmesem, köne, türmede ýazan goşgularymyň radiodan
eşitdirilip durulmagyny haýyş edip, Praga habar ýetirdim.

* * *

MHK-nyň başlygy M. Nazarow çagyrdy. Ol:


— Seň özüň “goşgularymy efire beriň” diýip habar edýämişiň
ahyryn — diýdi.
Men sesimi çykarmadym.
— Şu zatlardan soň hem toba etmediň. Indi biz saňa näme çä-
re göreli? — diýip, MHK-nyň general-leýtenanty meniň gözümiň
içine seretdi.
Soň ol meniň içalyçylyk, ýagny harby maglumatlary ýurtdan
çykarmak synanyşygym baradaky “jenaýat işimiň” ýapylman-
dygyny, derňew möhletiniň uzaldylandygyny, haçan isleseler
yzyma, türmä ýygnap bilýändiklerini, belki, täze jenaýat işini
açmaklarynyň hem bolup biljekdigini aýtdy. Men ýagşydan-ýa-
mandan sesimi çykarmadym. Nazarow öňki aýdanlarynam az
görüp:
— Öler gidersiň, çagalaryň dökülip galar, hemme zat gutarar
— diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Men ýene-de sesimi çykarma-
dym. Nazarow muny razylyk hökmünde kabul etdi we has

78
aňryk gitdi: — Biziň diýenimiz bilen bol-da, Türkmenistanyň de-
mokratiýa we ynsan hukuklary institutynyň direktory Wladimir
Kadyrow bilen duşuşyp, diskiň hakykatdan hem özüňkidigini
tassyklap ber. Onuň ýanynda daşary ýurtly myhmanam boljak.
Şondan soňam diliňe bek bol. . .
Men:
— Ýok, men siziň bu diýeniňizi edip biljek däl — diýdim.
Nazarowyň gözleri dälirän öküziň gözi ýaly alardy.
— Onda indi näme bolsa, özüňden gör, biz saňa kömek etmek
üçin elde baryny etdik, seň özüň özüňe kömek etmek isläňok. . .
— Nazarow soňky sözüni aýdýan adamyň äheňinde gürledi.
— Ýok, maňa näme bolsa, men ony sizden görerin, meniň
maşgalam, il-gün hem sizden görer. Men munuň öňünden ala-
dasyny etdim we ähli zady ýazyp, degişli ýerlere iberdim. Maňa
bir zat bolsa, ol ýazgylar çap ediler we adamlar hakykatda näme
bolanyna göz ýetirerler. . . — Men “elbetde, duşmana syýasat
ýagşy” diýlenini etdim.

* * *

“Wesýetnama.”
Men, ýazyjy Ýowşan Annagurban, 1998-nji ýylyň 7-nji hem
9-njy fewralynda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň
başlygy general - leýtenant Muhammet Nazarowyň kabinetinde
we MHK-nyň kontrrazwedka bölüminiň naçalnigi, polkownik
Annamyrat Garajaewiň kabinetinde meniň bilen ýörite geçiri-
len nobatdaky “söhbetdeşliklerden” soň ýazyp mälim edýärin:
eger maňa indiden soň bir zat bolsa, niçiksidir bir akyla syg-
majak töhmet bilen türmä basylsam ýa gümürtik ýagdaýlarda

79
ýitirim edilsem, ýol heläkçiliginde wepat bolsam ýa-da näbel-
li adamlar tarapyndan öldürilsem, tussaglykda heläk bolsam,
dälihana atylsam. . . maşgalama, çagalaryma, öý-ojagyma, ga-
ryndaş-hossarlaryma kast edilse bary diňe bir ýerden, prezident
Nyýazowdan we Türkmenistanyň nyýazowçy ýolbaşçylaryndan,
şolaryň ýörite hakyna tutan adamlaryndan, MHK-dan we Içeri
işler ministrliginden, hökümetiň arkasyndan bikanun baýamaga
mümkinçilik döredilen wezipeli-çinli kanunlaşan ogrulardan
gaýdýandyr. Olar maňa öňki hem soňky tussaglygymyň bütin
dowamynda “hökümet bilen oýun etmezligi” maslahat berdiler,
ýogsa-da “gowulyga garaşma” diýip haýbat atdylar. Ine, indi
ikinji gezek tussaglykdan boşadylanymdan soň hem olar şol öň-
ki haýbatlaryny gaýtalaýarlar. “Şu ýurtda ýaşajak bolsaň, dym,
ýogsa-da diri gezmersiň” diýýärler.”
Men bu wesýetnamany togsan sekizinji ýylyň ýedinji hem
dokuzynjy fewralynda ilki KNB-niň başlygy Nazarowyň kabine-
tinde, soň kontrrazwedkaçy Annamyrat Garajaewiň kabinetin-
de özümi “amatly wagta garaşyp çakmaga häzirlenýän zäherli
ýylan” diýip atlandyranlaryndan we şol ýylan hökmünde öl-
dürjekdiklerini bir general-leýtenant bilen bir polkownik açyk
aýdanyndan soň ynjalman ýazdym.

* * *

Ýatlama.
Men Aşgabadyň “Parahat” mikroraýonyndaky gyzyl reňk-
li dokuz gat jaýlaryň birinde, has takygy, 68-nji jaýyň 149-njy
kwartirasynda, üçünji gatda ýaşaýardym. Mart aýynyň onuna,

80
on birine aýalym öýde gaz ysynyň bardygyny, bu ysyň agşam-
laryna gowy bildirýändigini aýtdy. Degişli ýerine telefon edip,
oýe gelip görmeklerini soradym. Geldiler. Ýöne bilibilen zatlary
bolmady.
Ertesi bu barada ýokarky gatda ýaşaýan goňşyma aýtdym.
Ol öz öýünde hem bir ýerlerden gaz ysynyň gelýändigini gürrüň
berdi.
12-sinden 13-ne geçilýän gije, sagat 10 bilen 11 aralygynda
aýalymy gaz tutdy. Ol wannaly otagdan çykyp, “maňa bir zad-a
boldy” diýip, düşege süýndi. Men “Tiz kömege” telefon etdim.
Şol wagtam ýokarky goňşym gelip, wannaly otagda aýalyny gaz
tutandygyny aýtdy.
“Tiz kömek” maşynynda aýalymy 11-nji mikroraýondaky
keselhana alyp geldik. Ýöne maşynyň öňünden çykyp, hassanyň
derdine em etjek bolup howlugýan wraç ýa lukman ýokdy. “Tiz
kömegiň” wraçy meniň özümiň keselhananyň nobatçy wraçy
bilen “düşünişmelidigimi” aýtdy. Men ak halatly uzyn adamyň
ýanyna baryp, aýalymy gaz tutandyr öýdüp çak edýänimizi,
onuň essi aýylyp ýatanyny aýtdym. Nobatçy wraç keselhananyň
gaz tutan näsagdan doludygyny, gaz tutan-beýlekä kislorod beril-
ýän otagda ýer ýokdugyny aýtdy. Men “Tiz kömegiň” wraçynyň
ýanyna baryp, bolan gürrüňi aýtdym. Ol: “Gadryňy bilerin diý”
diýdi. Onsoň men yzyma dolanyp baryp, aýalyma kömek etse-
ler, wraçlaryň gadryny biljegimi aýtdym. Şondan soň derrew
tigirçekli kürsi peýda boldy we aýalymy şol kürsüde oturdyp,
ýokarky gata alyp gitdiler.
Diýilýän palatada, ýagny näsaga kislorod berilýän otagda
başga bir näsagam ýok ekeni. Aýalymy ýörite bir enjamyň içine
saldylar. . . Men koridora çykdym. Şol wagtam ýanyma bir polis

81
işgäri geldi. Ol meniň aýalymyň düşen ýagdaýy barada käbir
formallyklary ýerine ýetirmelidigini aýtdy. Men oňa “başüstü-
ne” diýdim. Ol oturyp, bir tagta kagyza bir zatlar ýazdy-da,
şoňa gol çekmelidigimi aýdyp, bir tagta kagyzy elime tutdurdy.
Men ol kagyza ýüzleý göz gezdirdim. Ol ýerde meniň, ýagny
Ýowşan Annagurbanyň bolan iş babatda hiç kimden arz-şika-
ýatynyň ýokdugy aýdylýardy. Men polis işgärinden “Bu näme
diýildigi?” diýip soradym. Ol şu hili ýagdaýda hemişe şeýle
ýazýandyklaryny aýtdy we meniň bu zatlara kelle agyrtman, gol
çekip goýbermegimi maslahat berdi.
Men:
— Ýok, men gol çekip goýberjek däl, bu işiň änigine-şänigine
ýetjek, ýagny arz etjek — diýdim.
Polis işgäri ajy ýylgyrdy-da:
— Bileniňden galma — diýdi.
Keselhanadan dolanyp gelemizde çagalarym ol polisiň ilki
oýe gelendigini we gapyny açdyrjak bolandygyny, “kakamam,
ejemem ýok” diýip, gapyny açmandyklaryny gürrüň berdiler.
Ertesi irden öý uprawleniýesinden iki sany adam gelip, aşaky
gatda bir goňşymyň bikanun gaz peç oturdandygyny hem tur-
basyny umumy howaçekere sapandygyny aýtdy. O goňşymyň
öýüne baryp gördüm. Ol öz pejini birnäçe ýyl bäri ulanýandy-
gyny, emma öň beýle zadyň bolmandygyny aýtdy.
Bolan wakany eşidip, oýe ýagdaýmyzy soramaga gelen dost
oglan jaýyň ýokarsynda biriniň howaçekeriň agzyny petiklän
bolmagynyň mümkindigini aýtdy.
— Eger gaz syzýan bolsa, näme üçin diňe agşamlaryna, arasy
kesilip, belli wagtlar, ýatyljak wagty syzmaly? Bu ýerde bir işler
goparylýan bolmasyn? Ýokardaky howaçeker gije petiklense

82
doly ýanmadyk gaz wannadaky howaçekerden içerik urmaly,
başga gidere ýeri ýok. . .
Dost oglanyň bu çaklamasyndan soň oturyp, bolan zatlary
bir-bir kagyza geçirdim hem-de öz etrabymyzyň halk suduna,
Teke bazarynyň ýanyndaky adalat jaýyna bardym. Ýöne ol ýerde
meniň arzamy hasaba almajakdyklaryny, sebäbi beýle arzalary
hasaba almaýandyklaryny aýtdylar. . .

* * *

“Gaçmaly, ýurtdan daşaryk çykmaly” diýen karara ikinji ge-


zek ölüm hüjresiniň gapysyndan salyp, daşymdan gulp uranla-
rynda gelipdim. Ýöne MHK-nyň bölüm müdiri Begmyrat Otuzo-
wyň “Ýurtdan çykjak bolup synanyşsaň, ýene şu ýere getirerler,
çykylýan ýerleriň hemmesinde adyň bardyr” diýen sözleri hem
ýadymdady. Gaçmalydym, ýöne ele düşmeli däldim. “Dost og-
lan” göni aeroportdan, Aşgabadyň uçar meýdanyndan uçmak
wariantyny öňe sürýärdi. Şol ýerde bir jogapkär işgär oňa bäş
ýüz dollara islendik adamy daşaryk çykyryşmaga söz beripdir.
Ýöne ol bu wariantdan ätiýaç hem edýärdi, “sen indi aeroport-
da hem tanalýan adam, şu sebäpden ol ýerde bize ýüz prosent
kepillik ýok” diýýärdi. Soň ol bir dindaryň maşynynda çykyp
boljagyny, ony serhetden geçende barlamaýandyklaryny aýtdy.
Ýöne bu pikirden hem kän göwnümiz suw içmedi.
Gaçmak pikiri soňabaka düýşüme-de girip başlady. Düýşüm-
de men köplenç ýa türmede otyryn-da, şol ýerden gaçmagyň
planyny çekýärin, ýa-da türmäniň daşynda ýurtdan gaçjak bolup
başagaý bolup ýörün. Birde elim arkamda soraga barýan bolsam,

83
birde basgançak bilen aşak düşüp, ölüm hüjresine girip barýa-
ryn. Ýa-da bolmasa, tussaghananyň agzyndaky demir gözenege
daňlan gara it atylyp üstüme gaýdýar. Gygyrjak bolýaryn, ýöne
hiç sesim çykmaýar. Birdenem bir ýerden egni general ýyldyzly
Muhammet Nazarow peýda bolýar-da, üstüme gygyrmaga baş-
laýar: “Sen näme üçin ýatan itiň guýrugyny basýaň? Sen näme
üçin ilden akylly boljak bolýaň? Bes et diýilmedimi saňa, adam
diline düşüneňokmy, ýa saňa it dilinde aýtmalymy?..”
Men oňa jogap bermäge synanýaryn. Ýöne ýene sesim çyk-
maýar. Onsoň elime çöp alyp, ýere hat ýazýaryn: “Men hakykaty
ýazjak bolýan, ol diňe maňa däl, saňa-da gerek!”
Nazarow ýumrugyny düwüp arlaýar: “Ýok, ýazma sen şony,
seň ýazan hakykatyň hiç kime gerek däl. Asyl hakykat gerek däl
hiç kime. Hakykaty okajak, hakykata düşünjek milletiň barmy
seň? Aja çörek gerek, garny doýana keýp, ýöne hakykat gerek däl,
dä-äl. . . ” Onuň sesi daglara, derelere düşüp, ýaňlanyp gidýär.

* * *

General Nazarowdan düýşümde eşiden sözlerimi agam Çary


Annagurbana gür berdim. Agam:
— Dogry hem bolmagy mümkin şoň şol aýdýany, ýöne seň
hakykatyň Oraz Şyhmyrada-ha gerek ýaly - diýdi.
— Oňa hakykat nämä gerek? Ogly prezidentiň orunbasary,
hakykatsyz geçmeýän güni barmy?
— Onçasyny biljek däl, ýöne saňa “hökman gelsin” diýdi.
Pata ýerinde duşdy, “gowşurmaly amanadym bar” diýip sargap
galdy.

84
— Barasym gelenok, öňki gezegem seň ýüzüňden geçip bil-
män bardym.
— Şu gezegem bar, gaty çyny bilen haýyş etdi.
Dogrusy, meniň Oraz Şyhmyradow diýilýän adam bilen ýa-
kyn tanyşlygym ýokdy. Ýöne agam “seni Oraz aga soraýar, “Türk-
meniň ogullary” poemasyny getirsin” diýýär, keselhanada ýa-
tan adam, göwni galmasyn, baryp gaýdaý” diýensoň, men uni-
wersitetiň ýanyndaky keselhana ýaşulyny soramaga barypdym.
Žurnalist Kakaly Berdiýew bu keselhana “Syrty kädilileriň ke-
selhanasy” diýerdi. Oraz aga şonda meniň goşgularymy hezil
edip diňleýändigini aýdypdy.
Çary kakamyň amanatly gürrüňinden öň Oraz Şyhmyradow
meniň öýüme telefon edip, “gözaýdyň” hem aýdypdy. Onsoň,
“gel, baryp göreýin-le” diýip, agamyň salgy boýunça, Oraz Şyh-
myradowyň “Mir” kinoteatrynyň golaýyndaky öýüne gitdim.
Ýaşuly köp gatly jaýyň birinji gatynda oturýan ekeni. Men onuň
jaýynyň mellek ýerli tarapyndan baryp, balkonda oturan iki gar-
ra, är-aýala salam berdim. Oraz aga sandyrap ýerinden turup,
meni gujaklady hem sojan ýaly etdi. Soň gözüni süpürip, otur-
gyjynda oturdy.
— Seni öňki gezek göremde gujaklamanyma, bagryma bas-
manyma gynanyp ýördüm, ine, indi boldy — diýip, ýaşuly be-
gençli gürledi. Soň ol menden türmede gynap-gynamanlaryny
sorady, gün-güzeranym bilen gyzyklandy. Çagalarymyň sanyny
sorady. Ogly Boris Şyhmyradyň adyny “Boris Orazowiç” diýip
tutup, bir zatlar aýtjak boldy. Soňam özünde biraz artyk pul
bardygyny, şony maňa bermegi niýet edendigini aýtdy. Men ony
beýle zada zerurlygyň ýokdugyna ynandyrjak boldum. Emma
ol meni diňlemän, gidip içerden birküç daňy türkmen manadyny

85
getirdi. Men onuň uzadan puluny almajak bolup yzyna itdim,
emma ýaşuly birerbet müzzerip, puly almagymy haýyş etdi. On-
soň ol puly alyp, gapdalymda goýdum. Ýaşuly muňa begendi
hem maňa bu günleriň geçjegini aýdyp göwünlik berdi. Sowet
ýyllarynda özüniň hem ýanalandygyny aýtdy. “General Naza-
rowyň kakasy Garyp Nazarow bolmaly, men ony hem tanaýan”
diýip, üzlem-saplam bir zatlary gürrüň berjek boldy. . .
Agşamlyk Çary kakam: “Bardyňmy? Oraz Şyhmyradyň
“amanat” diýýäni näme ekeni?” diýip sorady. Men onuň üç
ýüz müň manat pul berendigini aýtdym. “Päh-aý, gara g. . . ” di-
ýip, agam sögündi. Soňam “dollaram berip bilmändir-ow, pakyr,
eli gaty ýuka-da!” diýdi. . .

* * *

Terjimehaldan.
Mart aýynyň 21-ne (1998) men çagalarym bilen Tejene gitdim.
Çagalaryma kanikulda eneleriniň ýanyna äkitmäge söz beripdim
hem dogan-garyndaş bilen aýtman hoşlaşmakçydym.
Tejende düýş gördüm. Düýşümde MHK-nyň başlygy Naza-
row meniň bilen surata düşýärmiş. Men onuň ýanyndan beýlerä-
ge çekiljek bolýarmyşym, ol bolsa ýene maňa tarap süýşýärmiş.
Oýanyp, “bular goýjak däl-ow” diýip, gören düýşümi agama
hem kakama gürrüň berdim. Tejenden Aşgabada gaýdyp gele-
nimizde, dogrudanam özümi mhkçylaryň gözländigini bildim.
Olar meni sorap gaýnymlara çenli barypdyrlar. Şol günem MH-
K-a çagyrdylar. Çärjew Sähetmyradow atly sülçi meniň daşary
ýurt pasportymy alyp, öz ýanyna gelmelidigimi aýtdy. Bardym.
Ol menden “seniň bizde galan zadyň barmy?” diýip sorady. Oňa

86
mikrokassetalaryň daşgabynyň galandygyny aýtdym, ol diýen
zatlarymy seýfinden çykaryp berdi. Mundan öň men MHK-
-nyň başlygynyň adyna arza ýazypdym we öz öýümden alnan
zatlaryň, dokumentlerimiň hem derňew bölüminde ogurlanan
kurtkamyň gaýtarylyp berilmegini sorapdym. MHK-nyň der-
ňew bölüminiň naçalnigi Otuzow meniň zatlarymy gaýtaryp
beripdi we ogurlanan kurtkamyň deregine ABŞ-nyň 100 (ýüz)
dollaryny “eçilipdi”. Men ozal oňa ogurlanan kurtkamyň iki
ýüz dollara durýandygyny duýdurypdym, emma mhkçylaryň
bermäge däl-de, almaga-talamaga has ýakyndygy, ogurlanan
kurtkaň öwezine bir zatjagaz berýänine-de öläýjek bolýandygy
naçalnigiň ýüzünden-gözünden görnüp durdy. Ol maňa şonda,
gör, näçinji gezek islendik wagtda “jenaýat işimi” galdyryp hem
türmä basyp bilýändiklerini düşündiripdi, şäherden çykmazlyk
hakynda dilhaty berendigimi ýatladypdy. “Uly üçlügiň” sudun-
da sud edilemde aýdylan zatlary — indi hökümete garşy gitsem
gowy bolmajagyny, Nazarowyň hut özüniň aýdan “üçünji gezek
duşuşsak seniň üçin gaty erbet gutarar, sen uçut gaýanyň üstün-
de dursuň” diýen sözlerini ýatladypdy. Çärjew Sähetmyradow
pasportymy goýup gitmelidigimi, munuň hiç ýerik gitmezligim
üçin gerekdigini aýtdy, işiň ýapylmandygyny, birki hepdeden
soraga çagyryp başlajakdygyny duýdurdy. Men ondan “indi
nämäniň soragyny etjek, öz toslan işiňizi, mejur edip boýun aldy-
ran zatlaryňyzy gaýtadan sorajakmy” diýip sorajak boldum hem
onuň diňe ýumuş oglanydygyny, agamyň aýdýan “pul berse-
ler, maslygyň üstünde tans ederler” diýýänlerindendigini ýatlap
dymdym.

87
* * *

Içgepletme.
Her näçe ýokuş degse-de, biz öz Türkmenistanymyzyň tür-
mä öwrülip barýandyginy boýun almaly. Bu türmäni biz üçin
sowet göýdükliginiň ähli sypatlaryni özünde jemlän kiçijik dik-
tator — öňki kommunist, şindiki hajy S. N. gurýar. Ýok, ol bu
türmäni tarpdan gurmaýar, sebäbi onuň hiç bir zady tarpdan
gurmaga başarnygam, ukybam ýetjek däl. Ol bu türmäni bize
öňki sowet türmeleriniň ýykyk diwarlarynyň üstünden gurup
berýär. Biz oňa ilki göwnüýetmzlik edenem bolsak, ol bizdäki
ähli ejizlikleri gaýtadan janlandyrmaga we öz türme gurluşygyn-
da ulanmaga ukyply “gurluşykçy” bolup çykdy. Ýaranjaňlygy
hem ýalançylygy, ogurlygy hem parahorlugy ata-baba ýigrenip
gelen türkmenler mätäçlikden gelip çykýan tamakinçilik bilen
ýaranjaňlygam etdiler, ýalanam sözlediler, ogurlykdyr parahor-
lukdanam gaýtmadylar. Bu pes gylyklar öz gezeginde beýleki
bir pes gylyklary oýardy, beýleki pes gylyklaram ýene beýleki
pes gylyklary oýardy. Netijede, biz özümiz üçin gurulýan tür-
mäniň diwarlaryny öz körlügimiz hem kerligimiz, lallygymyz
hem güňlügimiz bilen beýgeldip hem galňadyp başladyk. Bu
agyr hem güzaply iş indi Türkmenistanda ençeme ýyl bäri do-
wam etdirilýär, emma biz öz ýalňyşymyza düşünmäni we yza
gaýtmany kyn görýäris. Tersine, hiç bir zat gopmadyk ýaly, hiç
bir üýtgeşik erbetlik ýok ýaly, parhsyz bolan bolýarys.
Dogrusyny aýtsak, öňki sowetistanyň nähili türme bolandy-
gyny hem biz "üýtgedip gurmak" döwründen soň bilip galypdyk.
Öň bu barada bizde beýle bir doly düşünje ýokdy. Ol düşünje
diňe indiden soň, sowetistan türmesiniň kiçeldilen hem agyrlaş-

88
dyrylan görnüşini öz başymyzdan otly tagan edip geýdirdeni-
mizden soň döredi.
Eýsem-de bolsa, biz henizem öz ýurdumyzyň aýylganç tür-
mä, özümiziň bolsa bendilere, uçdantutma tussaga öwrülip bar-
ýanymyza ynanyp bilemzok, muňa asla ynanasymyz gelenok.
Sebäbi biz hiç haçan tutuş bir ýurt türmä öwrülip biler, tutuş
bir halk tussag bolar diýip pikir etmändik. Emma öňki sowet
bikanunçylygy-da amerikan hem iňlis kanunçylygy ýaly görnüp,
görlüp-eşidilmedik türkmen bikanunçylygyna uçranymyzdan
soň, bu barada islesek-islemesek pikir etmeli bolduk.
Türkmen öň kyn gününde "Nan atly boldy, biz pyýada" di-
ýen bolsa, biz indi “Azatlyk “Mersedesli” boldy, biz pyýada”
diýmeli bolduk. Munuň üstesine, biziň türkmen türmämiz bilen
sowet türmeleriniň arasynda uly bir tapawudam bar. Öňki sowet
türmeleri ummasyz uly territoriýany öz içine alýan ägirt SSS-
R-iň halklaryna niýetlenen bolup, bu türmeleriň özüne kybap
kanunlary hem bardy. Türkmen türmeleri bolsa, az sanly türk-
men halkyna niýetlenen bolup, bu tümelerde hiç hili kanunçylyk
ýok, tersine bikanunçylyklaryň heniz görülmedikleri oýlanylyp
tapylýar. Ummasyz uly territoriýaly sowet halkyna niýetlenen
türmeler, halkyň känligi üçin hemem az-maz ýazylganlyk müm-
kinçiliginiň bolanlygy üçin, az sanly türkmen halkyna niýetlenen
we hiç hili ýazylganlyk barada pikirem edip bolmaýan türkmen
türmeleri bilen deňeşdireniňde has rahat we has howpsuz gö-
rünýär diýsek, hiç hili öte geçdigimiz bolmasa gerek. Öňki sowet
türmelerinden adamlar ýigrimi ýyldan soňam diri çykyp gelip,
kitap dagam ýazyp bilipdirler. Türkmen türmelerinden bolsa, on
ýyldanam diri çykmak müşgil. Ýöne diri çykaýaňda-da uzak ýa-
şaryn öýtmeli däl, goşuňy düwüp, o dünýä taýyn bolup, jandan

89
umydyňy üzüp oturmaly. Ýene bir zat, öňki sowet türmelerini
daşynyň belent haýatlary hem tikenli simleri bilen hol allowar-
radan hem tanap-bilip bolan bolsa, häzirki türkmen türmesiniň
nireden başlanyp, nirede gutarýanlygyny hiç kim bilenok. Se-
bäbi Türkmenistanda türmeler-ä bir türme, türmäniň daşy iki
türme. . .

* * *

Ýatlama.
Meniň MHK sergezdanlyklarym Isgender Gurbanowyň iş
kabinetinden uç alypdy. Onuň kabinetine men MHK-nyň iki sa-
ny nökeriniň öňüne düşüp geldim. Olar meni öýümden, “Jipli”
alyp gaýdypdy. Şonda men MHK-nyň gapysyndan üçünji gezek
ätleýärdim. Ondan öň bu ýerik bir ýylrak ozal MHK-nyň başlygy
Saparmyrat Seýidow çagyrypdy (Bir türkmen “Dünýäni Sapar-
myrat ald-aýt. . . Prezidentem Saparmyrat, KGB-de Saparmyrat,
Azatlykda çykyş edýänem Saparmyrat, Yssambyl türmesine taş-
lanýanam Saparmyrat. . . ” diýip käýinende hemme kişi gülýär
diýýädim welin, gülmezçe-de däl eken. Ýöne bu biraz agyňam
tutdurýar). Ol meniň bilen hiç bir edarada işlemeýänligim bara-
da gürleşipdi we redaksiýalaryň birine baryp, işe dursam gowy
boljakdygyny aýdypdy. Soň bu ýere MHK-niň aýratyn möhüm
işler boýunça derňew bölüminiň sülçüsi Sergeý Murawenko ça-
gyrypdy. Ol meniň togsan üçünji ýylyň sentýabrynda maşyn
satyn alan firmam hem onuň başlygy bilen başga nähili gatnaşy-
gymyň bolandygyny sorapdy we bu barada düşündiriş alypdy.
Indi MHK-nyň gapysyndan üçünji gezek ätleýärdim. Bu gezek

90
Aşgabatda togsan bäşinji ýylyň 12-nji iýulynda bolup geçen pa-
rahatçylykly demonstrasiýa üçin çagyrýardylar.
Şeýdibem meniň ölmezden öň gören dowzah azaplarymyň
başy başlandy. Isgender atly mhkçy nähili dokumentimiň bardy-
gyny sorap, eline beren gyzylja “dokumendimi”, SSSR Ýazyjylar
soýuzynyň agzasylygym baradaky biletimi ünsli synlady. Soňra-
-da:
— Bu näme, gaty akkuratny-la? — diýdi.
Men ýylgyrasym gelmese-de ýylgyrdym:
— Sebäbi meň özümem akkuratnyý adam-da. . .
Ol ýene biletiň eýlesine-beýlesine seretdi:
— Ýazyjylar soýuzyna 1989-da giripsiň, ýöne bilediňi kän
ulanmansyň öýdýän. Diýseňem, özüň-ä gaty akkuratnyý däl
ekeniň. . .
Onuň bilen gep uruşdyryp oturmazlyk üçin dymdym. Şon-
dan soň ol meni MHK-nyň başlygynyň orunbasary Muhammet
Nazarowyň ýanyna alyp bardy. Biziň Muhammet Nazarow diýil-
ýän bilenem gürrüňimiz alyşmady. Onsoň ol jaň edip, Isgenderi
ýanyma salyp, meni Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orun-
basary, general-maýor, il içinde “gök general” ady bilen meşhur
Amangeldi Geldigurbanowyň ýanyna ugratdy. MHK-dan IIM-e
çenli aralykda Isgender mhkçy meni biraz terbiýelejek boldu-
my, ýa öz günäsini ýeňletjek boldumy, biraz ýumşady. Özüniň
ýazyjylara kömek edendigini, käbirleriniň eserlerini çap etdiren-
digini aýtdy. Men oňa MHK ýaly edaranyň gapysyndan gelip
çap etdiriljek hekaýanyň ýa goşgynyň haýryndan geçjekdigimi,
asla şu režim dowam edýärkä hiç zadymy çap etdiresimiň hem
gelmeýändigini, ýöne bu režimiň hökman soňunyň geljekdigine
ynanýandygymy aýtdym. Ol bu sözleri gaty gördi we ýüzüni

91
öýkeli sallady, Geldigurbanowyň ýanyna barýança-da dymyp
gitdi.
General Geldigurbanow meni ör turup, ýylgyran bolup gar-
şylady.
Soň bu “generalyň” işden kowulanlygyny, Isgender atly mh-
kçynyň bolsa ýol heläkçiligine uçranyny eşidip, köne tanyşlary-
myň keç ykbalyna gynanman durup bilmedim. Ýöne şol wagt,
men olaryň elinde goly bagly perişankam welin, olaryň ýüre-
ginde hiç hili rehim-şepagat ýokdy. Olar hil bir uly jenaýatçyny
tutan ýaly, içlerinden heşelle kakýardylar. Sebäbi bu “iş”, näçe
çişirdikleriçe, olaryň özi üçin abraýdy. Şeýdip olar režimiň başly-
gynyň öňünde abraý donuny geýýärdiler. Bu don olaryň işleýän
sistemasyndaky bikanunçylyklary, ogurlyklary, parahorluklary,
talaňçylyklary ýapjakdy. Olar režimiň başlygynyň bikanun gör-
kezmesini ýerine ýetirmek bilen, öz etjek bikanun hereketleriniň
özleri üçin howpsuz bolmagyny gazanýardylar. Bu eýýäm ola-
ryň kemsiz bişirip, özleşdirip ýören biznesleridi, özara deň bäh-
bitli gatnaşyklary-hyzmatdaşlyklarydy. Şeýdip Türkmenistanda
öňki sowet döwründe bolanja kanunçylyk hem ýeriň teýine, zir-
-zibil çukurynyň düýbi deşik çeleginiň içine dykylypdy. . .

“Gök general” menden nirede işleýänimi sorady.


— Öýde, edebi-döredijilik işi bilen meşgul — diýip, oňa gys-
gaça jogap berdim.
— Öň nirelerde işlediniz?
— "Diýar" žurnalynyň baş redaktorynyň orunbasary bolup
işledim, ondan öň Türkmenistanyň prezidentiniň metgbugat
gullugynyň konsultanty bolup işledim. Ondan öň "Diýar" žurna-
lynda bölüm müdiridim. Ondan öň bolsa, "Edebiýat we sungat"

92
gazetiniň jogapkär sekretary wezipesinden öz arzam bilen işden
çykdym.
“Gök general” 12-nji iýul wakasy barada sorap, meniň lis-
towkalary ýazanlygym ýa ýazmanlygym, redaktirlänligim ýa
redaktirlemänligim bilen gyzyklandy.
Gürrüň Aşgbatda togsan bäşinji ýylyň 12-nji iýulynda bolup
geçen parahat demonstrasiýa barada barýardy. “Gök general”
bilen barýan bu söhbetdeşlik bolsa 24-nji iýulda bolupdy. Meden
öň žurnalist Muhammet Myratly ýygnalypdy, indi bolsa meniň
ýygnalmak gezegim gelipdi. Parahat ýörişe gatnaşan oglanlaryň
ýüzlerçesi Aşgabadyň 1-nji SIZO-synda ýatyrdy. Köşüli Suhan-
berdi Işanow bolsa, milisiýada sorag edilende berlen azap-ejir-
lerden soň, öýlerine baryp özüni asypdy. S.N.-ň režimi parahat
demonstrasiýa geçirmäge het edenlerden öç almagyň biri-birin-
den beter planlaryny biçýärdi. Telewideniýede prezidentiň baş
ýaranjaňy K. Ballyýew MHK-nyň başlygy S. Seýidow, Içeri işler
ministri G. Kasymow, Baş prokuror B. Aşyrlyýew dagy bilen
gepleşik gurap, on ikinji iýulçylara berkden-berk jeza bermek,
çäre görmek barada ündew edýärdi. Bu ündewiň aňyrsynda
öňki kelte kommunistiň öçlüje gözleri ýalpyldap gidýärdi.

* * *

Terjimehaldan.
Meniň türkmen türmesiniň proraby S.N. bilen tanyşlygym
"Edebiýat we sungat" gazetinde işleýän döwrümden başlandy.
Bir gün irden redaksiýanyň tankyt bölüminiň, soň üýtgedilip
atlandyrylyşy boýunça bolsa edebiýat bölüminiň gapysyndan
prezident geldi. Men gapyda duran pyýadanyň ýüzüni tanyş

93
görüp ýerimden galdym we onuň boýdan-başa Jygyllyk baza-
rynda satylýan eşikleri geýenligi üçin biraz ýaýdandym. Ýöne
bu şoldy, S.N.-di.
Men oňa salam berdim we gazet okap oturan ýoladaşyma
ümläp, özüm üçin geň wakanyň aňyrsyna ýetmäge howlukdym.
— Sapar Ataewiç, nähili, gowy dynç alyp bildiňizmi? Sag-a-
man geldiňizmi? — diýdim. (Ýalňyşmasam, bu onuň häkimlige
gelip, başga bir ýere soňky gezek dynç almaga gidişi bolupdy, ol
soň bir gezegem doly, rahat bir zähmet rugsadyna çykmandy.)
Ýoldaşym (Annaguly Nurmämmet) diňe şondan soň uzyn salyp
oturan aýaklaryny ýygnady we ýüzüne tutup oturan gazetini
aýryp, gapydan geleniň ýüzüne seretdi. S. N. özüniň tanalanyna
begenýän ýaly, ýylgyryp gelip salamlaşdy-da:
— Näme beýle irdenem ýadaw görünýäňiz? — diýip sorady.
— Gaty ýadadýalarmy ýa?
— Ýazan zadyňy çykartmak görgi bolsa ýadarsyň-da—diýip,
men ýüregimdäkini dile getirdim.
Garaşylmadyk myhman:
— Beh-beh, Akmyrat, hany maşyndan çilim alyp gel-le —
diýip, aňyrsynda birine ýüzlendi-de, kabinetiň içinde dyz eper
ýaly ýer gözledi. Men oňa oturgyç süýşürdim.
Şol döwür "Edebiýat we sungat" gazeti iň bir goh-galmagally
ýer hasaplanylýardy. Öňki baş redaktor Kakaly Berdiýew tanky-
dy äheňli makalalary köp çap edenligi üçin MK-nyň sekretary
Maýa Mollaewanyň gysyşlaryna çydaman işden gidipdi, täze
baş redaktor (T. Jumageldiýew) bolsa, gele-gelmäşe redaksiýa-
nyň birnäçe işgärini işden boşadypdy, ozalky çap edilen tankydy
makalalaryň garşysyna esassyz hem ýeterlik subutnamasyz ma-
kalalary çap etdiripdi we özüniň bu hereketine garşy çykylyp

94
ýazylan makalalary çap etmek islemeýärdi. "Çaň basan kitap-
lar" atly makalanyň awtorlarynyň biri hökmünde, şonuň ýaly-
-da birnäçe halk ýazyjysynyň eserlerini tankytlan ýaş tankytçy
hökmünde menem gara donlularyň biridim. Täze baş redaktor
meniňem her bir ädimimden ýalňyş gözleýärdi. Günde irden ge-
lip, kabinetimiň gapysyny bat bilen çekýärdi we meniň kabinetiň
içinde oturanymy görüp, ýüzüni ak tam edip gapyny ýapýardy.
Şeýlelikde, redaksiýada baş redaktoryň öz işe alan adamlary
bilen öňki işgärler arasynda açyk gapma-garşylyk emele gelipdi.
Bu zatlaryň üstesine, reslublikadaky iň bir erkin pikirli gazetleriň
biri bolan bu gazet ýurtdaky özgerişler barada hem öz sözüni
aýtmak isleýärdi. Täze baş redaktor bu ugurda özüçe hereket
edýärdi, käbir makalalary gözüni ýumup çap edýärdi. Sebäbi
oňa gazeti öňki derejesinden pese düşürdi diýen biabraýçylyga
galmak gerek däldi.
Meniň pikirimçe, şol ýyllaryň gazet-žurnallarynyň türkmen
metbugatyndaky hakyky janlanyşy alamatlandyrandygyny hiç
bir jähtden inkär edip bolmaz. Soň S. N.-ň režimi bu janlanyş
üçin žurnalistlerden hem, ýazyjylardan hem yzygiderli öç aldy,
erkin pikirli intelligensiýanyň demliginden demir penjesini saldy
we hiç goýbermedi.
"Edebiýat we sungatyň" redaksiýasyna N.-ň gelmegi we kol-
lektiwi ýygnap, ýygnakmy, maslahatmy geçirmegi şonda köp-
leri geň galdyrypdy. N. bolsa, günde-günaşa gulagyna degýän,
şol wagtky ideologiýa sekretary Serdar Rahymowyň eltýän gür-
rüňlerinden soň, "Edebiýat we sungatdan" hiç ynjalyp bilmän,
zähmet rugsadyndaka-da bu barada kän pikir edip, ahyry işe
çykan ilkinji güni redaksiýanyň gapysyndan ätläpdi. Baş redak-
tor salkyn kurortlaryň birinde dynç alyp ýördi, baş redaktoryň

95
orunbasary bolsa, edebiýatdan hem, sungatdan hem daş adamdy,
ýöne baş redaktorlykdan tamasy bardy. Onsoň S.N. kollektiwi
diňledi. Her kim bir zat diýdi. Ýöne döwlet ýolbaşçysy olaryň
nämedir bir zat dilärini isleýärdi we bu islegini diline getirýärdi.
Şeýlelikde, at-dereje, maşyn dilemeklige çenli barlyp ýetildi.
Men S.N.-den gazetlere näçe mümkin boldugyça erkinlik be-
rilmegini, "Mydam taýýardan" "Türkmenistan" /Şol wagt “Sowet
Türkmenistanydy”/ gazetlerine çenli başga pikirleriň hem çap
edilmegine ýol berilmegini haýyş etdim. “Žurnalistler döwlet
syrynam açmazlar, milletleri hem biri-birine öjükdirmezler, eger
bikanun hereket etsek, ýalňyş zat ýazsak, ilki çap etsinler-de, soň
ýazgarsynlar. Ýazygymyz bolsa, günäkär bilinsek sud etsinler,
türmä bassynlar” diýdim. S.N. öz asla islemeýän zadynyň dilene-
nini gaty gördümi, nämemi, ajy ýylgyrdy we “türme kyndyr-ow,
Ýowşan!” diýdi.
Men: "Kynam bolsa, günäkär bolsak, günämizi boýnumyza
goýsalar, jezamyzy çekeris" diýdim.

* * *

Ýatlama.
S.N.-ň "Edebiýat we sungatyň" redaksiýasyna gelip, kollek-
tiw bilen hem söhbet bolup gideninden soň kän wagt geçipdi,
kän suw akyp, kän ýel ösüpdi. Meni bolsa, şonda öz agzymdan
sypan söz — türme yzarlap ýören ýalydy. Ine-de men onuň ga-
pysynda. Gök general lakamly Geldigurbanowyň kabinetinde,
S.N.-ň jan ýaly jelladynyň ygtyýarynda otyryn. Ol häzir meni
goluma gandal saldyryp kapasa-da gabap bilýär, içime depdi-
riip, köçä-de zyňyp bilýär. Nyýazowyň režimi ýurtda hakyky

96
bikanunçylygy, biziň ozal asla göz öňüne getirip bilmedik eden-
-etdiligimizi kemsiz döredip ýetişipdi. Indi bu ýerde hiç kime
dadyňy ýetirerin diýip pikir etmeli däldi. Öňki arz edilýän ýa-da
arz ederin diýip gorkuzylýan Moskwa ýokdy, onuň asla bize
eli degenokdy. Türkmenler indi öz garaşsyz ýurtlarynda talap
edilen möçberdäki parany — bir gujak amerikan dollaryny ta-
pyp bilmänleri üçin atuwa höküm edilýärdiler. Ýöne bu möwç
alyp barýan neşe söwdasyny gowşadyp bilenokdy. Tagtabazar,
Guşgy, Saragt hemem goňşy Özbegistan, Owganystan, Eýran,
Pakystan taraplardan gelýän neşe maddalary köpelse köpelýär-
di, emma azalmaýardy. Emma hukuk goraýjy işgärler, ýörite
gulluklar gramlap tirýek satýanlary kowalan bolup, läheňleriň,
uly mukdarda neşe agdarýanlaryň golaýyna-da baranokdy. . .
Onsoň men general Geldigurbanow bilen gürrüňimiň alyşma-
jagyny öňünden hem bilmelidim. Sebäbi men bir işsiz, girdejisiz,
tirýek çekmäge-de, eger çilimkeş bolsam, çilim çekmäge-de gur-
by ýetmeýän ýazyjydym. Ol bolsa uly balyklar bilen bir ýerräkde
gyşlap hem ýazlap ýören "awçydy", generaldy. Ýöne onuň ýyl-
gyryp, "Häzir öz ýoldaşlaryň ýüzüňe durar" diýeni welin, şol
wagt çyn çykmady. 12-nji iýul demonstrasiýasyny gurnaýjylaryň
iki sanysy — Gulgeldi Annanyýazow bilen Hudaýberdi Aman-
durdyýew generalyň kabulhanasynda oturan ýerlerinden meni
tanaýandyklary barada, "olara listowkalary taýýarlap beren žur-
nalistligim" barada makullaýjy yşarat etmediler. Muny maňa soň
Aždaryň özi gürrüň beripdi /Aždar — Hudaýberdi Amandur-
dyýewiň lakamy/. Geldigurbanow meni kabinetinden çykyp
ugradan bolup, hoşlaşan bolup egläp, kabulhanada eli gandally
oturan oglanlara — Gyllaw bilen Aždara meni synlamaga şert
döredýärdi. Soň suda gatnadylanda aýdyşlaryna görä, şonda

97
Gyllaw bilen Ajdar maňa "bu däl" diýen manyda baş ýaýkapdyr-
lar, "şol" diýen manyda baş atmandyrlar. Onsoň şol gün men
gijäniň ýarynda oýe geldim. Ýöne ertesi, 25-nji iýulda ýene me-
niň yzymdan MHK-nyň işgärleri geldiler we ýene ýaşulularyň
çagyrýandygyny aýtdylar.
Ýene Geldigurbanowyň — Gök generalyň iş kabineti.
Indi maňa "şu hapadan çykmaz ýaly etjekdiklerini" arkaýyn,
hiç hili sypaýyçylyk etmän söz berýärdiler. Gök generalam, onuň
nökerleri bolan 6-njy bölümiň sülçüleri hem gaty arkaýyndylar.
Men soň şol gün Nyýazowyň özümi ýygnamak hakynda buýruk
berendigini bildim. Şol gün ol meniň hem žurnalist Muhammet
Myratlynyň haýal edilmän tussag edilmelidigim barada biziň
adymyzyň daşyny gyzyl galam bilen tegeläp görkezme beripdir.
Şondanam meni milisiýanyň beton diwarlaryna gabadylar. Ýüz-
leşdirmeler başlandy. Soň, gije bir çene baranda, 6-njy bölümiň
sülçüsi Hanlar Samedowyň kabinetinden, onuň gapyny içinden
ýapyp hem juda ýaýdanyp rugsat edenliginden peýdalanyp, oýe
jaň edip bildim. Ýoluma göz dikip oturan naçar aýalyma özümiň
gelip bilmeýändigimi, saklaýandyklaryny aýtdym.
Bu agyrdy. Ýöne kanunsyz ýurtda ýaşaýarkaň, adamlaryň
parahorluga, ogurlyga, neşe söwdasyna gözüni ýumup topul-
ýan hem diňe talap edilen möçberdäki dollary tapyp bilmeýän-
dikleri üçin “itden çykarylýan” ýurdunda gün-güzeran aýlajak
bolýarkaň hiç zady geňem, gatam görmeli däldi. Men muňa
düşünýärdim, ýöne özüme kast edilýändigini gaty görýärdim.
Ýüzleşdirme mahaly Aždar maňa 12-nji iýul demonstrasiýa-
syna gatnaşan oglanlaryň derňew izolýatorynda (1-nji SIZO-da)
on bäş gün bäri aç, diňe çilime oturandyklaryny aýdypdy. Men
onuň ýüzünden kemsidilmäniň, hukuksyzlygyň agyry-yzasyny

98
synlap, özüme hem garaşýan zatlar barada pikir etmäge ýetişip-
dim. Irden getirilenligime garamazdan, agşama çenli (howanyň
yssysyna garamazdan) maňa bir owurt suwam bermändiler. Soň,
gijäniň ýarynda MHK-niň derňew tussaghanasynyň koridoryn-
da gartaşan rus podpolkowniginden içere suw soradym. Ol
maňa DIZO-nyň hajathanasyna barmaga we şol ýerdäki grant-
dan (suw akýan krandan) suw içmäge ygtyýar berdi (Soň bu
podpolkownik maňa bäş aý tussaglykdan egnime düşüp giden
saçymy bejertmek üçin gaýçy getirip berdi we men täzelikde
tutulan saragtly oglana saçymy bejertdim).
Şeýlelikde, meniň MHK-nyň DIZO-synyň 24-nji kamerasyn-
daky tussaglyk durmuşym başlandy.
Üç adamlyk kamera-hüjre, demir gapy, gapynyň ortarasynda
ýene bir gapyjyk bar, oňa türkmençe-de "kormuşka" diýilýär.
Gapyda “glazok”—"gözjagaz" bar, şol (assyryn) gözjagazdanam
maňa tas alty aýlap gezegçilik etdiler.
Kameradaşlarym otuz-kyrk ýaşyň arasyndky bir türkmen
bilen bir rus ýigididi. (Soň kameradaşym has köpeldi, öňkülerini
milisiýanyň tussaghanasyna geçirip, täzesini getirip durdular.)
Olaryň biri bir kilo tirýegi maşynynda ol öýden ol oýe eltişipdir,
ol muny öz aýdyşyndan bilmän edipdir, tirýek dostunyňky eken.
Ikinjisi, rus ýigidi Aşgabadyň aeroportunda Moskwa bäş kilo
tirýek äkitjek bolanda tutulypdyr. Türkmen kameradşym "agyr"
eken. Öz aýdyşyndan, ýigrimi ýyllap kast edip tirýek çekipdir.
Men azarlama diýilýän zady şonda ilkinji gezek gördüm. Türk-
men kameradaşym gara der bolup burlup başlaýardy we bizden
aýaklaryna, arkasyna çykmagy haýyş edip özelenýärdi. Rus ka-
meradaşym Iwan ilki onuň aýaklaryna, soň arkasyna çykýardy.
Soň men Iwanyň hereketlerini gaýtalaýardym, şeýdibem ol halys

99
surnugyp, süýnüp galýardy. Aýalynyň bir kyn ýagdaýa düşseň,
dermanyň bolmasa kösenersiň, etme şu haýrany diýenini ýatlap,
türkmen kameradaşym ah çekýärdi.
Ilkinji gije meniň gözüme uky gelmedi. Meniň uklamaýa-
nymy ýatan ýerinden duýup ýatanyndanmy ýa-da bu ýagdaýy
kän-kän kameradaşlarynda görenindenmi, Iwan maňa göwünlik
berdi. Şol wagtam koridordan bir ýerlerden biriniň ah urýan
sesimi, agyrysyna-yzasyna çydamaýanyň gykylygymy üzlem-
-saplam eşidilip başlady. Iwan: "Gulak as, birin-ä urýalar" diýdi.
Soň, suda gatnadýan maşynyň içinde, Gyllaw: “Tussaglygyň
ilki hepdelerinde gije meniň sesimi eşitdiňizmi?" diýip sorady.
Men oňa “ýok” diýip jogap berdim. Soň ol özüniň şol ilkinji
hepdelerde kän ýenjilendigini aýtdy we öz gykylygyny goňşy
kameralar-a däl, bütin dünýä eşidendir öýdüp pikir edenini gür-
rüň berdi. Emma Gyllaw sudda bu barada hiç zat aýtmady, ýene
gelip urarlaryndan, ýenjilmekden gaty eýmenýändigini aýtdy
hem-de Muhammet ikimize ýüzlenip, “agalar, özüňiz näme et-
meli bolsa edip, alyp çykaweriň, biziň bilýän zadymyz ýokdur”
diýdi. Şonda men sowet mekdebiniň beren sowadyndanam ýe-
terlik paý almadyk, şol bir wagtda-da jenaýatçylyga bulaşan
adamyň syýasata goşulmaga nädip ýürek edip bilýändigi hakyn-
da pikir etdim. Bir görmäge, Gyllaw halkyň agyr ýagdaýyna
ýüregi agyrýan adamdy. Ikinji tarapdan, ol syýasata öz jena-
ýatçylygyny ýuwmak, adalatly jezadan sypmak üçin goşulan
adam bolup görünýärdi. Gynançly ýeri, şeýle adamyň 12-nji
iýulçylaryň başynda bolmagy halk protestiniň ähmiýetini pesel-
dýärdi. Nyýazowyň hökümeti munuň ýaly amatly pursatdan
peýdalanman biljek däldi. . .
Tejende bir ýaşulynyň “Biz bir gözüniň ody alnan halk, or-

100
suň Gazawat hem Gökdepe gyrgynçylyklaryndan soň, gulagyna
urlan har ýaly, ters aýlanyp galdyk” diýen sözlerini gaty görüp-
dim. “Bu beýle dowam etmez, bir adamy, ýüz adamy gorkuzyp
bolar, ýöne tutuş bir halky hemişe gorkuda saklap bolmaz” di-
ýerdim. Ýöne türmede adamlary, tutuş halky hem gorkuda, gul
ýaly edip saklap boljagyna ynanmaga başladym. Ozal öz halky-
myň gowy ýaşamagy üçin öňki görlen horluklar ýeterlik diýip
pikir edýärdim, indi her bir geçmiş wakasynyň, şol sanda horlu-
gyň hem, ýesirligiň hem gelejek nesliň eşreti üçin sebäp ýa-da
esas bolup bilmejekligi, her döwrüň öz göreşiniň, öz pidasynyň
bolmalydygy, şonsuz bolmaýandygy barada pikir edýärdim.

* * *

Ýandepderçeden.
Her günüň öz yrsgaly bar, ýöne şol yrsgaly gazanmaly. “Bi-
döwlet atasy bilen öwner, döwletli ogly bilen” diýleni. Biziň
ýarymsowat žurnalistikamyzyň türkmeni ulaltjak hem göwnüni
galkyndyrjak bolup tapýan paňkyldawuk sözleri, atdyr it ha-
kyndaky, düýedir haly, keçedir ak öý, telpekdir çokaý, guýydyr
çöwlük baradaky gürrüňleri hem gerekse gerekdir, ýöne bular
bizi yzagalaklykdan çykarmakda ýeke-täk tutaryk ýa ýapyşal-
ga däldir. Geçmiş geçmiş bolar, onuň öz zerurlyklary bolandyr,
ýöne şu gün üçin şu günüň talaplary bilen, şu günüň öz de-
rejelerinde göreşmeli. Emma biz entekler bu hakykatdan gaty
daşda. Biziň halkymyzyň hem, şol halkyň söwer ogly intelligen-
siýamyzyň hem “Alma biş, agzyma düş” edip oturmagy hut şu
ýagdaýdan habar berýär. bu ýagdaý türkmen bikanunçylygynyň

101
gülläp ösmegine, asyryň ahyrynda dörän uly mümkinçilikleri
ýoga çykarýan milli jenaýatçylyga ajaýyp şertleri döredýär.

* * *

Terjimehaldan.
Meni 12-nji iýul demonstrasiýasyny taýýarlamakda, listow-
kalary ýazmakda we redaktirlemekde, şeýlelikde 1995-nji ýylyň
12-nji iýulynda Aşgabatda bolup geçen “köçe bidüzgünçiligi-
ne” doly dahyllylykda aýypladylar, günä bildirdiler. MHK-nyň
derňew bölüminiň naçalniginiň orunbasary Begmyrat Otuzow
meniň günäkärdigimi subut edýän subutnamalary tapandygy-
ny beýan edip, prokurora anyklama hatyny ýollady (Bu hatyň
nusgasyny maňa Dizonyň naçalniginiň orunbasary görkezdi).
Şondan soň men kamerada arkaýyn oturybermeli boldum. Ýö-
ne Otuzowyň elinde hiç hili subutnama ýokdy. Men diňe on
ikinji iýulçylaryň maslahatyna gatnaşanymy boýun alýardym,
sebäbi meniň bu hereketimi ýüzleşdirmede "dilden sypdyryp-
dylar". Meniň galan hereketlerim barada bolsa, "ynha, ýüzüňe
durjak bar" diýseler-de, hiç kim ýüzüme durmady. Listowkalary
ýazanyny we redaktirlänini aýdan Muhammet Myratly ýüzleşdi-
rilmede “Ýowşanyň bu zatlara dahyly ýok" diýdi. Aždar bolsa,
"Maslahatda Ýowşan barmydy?" diýlen soraga: "Hawa, bardy"
diýip jogap berdi. Ondan: "Ýowşan size näme maslahat berdi?"
diýip soranlarynda bolsa, “Eliňize çöpem almaň diýdi” diýip,
hakyky edilen gürrüňi aýtdy. Emma meniň demonstrasiýa, hö-
kümetiň hasaby boýunça köçe bidüzgünçiligine, zandyýaman
huligançylyga gatnaşanlygym barada hiç kim ýüzüme durmady.
(Şeýle-de bolsa meni üç ýyl azatlykdan mahrum etdiler. Sud

102
meni öjükdirijilikde aýyply bildi. Men oňa protest ýazdym hem
bu barada sudda jogap berilmegini talap etdim, Jepbarow meniň
ýazan protestimi almandygyny, onuň özüne gelip gowuşman-
dygyny aýtdy. Protestde şeýle sözler bardy: “Eger bäş-on sany
adam azyk-suwluk aladasy bilen Tejene gitjek diýip ýanyma
gelse, maslahat sorasa, menem olara gideniňiz gowy welin, se-
resabrak bolaweriň, nä-niçik zamana diýip maslahat bersem,
olaram gidip, ýolda bir bidüzgünçilik edip tutulsalar, men olary
bidüzgünçilige öjükdiren bolýaryn-da onda siziňçe? Bu ýerde
hiç hili logika ýog-a!”
Aklawçym Gurbanmyrat Nyýazow her bir sud edilýän on
ikinji iýulçydan sorap, sudda meniň bigünädigimi subut edýärdi.
Beýleki aklawçylar hem oglanlaryň hereketinde hiç hili jenaýatyň
ýokdugyny subut edýärdiler. Emma sud aklawçyny diňleme-
ýärdi, Türkmenistanda aklaw höküminiň çykarylmaýandygy
baradaky tassyklamalary subut edýärdi we ýokardan görkezilen
tabşyryk boýunça hereket edýärdi. Jepbarow diýilýän sudýa
“Atuw berip bilýän men size” diýip dyzaýardy. Men onuň şu
sözlerinden soň ýerimden turdum we “Siz bize haýsy kanun
maddasy esasynlda atuw berip bilýärsiňiz?” diýip soradym. Şu
sebäpli, arakesmede ýanyma gelen agam (Çary Annagurban)
sudýanyň menden garşysyna gidýänligim üçin nägile bolýan-
dygyny duýdurypdy. Men oňa sudýanyň atuw bermek bara-
da haýbat atýandygyny aýdanymdan soň bolsa, gazaba münen
agam sudýanyň üstüne gidipdi we onuň “öz elinden hiç zat gel-
meýändigi, çagalarynyň bardygy” baradaky boýun almasyny
getiripdi. “Ol oturan oglanlaň çagasy ýokmy ýa siziň çagaňyz
olaryň çagasyndan ezizmi?” diýdim” diýipdi. Soň men ol sudýa-
nyň “Boris Şyhmyradyň kakasam hiç zada jogap berenok, gaýta

103
ogly nirelerde otyr, bizem hiç zada jogap bermeris diýenini” eşit-
dim. Bu gürrüňi MHK-nyň DIZO-synda gawun hem gowurdak
ogurlamak bilen meşgul bolýan podpolkownik Halmämmet hem
aýdypdy, “on üç ýyl bäri işleýän, emma heniz şu sistemalarda
eden işine jogap berýän adam göremok” diýipdi.
Men on ikinji iýulçylaryň ýüzlerçesiniň tutulyp-gapylyp, öý-
leriniň dökülip, ýurtda giden kampaniýanyň alnyp barylýandy-
gyny, olaryň ýüzlerçesine jerime salnandygyny, ýüzlerçesiniň
gözegçilige alnandygyny, Saparmyradyň hökümetiniň hakyka-
ty ýüzüne aýtmaga het edenlerden, özüne işden çekil diýmäge
ýürek edenlerden öç alýandygyny birinden sorap bilmeli däldim.
Dogrusy, guduz açara gelen režim bir bölek “garamaýakdan”
beýle zada garaşmandy. “Kanagatly hem sabyrly, agzybir hem
asuda” diýlip ölüm ýassygynda huwwalanýan türkmeniň için-
den birden beýdip ýüzläp adam köçä çykar we halky aç hem
ýalaňaç goýan, ýurdy deger-degmezine satan hökümete iş ba-
şyndan aýrylmak barada talap bildirer, erkin saýlawlar geçiril-
megini talap eder diýip Nyýazow-da, onuň ýakyn nökerleri-de
pikir etmändi. Ýöne bu şeýle bolupdy. On ikinji iýulda, irden
sagat ýedilerde Hitrowkadan ýüzlerçe adam köçä çykypdy we
hökümetden iş başyndan aýrylmagyny, erkin saýlawlaryň ge-
çirilmegini talap edýän şygarlar bilen köçe ýörişine başlapdi.
Şäheriň hemme ýerine, Aşgabadyň golaýyndaky obalara, raýon
merkezlerine listowkalar ýaýradylypdy. Ol listowkalarda Türk-
menistanda ýeke-täk bir meseläniň — Nyýazow meselesiniň
gün tertibinde durandygy, ýurtda emele gelen syýasy-ykdysady,
medeni-ahlak krizisini çözmek üçin Nyýazow meselesini çöz-
melidigi, hökümetiň iş başyndan gitmeldigi, erkin saýlawlaryň
geçirilmelidigi aýdylýardy. Türkmenistanyň halkyna ýüzlenilip

104
ýazylan we organ işgärlerine ýüzlenilip ýazylan listowkalarda
demonstrasiýaçylaryň hiç hili ýaman niýetleriniň ýokdugy, il-gü-
nüň bähbidi üçin geçirilýän bu ýörişe halkyň goldawynyň hem,
organ işgärleriniň goldawynyň hem zerurdygy aýdylýardy.
Emma Nyýazowyň hökümeti bu çagyryşy hem, bu pikiri
hem ret etmelidi. Onuň şundan başga ýagdaýy ýokdy. Sebäbi ol
bir zady, özüniň mundan beýläk iş başynda durmaly däldigini
bilýärdi, ýöne bu hakykat bilen ylalaşmaga gaýrat tapmaýardy.
Onsoň ol parahat ýöriş bilen köçä çykan oglanlary, olaryň kanuny
hereketlerini kanundan daşary diýip yglan etmelidi, olara töhmet
atmalydy.
Nyýazowyň režimi antitürkmen, antihalk režimdi. Ol başda
“men halk üçin ony ederin, muny ederin” diýip söz berse-de,
hakykatda töweregine pesden-pes adamlary ýygnap, halky aç
hem ýalaňaç goýupdy. Nyýazowyň komandasy döwlet başynda
otursa, halk özüniň garnynyň hem doýmajakdygny, egniniň hem
bitmejekdigini indi aýnada gören ýaly bilýärdi. Ýöne halkyň
jemlenmäge we özüne garşy, öz çagalaryna garşy, ýagty gelejege,
rahat ýaşaýşa we ösüşe garşy režime "bes" diýmäge aňy ýetme-
ýärdi. Ol kimdir birleriniň gelip özüni şu ýowuz musallatdan
dyndarmagyny isleýärdi, taýyn aşyň eýesi bolmak isleýärdi. Hal-
kyň gözüni açmaly, ony bir ýere jemlemeli intelligensiýa-da şu
kesel bilen keselläpdi. Olam biriniň başyny etegine salmagyny
hem bar zady düzetmegini isleýärdi. Emma onuň özi öýünde
oturjakdy we hiç hili dawa-galmagala goşuljak däldi. Daşaryk
diň saljakdy hem bir zatlar bolýança garaşjakdy. Şondan soň ol ar-
kaýyn ýaşajakdy, halkyň bähbitlerini gorajakdy. Şu ýagdaý hem
režimiň güllemegine şert döredipdi. Diletantlaryň, ýaranjaňla-
ryň, ogry-kezzaplaryň güni gelipdi. Olar Nyýazowy oýnatgy

105
edinip oýnap, öwüp hem ýerde-gökde goýman ogurlyk edýär-
diler. Türkmen dilinde Nyýazowa "Ogry" ýa-da "Ogrular başy"
diýmeseň, başga zat diýmek, başga söz bilen onuň kesbini-kärini
kesgitlemek mümkin däldi.
Daşary ýurtlarda, kinolarda görkezilişine görä, hökümetiň
başyna mafiýa gelende ýa-da mafiýa döwleti dolandyrmaga gat-
naşanda, häzirki Türkmenistanda bolýan zatlar ýaly zatlar bolýar.
Ýöne türkmen mafiozlary, kinolardaky fantaziýadan hem geçirip,
ogurlyga şeýle bir gyzykdylar welin, nebitli hem gazly, pagtaly
hem ýene müň bir baýlykly ýurduň ilaty üç-dört ýylyň içinde
gedaý galdy duruberdi. Režim özüniň aç hem ýalaňaç goýup
barýan ilatyna ölmez-ödülik azyk paýogyny belledi, oňa kar-
toçka sistemasy diýip at berdi. Göýä ýurtda uruş barýan ýaly,
döwlet haýsydyr bir bela bilen ikiçäk galyp, ähli serişdäni gora-
nyşa, betbagtlygyň garşysyna gönükdiren ýaly, pagta ýygýanam,
nebitçidir gazçy hem, mugallymdyr alym hem — bary birden
çörek kartoçkasyna, sekiz kilogram una mätäç boldy. Ilki sekiz ki-
logram diýlip kesgitlenen un normasy, soňabaka jan başyna alty,
dört kilograma getirildi. Bu hem wagtynda berilmedi ýa-da un
diýlip sygyra-da berip bolmajak, hiç zat bişirip bolmaýan bir zat
berildi. Nyýazowyň ogrulary bolsa, halkyň una nobata durup,
aç gyrlyşjak bolýanlygyna garamazdan, daşary ýurt markaly ma-
şynlary goşalap münýärdiler, haşamlap hem biri-birinden beýik
köşk saldyrmagyň gamyndadylar. . .

* * *

Meniň S. N. bilen tanyşlygym "Edebiýat we sungatdaky" söz


azatlygy, demokratiýa ugrundaky çytraşmajyklarym bilen bag-

106
lylykda barha çuňlaşyp gidip otyrdy. Ýurduň ýeke-täk edebiýat
gazetine Aşyrguly Baýryýewiň baş redaktor edilip bellenilmegi
bilen bu göreş hasam ýitileşdi. Ozal meniň halk ýazyjylary, Mag-
tymguly baýragynyň laureatlary bolan ýazyjylar barada tankydy
makalalarym çap bolan bolsa, soňabaka has ýitiräk pikirlerim
hem metbugatda görnüp ugrady. Nyýazow "Edebiýat we sun-
gatyň" sahypasynda Gökdepe galasyny ebedileşdirmek, 12-nji
ýanwary Hatyra güni hökmünde bellemek barada çap edilen
ýüzlenmäni gaty görüpdi. Şol wagtky üçünji sekretar Serdar Ra-
hymow gazetiň redaktory A. Baýryýewe gatyrganyp jaň edipdi,
ony öýleden soň kabul etjegini aýdypdy. Ýöne A. Baýryýewi öý-
leden soň Rahymow däl-de, Nyýazow kabul etdi, ýeke özünem
däl, Hatyra gününi bellemek hakyndaky ýüzlenmä gol çeken
adamlar bilen bilelikde kabul etdi. Bu kabul edişlik Ministrler
kabinetiniň jaýynda, Nyýazowyň şol ýerdäki kabinetinde bolup
geçdi. Ol ýüzlenmä gol çekip, özüni fakt bilen ýüzbe-ýüz goýan
adamlary biraz haýalçyratmak islän eken. Emma bu oňa başart-
mady. Netijede, ol özüniň Hatyra gününiň bellenmegine garşy
däldigini, karar taýýarlanylsa gol çekjekdigini aýtdy. Ýöne ol şol
ýerde-de meniň şol günki gazetde çap edilen "Derdim bardyr di-
ýarymdan, döwrümden" atly makalamy okandygyny aýdyp ony
halamandygyny syzdyrmaga ýetişdi. Bu meni çekindirmek üçin
edilýän yşaratdy. Men muny duýmadyk boldum hem-de ýüz-
lenme üçin aýlanyp gol ýygnanlaryň biri bolamsoň, Hatyra güni
baradaky pozisiýany gorap çykyş etdim. Nyýazowyň ýanyn-
daky rahymowlar we pälwanowalar “bu ýüzlenme rus dilli ilat
bilen türkmenleriň arasynda dartgynlyk döretmese ýagşy” diýip,
hökümetiň gadaganlyk pozisiýasyny goramaga çalyşdylar. Ýöne
biziň ýüzlenmämiziň utýan tarapy, Gökdepe galasy baradaky

107
mesele eýýäm syýasy meselä öwrülip barýardy. Intelligensiýa-
nyň arasynda Gökdepe urşunyň ýüz ýyllygyny bellemek barada
mesele goýup ýörenler-de bardy. Olar hatda ýüz ýyllap golaýyn-
dan barylmadyk Gökdepe galasyna zyýarat dagam guramagy
başarypdylar. Hökümet bu hereketlere garşylygyny beýan edip,
bir tarapdan güýç ministrlikleri bilen ýumruk görkezýän bolsa,
ikinji tarapdan, telewideniýede haýbat-gorkuzyş gepleşiklerini
guraýardy. Ýöne bu wakalardan öň “Sowet edebiýaty” žurna-
lynda Myrat Annanepesowyň belli makalasy çap edilipdi we
Gökdepe urşy baradaky buz, garaz, çat açypdy. Tutuş ýurtda-da
assaja özgerişlik şemaly öwüsýärdi. Onsoň Nyýazow biz bilen
ylalaşan boldy. Ýöne Nyýazow özüne garşy aýdylan her bir sözi,
her bir çykyşy ýadynda saklaýardy. Içinde kitüw saklaýardy. Ol
şo gezegem öçli, içi kitüwli galdy. Ýogsa, soň ol Gökdepe gala-
syny dikeltmek meselesini yzygiderli goldan bolup, bu ýerden
— ata-babalaryň mazaryndan, çagalaryň, naçarlaryň ganynynyň
nähak dökülen ýerinden hem özüne syýasy abraý gözläpdi. Men
eger wakalaryň şeýle öwrüm aljagyny aňymda aýlan bolsam, şol
wagt intelligensiýanyň ýüzlenmesine gol çekmek-hä beýle-de
dursun, onuň golaýyndan hem barmazdym. Ýöne biziň ýagşy
niýet bilen eden zatlarymyzyň köpüsi ýaman niýetli, ejiz ýü-
rekli, pes gylykly diktatoryň elinde halky gul etmek üçin ýarag
boldy. . .
A. Baýryýewiň "Edebiýat we sunagatdaky" redaktorlygy ba-
ry-ýogy alty aýa çekdi. Gazetde barha gürelýän tankydy äheňli,
batyrgaý häsiýetli, çuňňur oýlanmaly, täze pikirli makalalar hö-
kümetiň başynda oturanlaryň hem, olar bilen küýdeş çüýrüjek
ýazyjylar toparjygynyň hem zähresini ýardy. Gazetiň şol dö-
würdäki batyrgaý makalalarynyň arasynda meniň "Öňde agyr

108
günler bar" atly makalam-da bardy. Men soň bu makalany gaýta-
dan okap görüp, “şu zatlary ýazan bolsam, şol wagtam diktatura
geljegimizi aňýan ekenim” diýýärdim, birden-birdenem “bu bir
gorky, alada, ýöne men öňki batgalyga, sowet döwrüniň aň gul-
çulygyna, gulagyna urlan har ýaly, gaýdyp, aýlanyp geljegimize
doly ynanmandym” diýýärdim.
Nyýazowyň kabinetinde, meniň ýüzüme seredip bilmän, ma-
ňa barmagyny çommaldyp:
— Sapar Ataewiç, şundan äge bol! Şu erbetdir! Dilinde il-
-gün bolsa-da, Türkmenistan bolsa-da, niýeti agdar-düňderlikdir.
Ynanmasaňyz “Öňde agyr günler bar” atly makalasyny okap gö-
räýiň—diýenler-de boldy (Rahman Owezow). Men Nyýazowyň
bu gürrüňden soň bir zat diýerme garaşyp ýüzüme seredenini
bilmedik boldum. Ýylgyrdym. Sebäbi meniň üçin Nyýazowyň
kör umydy düşnüklidi. Ol meniň pensiýa çykmaly bolanyny biz
ýaly ýaşlardan görýän çinownik bilen deň bolup sanaşarymy isle-
ýärdi (Bu hili ýagdaýlarda sanaşmazlygy maňa Rahman aganyň
özi öwredipdi. Biz onuň bilen “Edebiýat we sungatda” Kakaly
Berdi döwründe-de, Tirkiş Jumageldi döwründe-de bile işläpdik.
Tirkiş dawa-jenjelde ýakasyny tanadan Gözel Şagulyny şygyr
bölüminiň müdirliginden aýryp, maňa edebi işgär edip bellände
hem, Rahman aganyň aýtmagyna görä, ondan “nähil-aý, olar
entegem garpyşanokmy?” diýip soraýarka, ol maňa şeýle pent
edipdi).
Men gezegimi gidermedim. S.N.-iň ýüzüme seredeninden,
diýjek-aýtjak zadyň barmy diýen äheňde garaşyşyndan peýda-
landym we:
— Dogurdanam, meniň şol makalamy okap görüň — diýdim.
— Ýöne meni türkmeniň geljegi, şu güni hem ertiri beter gyzyk-

109
landyrýar. Obalara baryp görüň, otuz ýaşap-ýaşaman garran
oglanlary, garry aýal ýaly bolan gyzlary görersiňiz. Otdan geçen
demir çybygy ýaly, ýaş adamlaram egrelişip, gara-gök köýük bol-
şup ýörler. Durmuş biziň çak edişimizden erbet, türkmen ölýär.
Hem fiziki taýdan ölýär, hem ruhy taýdan ölýär. Bize işlemek
gerek, hiç bir ownuklyga, hiç bir gybata aldanman işlemek gerek.
Ýazmak, aň taýdan halky galkyndyrmak gerek. Siz şuňa kömek
ediň— diýdim.
Ýoldaşlarym, "edebiýat sungatçylaryň" käbiri stoluň aşagyn-
dan aýagyma basyp, maňa "bes" diýen yşaraty etdiler. Emma
men durup bilemokdym. Adamlaryň ýaramaz ýaşaýandyklary,
gelin-gyzlaryň maýrylýandyklary, çagalaryň okap bilmeýändik-
leri, özümiziň hem bilimsiz, kör çykandygymyz, soň köp zada
ýetişjek bolup, okajak, öwrenjek bolup ne bir işläp, ne-de öwrenip
bilýändigimiz barada aýdýardym.
Nyýazow maňa garşy çykdy:
— O durmuşyň agyrlygyndan däldir, durmuş gowy-la —
diýdi.
Men:
— Durmuşdan ýanyp tirýek öwrenýärler -diýdim.
Nyýazow:
— Ýok-la, ondan öwrenýän däldirler - diýdi.
Ýoldaşlarymyň biri:
— Biziň obamyzda-ha tirýek çekýän ýok - diýip, Nyýazowy
goldady.— Onsoňam durmuş erbet diýip, tirýek çekibermek
bolmaz.
Bu goldaw geljekki diktatora biraz medet beren ýaly göründi.
Ol meniň gürrüňimi başga ýana sowup, gowusy şuny gürletmez-
lik diýen akyldan ugur aldy we ugur-utgasyz sarnamalaryna

110
başlady. Soň men bu sarnamalariň tutuş ýurdy aljagyndan, tele-
wideniýäniň, gazetleriň üsti bilen türkmeni saňsar-tentek etjegin-
den entek bihabardym. Men şol wagtky durmuşdan, sowetler
döwründäki problemalardan “ýanýardym” we Nyýazowyň iş-
läp düzjek diktatorçylyk režiminiň dogurjak gulçulygyny heniz
aňyma-da getirip bilemokdym. Soň "Edebiýat we sungatyň"
döredijilik kollektiwi dargadylyp, oňa akylly-başly sözlem düz-
mäni hem oňarmaýan biri redaktor bellenenden soň işden gidip,
“Türkmenistan” gazetinde "Bikararnama" atly poemamy çap et-
diremde şu gulçulyk barada pikir edipdirin.
Nyýazow meni haýalçyratjak boldumy, ýa-da gürrüňi has
dar çäge salmak isledimi, menden:
— Ýogsa-da, sen haýsy obadan-a, Ýowşan? — diýip sorady.
Men:
— Gep bir obada däl, men tutuş ýurt barada aýdýaryn — diý-
dim. Şu hem biziň şol gezekki duşuşygymyziň jemleýji nokady
boldumyka diýýärin. . .

* * *

Içgepletme.
Nyýazow telewideniýeden "iki gram tirýek üçin adamlary
kowalap ýörmäň" diýende, men “ol öz halkyna garşy uruş yglan
edýän ýaly-la” diýdim, ýöne neşekeş türkmenler muny öz döw-
let ýolbaşçysynyň ägirtligi hökmünde, halkyna hossar çykmagy
hökmünde kabul etdi. Meniňçe, bu ýörite edilýän zatdy, duzak-
dy, onda-da gaty ýeser, gaty aýylganç duzakdy. Türkmenler bu
duzaga topar-topar bolup düşýärdiler. Toýlarda, oturyşyklarda,

111
ýöne-keýpine tirýek çekişlik adat bolup barýardy. Onsoň islen-
dik adamy tirýek bilen bulaşdyrmak we türmä dykmak müm-
kinçiligi döredi. Halk hojalygy, oba hojalygy çöküp, ähli ugur-
lardaky krizis, işsizlik, lapykeçlik hem tirýekkeşligiň tarapynda
bolup çykdy. Hökümet bolsa, il içinde nägileligiň artýandygyny
bilip, tirýegi tutar bagy, milleti jylawlamak üçin şyhmütür edi-
nip başlady. Tirýek bilen tutulýanlar, tirýek çekeni üçin, satany
üçin gelmeze gidýänler, on-ýigrimi ýyl alýanlar, atuwa höküm
edilýänler köpelip başlady. Bu hökümetiň gedaý düşýän hem
hökümetden barha närza bolýan ilaty gorkuzmak hem dagdy
edip saklamak üçin görýän çäresidi, başga hiç zat däldi. Şonuň
üçinem ýolda duran DAI-niň inspektorlary islendik sürüjä:
— Näme hondan bärsi bolan bolýaň, iki gram tirýek atyp,
dokumentleşdireris welin, ata-babaň dirilip gelse-de, bermelisini
bermän çykmarsyň — diýip bilýärdiler. Bu gürrüň Aşgabadyň
köçelerinde köp bolýardy we sürüjileriň jübülerini çöwrüp, DAI-
-niň inspektoryna, özünden ýigrimi ýaş kiçem bolsa: "Agam, şu-
ny az görme, özümi gödek alyp baranymy bagyşla ýöne" diýip,
hiç hili günäsi bolmasa-da ötünç soramagy bilen tamamlanýardy.

112
* * *

Ýatlama.
Sülçülerdir SIZO naçalnigine, onuň orunbasarjygyna, gö-
zegçilere çenli, meniň bilen iş salyşýanlarda, birhili hem-ä öçli,
ahmyrly dymmak, hemem özlerini bu işe dahylsyz ýaly edip gör-
kezmek synanyşygy duýulýardy. Ýogsa men olaryň öz bendileri-
ne nähili çemeleşýänini birinden sorap bilmeli däldim. Gijesine
eşidilýän gykylyklar, urulýan-ýenjilýänleriň ahy-nalasy, meniň
kamerama tutulyp getirilen oglanlaryň ýüz-gözündäki gök nil-
ler, döwük gapyrgalar, ýarylan kelleler—bularyň bary MHK-nyň
öňki ýoldan, adamy hem fiziki, hem ruhy taýdan döwmek, ma-
ýyp etmek ýolundan barýandygyny görkezýärdi. 1995-nji ýylda,
tussaglygyň ilki günleri men MHK-nyň SIZO-synyň naçalnigi
Iwançikowyň adyna arza ýazyp, özümiň bikanun tussag edilen-
digim üçin açlyk yglan edýändigimi aýtdym. Sebäbi derňew
bölüminiň sülçüsi Otuzow maňa açlyk yglan edenligim barada
özüne däl-de, SIZO-nyň naçalnigine aýtmalydygymy aýdyp, özi
bu bikanunçylyga dahylsyz adam bolan bolupdy. Iwançikow
bolsa, ýanyna orunbasary Halmämmedowy alyp, açlygy bes et-
mesem, meni umumy kamera, has hapa ýere geçirjegini aýdyp
haýbat atdy. Men iki aý gowrak “açlykda” oturdym, ýöne öz otu-
ran üç adamlyk kameramdan hapa hem erbet ýeriň-de barlygy
baradaky haýbat welin hiç ýadymdan çykmady.
Pol ýerine asfalt düşelen, üstüne demir listleriň gykyndysy
kebşirlenen üç sany krowatly, kirli düşekçeli, tozanyny özüne siň-
dirip, nijeme tussaga ýapynja bolan odeýally hemem hapa bed-
reli kamerany synlap, demir gapynyň käte bir jalkyldap açylýan
“kormuşkasyna”, ýagny çaý-nahar gapyjygyna seredip, "gözja-

113
gaza" göz aýlap, baglaryň çür başy şemala baş atyp öwüsgin
tapanda demir gözenegiň bärsinden göwün galkyndyryp, gije
hem gündiz sönmän duran körek çyranyň aşagynda ýesir ýaty-
ryn. Oturmaga krowatdan başga zat ýok, ýatmaga-da şol bar,
asyl seniň şol krowatdan başga hiç zadyň ýok. Nahar iýmeli,
ýagny garbanmaly, aňryňa ölmez-ödi geçirmeli ýeriň hem şol
krowatyň üsti. Seniň ýurduň hem, araçägiň hem, garaşsyzly-
gyňdyr bitaraplygyň hem şol krowatyň çäginde. Yzyňdan çörek
beýleki gelse, şol krowatyň aşagynda goýmaly. Eger kameranyň
içinde gezim ederin diýseň, diňe şol krowadyň boýuna ýetýän
meýdançajykda ýoldaşlaryň bilen gezekleşip gezim etmeli.
Howa yssy. Ýewropa ýurtlaryndan misil tutulyp gurlan tür-
me yssy ýurtlaryň adamlary üçin hakyky dowzah diýsem, hiç
hili öte geçme bolar öýdemok. Onda-da bigünä tussag üçin dow-
zah. Türkmene taňry öz nazar salan ýurduny bagyş edipdir diýip
ýazan žurnalistler bu dowzah barada hiç mahal pikir eden däl-
dirler, şol sanda meniň özüm hem bu dowzah barada ozal pikir
etmändim. Daşarda hiç hili öwüsgin ýok, içerde bolsa, türsükli
oturan halyňa endamyňdan syrygýan hem düşekçäňe siňýän
deriň porsusyndan demigip, üç adamyň porsusyndan durarlyk
galmadyk, üstesine diwarlaryna çenli adam hasraty nijeme ýyl-
lap siňen gara tünekde ardan hem namysdan dolup, başyňy nirä
urjagyňy bilmän hopugýarsyň.
Irden hajathana çykarýarlar, gelip suwa gaýnadylan tüwi
iýýärsiň. Günortan çorba. Agşamlyk ýene suwa gaýnadylan
tüwi. Arasynda bir ýerlerde çaý içýärsiň. Gije - gündiziň dowa-
mynda iki gezek hajathana çykan bolsaň, onam hem hammam
ýerine ulanýan bolsaň, ýagny ýeke krantyndan suw akýan hajat-
hananyň krantynyň aşagynda kameradaşlaryň bilen gezekleşip,

114
şapur-şupur suwa düşünmäge ýetişseň, bu saňa nahardan beter
eşret bolup görünýär. Taňryň nazar salan ýurdy Türkmenistanda
iýul aýy hem, awgustdyr sentýabr hem yssy, onda-da ne yssy.
Kölegede 40 gradus diýilýäni. . .
Biz her gün Ogulnäzik Babaewanyň esrewük gülküsine, has
dogrusy wagty bilen soňy gelmeýän jakgyldysyna oýanýardyk.
Ol aýal biziň kameramyzyň golaýyndaky kameralaryň birinde
saklanylýardy, tirýek bilen tutulandy. Ýöne ol şeýle bir jakgyldap
gülýärdi welin, ilki onuň gülküsine gülen bolsaň, soňabaka bu
gülki nerwiňe degýärdi we däliräre getirýärdi. Ertiri ýok, agşamy
ýok, ol gülýärdi. Sülçüler bolsa, sorag mahaly, Babaewa diýen
aýal üçin tirýek söwdagärleriniň elli müň dollar hödürländik-
lerini aýdýardylar. Eger Ogulnäzik Babaewa MHK däl-de, IIM
tarapyndan saklanan bolsa, bu puluň bäşden birine-de çykyp
gitjekdigini, bireýýäm ýene bir elli müň dollar gazanjakdygyni
aýdyp, özleriniň arassalyklaryny magtýardylar. Ýöne MHK-nyň
sülçüleri hem, IIM-iň sülçüleri hem ýurtdaky bikanunçylyk döw-
ründen haklaryny gidermeýärdiler, "pursatdan peýdalanyp" gal-
ýardylar. Muny meniň ýanyma tutulyp getirilenleriň iki sanysy
tassyklady, olaryň biri bäş müň dollara gürleşip, işini raýona,
ýagny öz ýaşaýan etrabynyň hukuk goraýjy organlaryna geçir-
dip, çykyp gitdi, beýlekisi bolsa, şu usul bilen azatlyga çykmaga
ähli öý goşuny we maşynyny goýdy. Ýöne men bu ýerden para
berip çykyp biljek däldim. Meniň ykbalymy prezidentiň özüniň
“çözýändigini” maňa başdan duýdurypdylar, soň bolsa açyk aý-
dypdylar. Ýöne men bu gürrüňe aýdylmanda-da düşünýärdim.
Sebäbi men prezidentiň oturan häkimlik hem hökmürowanlyk
agajyny yrgyldadan we onuň şol agaçdan düşmegini, iliň yrs-
galyny ogurlamagyny bes etmegini talap eden parahat ýörişiň

115
aňyrsynda duran “günäkärleriň” biri hasaplanýardym. Maňa
“tirýekkeş, ogry, parahor” diýip boljak däldi. Men döwlet işin-
den, redaksiýadan çykan hem bolsam, ýazyjy hökmünde ede-
bi-döredijilik işi bilen meşguldym, daçada gök ýetişdirýärdim
we çagalarymy okadyp, ekläp-saklap, gül ýalyjak ýaşap ýördüm.
Ýurtda bolýan we bolmaýan zatlar maňa dahylsyz ýalydy. Ýöne
men ozal elimden galamymy gaçyrýançalar gidişjegiň äheňin-
de kän makala ýazypdym. Prezident menden öz kabinetinde,
goltugymdan elini gysdyryp, adymy jansyz tutman, “düýplüräk
zatlar, türkmene abraý getirjek zatlar” ýazmagymy çyny bilen
haýyş edipdi. Türkmen diýip ol özüne düşünýärdi. Diýmek,
men onuň özüne “abraý” getirjek zatlary ýazmalydym. . .

* * *

Ýandepderçeden.
S.N. öz kabinetinde “Edebiýat we sungatyň” redaksion kol-
legiýasyna A. Baýryýewi baş redaktorlygyndan aýyrmazlyga
söz beren hem bolsa, ertesi öz beren sözünden dändi. Ýöne bu
wakanyň öň ýanynda türkmen ýazyjylarynyň garaşsyzlyk eý-
ýamyndaky iň aýylganç bölünişigini alamatlandyran gurultaýy
bolup geçipdi. Bu gurultaýda S.N. Berdinazar Hudaýnazarowy
ýazyjylara başlyklyga hödürläpdi we men birnäçe ýazyjy bilen
bu teklibe garşy çykypdym. Soň biz birnäçe ýazyjy bolup gurul-
taýyň geçirilişine protest bildirip zaly terk edipdik we men öz
pikirdeşlerimiň üçüsi bilen öýde açlyk yglan edipdim. Meniň bu
açlygym ýedi güne çekdi. 10-njy poliklinkanyň wraçlary maňa
gözegçilik etdiler (olardan gazak milletinden bolan Sugurbaewa

116
diýen ýüregi ýumşak wraç aýratyn ýadymda galypdyr) we biz
hiç zat gazanyp bilmän açlygymyzy bes etdik.
Şeýlelikde, Türkmenistanda söz azatlygy türkmen-sowet ýa-
zyjylarynyň aglaba köplüginiň kömegi bilen boglup taşlandy
we diktator režim kem-kemden aýak üstüne galmaga, berkemä-
ge hem bedroýlaşmaga başlady. Bu režimi sowet propaganda
maşynynyň çäresiz esgerleri — žurnalistler hem aňsyzlyk bilen
goldaýardylar.
“Edebiýat we sungatdan” işden gidip, (erkin pikirli) “Da-
ýanç” žurnalynyň ilkinji sanyny taýýarlamaga gatnaşdym, onda
ýazyjylaryň gurultaýynda sözlejek bolan sözüm çap edildi. Bu
ýagdaý nyýazowçylary gorkuzdy. Şol wagtky metbugat sek-
retary, el ogşamany ilkinji bolup aýlanyşyga girizen A. Oraz-
durdyýew meni metbugat gullugyna işe çagyrdy. Elbetde, bu
çakylyk prezidentiň özünden gaýdýardy. Soň bu çakylygy Dur-
dymuhammet Gurbanow gatnatmaga başlady. Men prezidentiň
metbugat gullugyna işe barmakdan boýun gaçyrýardym. Durdy-
muhammet ozal bile işleşen, “Edebiýat we sugnat” gazetinden
bile işden çykan, ýazyjylaryň gurultaýyny bile terk eden, bile
açlyk yglan eden kärdeşlerimiň biridi. Ahyry men onuň ýü-
zünden geçip bilmän “Diýar” žurnalyna işe bardym. Ýöne ol
meni o ýerde-de rahat goýmady, “Sapar Ataewiç seni soraýar,
“Ýowşan näme üçin bärik gelenok?” diýýär” diýip, meni Ny-
ýazowyň Moskwa resmi saparyny beýan etmeli žurnalistleriň
arasynda Orsýete gitmäge yrdy. Soň bir gün bolsa, “sen meni
kyn günde goýýaň, Sapar Ataewiç ýene seni sorady, “men gelýä”
diýdim, ýalançy etme” diýip ýalbaryp geldi. Şondan soň men
ýoldaşlarymyň “belki, bir zatlary üýtgedip bolar, wakalara nä-
hilidir bir oňyn täsir ýetirip bilersiň, synanyşyp bir gal” diýen

117
maslahatyndan soň metbugat gullugyna işe bardym.
Men bu döwri “öz prinsiplerime kompromise gitmek” diýip
atlandyrdym. Ýöne bu öz-özüňe ikilik etmekdi, öz ýüregiňe
garşy gitmekdi. Şoň bilen birlikde, men, gark bolanyň sypaldan
haraý gözleýşi ýaly, prezidentiň ýer hakyndaky we ýeri hususy
eýeçilige bermek hakyndaky kararlary ýurtda hususy eýeçilige
geçilmeginiň başyny başlar diýen inçejik umytdan ýapyşmak
isleýärdim. Ýöne Nyýazow başga pikirdedi. Biraz soň anyk-
lamagyma görä, gazdan gelýän puly az gören ýaly, ol müňläp
gektar ýeri öz adyna geçirip, türkmen daýhanlaryny doly batrak
edinmegiň hyýalyna münüpdi. Soň men ýokardan käbir ideýa-
lary ýaýratmagyň asla ýeterlik däldigine, aşakdan hem ortalyk
derejedäkilerden goldaw bolmasa, bütin jemgyýetiň tagallasy
birleşmese, aň taýdan belli bir derejä galynmasa, hiç bir zady
üýtgedip bolmajagyna düşünip başladym, öňki pikirlerimiň og-
lan umytlary ýaly bir zatdygyny boýun aldym. Has dogrusy,
reformany halkyň, jemgyýetiň özüniň islemegi gerekdi, şol isleg
bilen ýaşamagy gerekdi.
Soň, S.N.-ň aw awlamaga gelen arap şyhlaryny kabul edende
özüni alyp barşyny synlap, men özümiň nirä düşenime ymykly
düşünip galdym. Arap şyhlary prezidentiň öňüne bir diplomaty
oklap:
—Şunda elli müň dollar bar, siziň döwletiňize kömek diýip
berýäs. Ýene özümize sowalga elli müň dollar alyp galdyk, on-
danam artsa goýup gideris—diýdiler.
Men şonda prezidentiň goltugyma girip, araplar heniz kabi-
nete gelip girmänkäler aýdan sözlerine — “Şulardan pul alşyma
seret” diýen gepine diňe şundan soň düşünip galdym.
Araplar elli müň dollary prezidentiň öňüne oklap, türkmen

118
düzlerinde edenlerini edýärdiler. Olara türkmeniň çölüstanlykla-
ry we tebigaty goraýan ministriniň hut özi howandarlyk edýärdi.
Olar bolsa, türkmeniň käkiliklerini, sülgünlerini, toklutaýlaryny,
keýik-jerenlerini we beýleki jandarlaryny awlaýardylar, ýyndam
maşynlar bilen kowalap tutýardylar, elguş bilen kaklaýardylar.
Türkmeniň özi bolsa, gyzyl kitaba giren janly-jandarlaryň beýle
rehimsiz gyrlyşyna kesesinden seredip, prezident bularyň edip
ýören zadyny bilenokmyka diýýärdi.
Soň men amerikaly grek Jimmi Dmitrakis Türkmenistana
gelip, prezident bilen duşuşanda hasam haýran galdym. Jimmi
Dimitrakis baran ýurdunda haýyr-sahawat üçin ýetim çagalara
pul kömegini berýändigini aýdyp, Türkmenistanyň ýetim çaga-
larynyň bankdaky hasabyny sorady we oňa pul geçirjekdigini
aýtdy.
S.N. şu ýerde öz hakyky ýüzüni açdy, ýagny perdesini syr-
dy ýa-da ýyrtyp zyňdy, men onuň ýüzüniň nähili berkdigine,
galyňdygyna, düýäň dabanyna dagy kän gaýra dur diýdirýändi-
gine, ýüreginiň bolsa asla ýokdugyna şu ýerde düşünip galdym.
Belki, bu türkmeniň “ädimini ýalňyş basdyr, ozal don geýmän
ýigide” diýenidir. Ýöne biziň “serdarymyzyňky” ädimi ýalňyş
basmakdan has aňyrrak geçipdi.
—Meniň özüm ýetimlere gözegçilik edýän, özümiň “Sapar-
myrat Türkmenbaşy” fondum bar. Size şol fonduň bank hasap-
laryny bererler, kömek üçin niýetlän puluňyzy şoňa geçiräýiň.
Men çagalara özüm bererin. . .
Türkmenistanyň prezidenti Jimmi Dmitrakise şeýle jogap ber-
di. Amerikaly biznesmenler terjimeçiniň terjime eden sözlerini
eşidip, gözlerini tegelänlerini, bir-biriniň ýüzüne seredişenleri-
ni duýman galdylar. Olar heniz beýle utançsyzlygy, açgözlügi,

119
beýle horanlygy, beýle gözden çykgynçlygy görmedik bolara
çemliler.
Amerikaly grek “Saparmyrat Türkmenbaşy” fonduna ýetim
çagalara niýetlenen kömek puluny geçirdimi ýa geçirmedi, men
ony bilemok, ýöne men ýetimleriň garaşsyz Türkmenistanda ozal
ene-atasyz bolsa, indi döwletsiz hem ýetim galandygyny aňýan.
Diňe ýetimler däl, tutuş türkmen halky ýetim günde galdy,
emma S.N. olara daşardan, keseki ýurtlaryň baý adamlaryndan
gelen kömek puluny bermekden geçen, eýsem olaryň öz gazanan
gara köpüklerini hem hem doly berjek däldi. Daýhan görgüli
çagalary bilen ýer-ýesir bolup pagta ýetişdirýärdi, S.N. bolsa ony,
edilýän gürrüňlere görä, deger-degmezine satyp, puluny daşar-
larda bir ýerde saklaýardy. Nebitçiler, gazçylar çagalaryndan
bizar bolup, jokrama yssyda depelerini gaýnadyp işleýärdiler,
emma olaryň daban azabynyň hakyny bermekden geçen, häkimi-
ýetler gazdan gelýän girdejini bir ýerlerde bukmagyň aladasyny
edýärdi.
Men S.N.-ň nökerleriniň arasynda işlän dört aýymyň dowa-
mynda bu ýagdaýa mazaly düşündim we aňkam aşan ýaly bol-
dum, ýöne men oglan ýüregim bilen, belki, bir zatlar edip bolar,
munça puly gabyrlaryna äkitmejeklerine düşünýändirler ahyryn,
ogul-gyzlaryny zaýalatjaklaryna düşünýändirler ahyryn diýip
pikir edýärdim. Şu pikir bilenem 1992-nji ýylyň dekabrynyň
soňky günleri, Täze ýyl mynasybetli gutlamaga çagyranda, işläp
ýörenime ýaňy dört aý çemesi bolanam bolsa, S.N.-e öz edýän
pikirlerimi açyk aýtdym.
—Hemme adam, düýnki gün işe galan ýaş mugallym hem
zaçýot goýanda pul alýar, hemmeler para-peşgeşe ýatýar, ulular
ulurak, kiçiler kiçiräk. Bu ýagdaý gowulyga eltmez. Siz bize on

120
iki müň manat aýlyk berýäňiz, köwşüň bahasy bolsa bazarda
on ýedi müň manat. Ýöne biz köwüş üçin işlämzok, türkmeniň
döwleti bolsun diýip işleýäris. Sizem şol pikir bilen işleýänsi-
ňiz diýip pikir edýäris. Eger şu gidişine gitse, türkmen öňküje
ýagdaýynam ýitirer—diýip, men birsellem agzymyň keýpini
gördüm. Ol meni üns berip diňledi, “Söýünowyň kömekçisi
her gelen daşary ýurtludan dollar diläp otyrmyş” diýip güldem.
Metbugat gullugynyň oglanlary bolsa, ýerli-ýerden baş atyşyp,
meniň bilen pikirdeşdiklerini mälim etdiler. S.N.:
— Bu diýýänleň hemmesi dogry, ýöne men seň diýeniňi et-
sem, bujagaz edýän işlerimem etdirmezler, howlukmalyň — diý-
di.
Şol gün ol meni kabinetinden goltugyma girip, has gadyrly,
has içginsiräp, has kän gürleşip ugratdy. Kärdeşlerim bireýýäm
çykyp gidipdi, ol bolsa maňa gapyň agzynda tankydy goýmak,
türkmeni beýgeldýän uly kitap ýazmak hakynda pentmi, sargyt-
my edýärdi. . . Men bolsam, baş atyp, dogrudanam şeýle kitap
ýazmak arzuwymyň bardygyny aýdýardym. Ýöne ol meni kän
gürledenokdy, “talantly ýazyjydygymy, gaty meşhur boljak ki-
taplary ýazmalydygymy, meniň şeýle işi başarjagyma özüniň
ynanýandygyny” aýdýardy. . .
Şol gürrüňden soň maňa S.N.-ň kabinetine barmak gadagan
edildi, prezidentiň janpenalarynyň biri indi meniň ol ýere bar-
maly däldigimi aýtdy. Meniň goşgularymy gazetde çap etmän
başladylar, makalalarym üýtgedilip, içine birtopar suwjuk hem
meniň ýazmajak sözlerim goşulyp çap edilip başlandy, ýogsa-
-da çap edilmedi. Prezidentiň daşary ýurt saparlaryny beýan
etmeli jurnalistleriň sanawy düzülende, meniň adym hemişelik
çyzylyp taşlandy ýa-da, türkler aýtmyşlaýyn, depderden sylyn-

121
dy. Ýöne şonuň ýaly sapar mahalynda, meniň goşgularymyň
manysyny prezidente “düşündirýän” “dostum” daşary ýurtda-
ka, wezipämden peýdalanyp, men öz goşgular toplumlarymy
gazetleriň birinde çap etdirýärdim. Şeýlelikde, men dört aýlap
prezident köşgünde tussag diýen ýaly oturdym.
Iň soňunda maňa “Aşgabat agşamy” gazetine baş redaktor
bellenendigimi, prezidentiň eýýäm karara gol çekendigini aýtdy-
lar. Men bu karara razy däldigimi, beýle karara gelmezlerinden
öň özüm bilen maslahatlaşan bolsalar gowy boljakdygyny, ar-
zamy ýazyp, döredijilik işine gitjekdigimi aýtdym. Bu bolşumy
geň gördüler, prezidente taňryýalkasyn aýdyp, wezipe berenligi
üçin minnetdar bolmaga derek närza bolup gitjek bolýandygyma
hiç düşünip bilmeýändiklerini, bu ýeriň beýdilýän ýer däldigini
nygtadylar. Onsoň köşk gybatlary başlandy. “Ýowşan preziden-
te seni düňdär ýaly kitap ýazaryn diýipdir” diýip bir çykdylar,
ýene bir zat diýip iki çykdylar.
Beýle gybatlaryň ýaýramagyna ýörite gyzyklanýan adam
bardy. Ol meniň öň, öz sözleri bilen aýtsam, “agyr gününde gol-
dan” kärdeşlerimdendi. Men onuň “Sen diňe serdar barada ýaz,
serdar we ýene bir gezek serdar diý, pozisiýaň aýdyň bolsun,
diňe şol bolsun, pylanyňky ýaly her sözlemiň serdarly bolsun”
diýen talabyny ret edipdim (Käbirleriniň adyny tutasym gelme-
ýänligi üçin ötünç soraýaryn, şeýle-de adamlar kimiň kimdigini
bilerler diýip pikir edýärin). “Belli bir derejede kompromise gi-
derin, ýöne men bu ýere diňe serdar diýmek üçin gelmedim”
diýipdim.
Şeýlelikde, kän kelle döwüşliklerden soň, şol wagtky köşk iş
dolandyryjysy Ernest Kalandarowiç Nazarowyň “ele garşy bu-
şukma, üstüňe syçrar, gidesiň gelse işe iberilen ýeriňden gidiber

122
ümsümje” diýen ýaly “akyl-pentlerinden” soň men öz islegim
boýunça işden gitmekden saklandym. Onsoň meni “Diýar” žur-
nalyna baş redaktoryň orunbasary edip iberdiler, ýogsa ol ýerde
orunbasar bardy hem. Bu menden dynmak üçin, öňki işlän
ýerime iberäýiň, öňküje bölüm müdirligimem bolýa diýemde
tapylan çykalgady. Men orunbasar edilip bellenenim üçin prezi-
dentden razy bolmalydym, baş redaktor bellenmek üçin, ýagny
prezidentiň şeýle karara gelmegi üçin ony žurnalda öwüp-öwüp
makalalar ýazmalydym. Emma her näçe garaşsalar-da, žurnal-
da meniň golum bilen öwgüli makalalar peýda bolubermedi.
Onsoň žurnalyň baş redaktory maňa ýokardan iki ýoluň birini
saýlamagy maslahat berýändiklerini aýtdy. Men öz ýolumy saý-
ladym, arzamy ýazdym-da, “Diýar” žurnalyndan işden çykdym.
Meniň yzym bilen Muhammet Myratly, Akmyrat Garly, Aşyrmu-
hammet Saryýew, Baýram Lallykow, Omar Sähetgylyjow. . . ýaly
adamlar hem işden çykdylar. Bu hakykatda protestdi, iş taşlaýyş-
dy. Žurnalyň baş redaktory H. Durdyýew biziň — ýagny işden
çykanlaryň žurnalyň eýýäm taýýarlanan sanlaryndaky material-
laryny hem sahypadan düşürip zyňdy, prezidentiň adyna hat
ýazyp, özüniň žurnaly şübheli adamlardan saplandygyny aýtdy.
Onuň bu haty “Türkmenistan” hem “Turkmenskaýa iskra” ga-
zetlerinde çap edildi we radioda eşitdirildi. Şondan soň ne biziň
eserlerimiz çap edildi, ne-de metbugatda adymyz agzaldy. . .

123
* * *

Ýatlama.
Maňa ökünçmi-ötünç hatyny ýazmagy maslahat berýärdiler,
“ýalňyşypdyryn diý” diýýärdiler. Bu sözi ozal depesinde taýak
döwlen on ikinji iýulçylaryň birnäçesine diýdiripdiler we öz diý-
dimzor zalymlyklary bilen telewideniýe arkaly öwünmäge-de
ýetişipdiler (Dogru-da, her kim öz kesbi bilen, ogrular ugurtapy-
jylygy, jellatlar zalymlygy, lolular haýasyzlygy bilen öwünýärler,
her kime bir zat bilen özüne teselli bermek gerek bolarly).
Men ahyry beýleki oturan oglanlaryň bähbidini, olaryň azat-
lyga çykmagyny umyt edip ötünç hatyny ýazdym. Ýöne meniň
ötünç hatym olaryň talap edýän ötünç haty bolup çykmdy, olar
sen ilki öz günäňi doly boýun al, soň ökünýändigiňi aýt diýýär-
diler. Goňşy kameralaryň birinde oturan žurnalist Muhammet
Myratly bilen duşuşdyryp, ondan meni yrmagy haýyş edýärdi-
ler (M. Myratly bolsa: “Ýazyp goýber-dä, oýnatgynyň oýnalasy
gelýändir-dä” diýen akyly berýärdi hem beýleki oglanlar üçin
şu ädimi ätmelidigimizi ýatladýardy).
— Seni öldürerler, nädip öleniňi özüňem, il-günem bilmän
galar — diýip, Garajaew soňabaka açyk gürläp başlady. — Se-
niň häzir bu ýerden çykyp gitmegiň-de ahmal, ýöne bu seniň
azatlyga çykdygyň bolmaz. Sebäbi sen ýalylar hiç kime rahatlyk
bermeýär.
MHK-nyň başlygynyň orunbasary Muhammet Nazarow:
— Siziň bitiren goşuňyz ýok, ýöne (ABŞ-dan) bärik beriljek
bolup duran pullary, goýuljak bolup duran maýalary berdirme-
diňiz—diýdi.

124
S.N.-ň “menden gaty göreni” hem bellidi, “henizem özüne
gelip bilmeýänem” düşnüklidi. Bulary maňa MHK-nyň başlygy
Sapar Seýidow aýdypdy we “indi gaýdyp beýle işiň gyrasynda
görünmezligi” maslahat beripdi. Sebäbi beýle işiň gyrasynda
görünmek häkimlik edijilere “edeniň däl” diýmekdi. . .

* * *

Ýandepderçeden.
Düýşümde bir topar adamyň arasynda durun. Olar menden
näme bolanyny soraýarlar.
— Başy meniň sumkama disket atdy, harby maglumatly dis-
ket — diýýärin. Adamlar geň galýarlar hem ynanmazlyk bilen
seredýärler.
Birwagt Köşide “Başy doýmaz-dolmaz, ministrler onsuz ha-
pa işlerde mydyrt edip bilenoklar” diýemde-de şeýdip geň ga-
lypdylar hem ynanmandylar. “Aý, beýle däldir-le” diýipdiler.
— Ýok-la, bu boljak zat däl-le, özi sumka disket atyp ýöresi
ýok-la — diýip, öňde duranlaryň biri dillenýär.
— Elbetde, özi gelip atmady, Guwanç Allamyradow atly güm-
rükçiniň, Muhammet Nazarow atly mhkçy general-leýtenantyň
eli bilen atdy, Gurbanmuhammet Kasymow atly ministr, Gurban-
bibi Atajanowa atly baş prokuror bilen menden “Watan dönügini”
ýa-da “halk duşmanyny” ýasady, edil 37-nji ýyldaky ýaly “üç-
lük” bilen sud etdi hem “Haçan islesek gazamat ederis” diýip,
heniz dünýäniň hiç ýerinde görlüp-eşidilmedik höküm çykardy
— diýip, pert-pert aýdýaryn.
Ýene geň galýarlar. Dilime “Geň göreniň alnyna” diýen söz
gelýär, emma ol sözi aýtmakdan saklanýaryn.

125
— Alnyna gelenini-gelmänini bilýän bolsa, bu adamlar beýle
bolarmydy? — diýip, general Muhammet Nazarowyň sesi eşi-
dilýär. Görsem, ol hol arkada bir ýerde dur. — Aýtdym-a men
saňa, bul adamlar türmede ölen garyndaşynyň yzyndan gelmä-
ge gorkýar, geläýse-de, “Bu nädip öldi?” diýip sorap bilenok”
diýip. . .

* * *

Tejene baryp gaýdanymdan soň, ynjalyp oturyp bilmedik


borly, ejem bahym Aşgabada agtyklaryny görmäge geldi. Men
ýuwaşlyk bilen gaçmagyň planyny çekýärdim. Ejem:
“Mollum bolup işläberseň bolmyýamy, hökman gitmelimi?”
diýdi.
“Gitmesem goýmazlar, indi gapyl basdyrmajak bolýan” diý-
dim.
“Seresap bolawergin, oglum, ýagyşdan gaçyp, damja uçraý-
ma. . . ” Ejem gözüne ýaş aýlap dymdy we ertesi yzyna, Tejene
gitdi. Menem goşlarymy, egin-eşigimi bir sumkada “Dost ogla-
nyň” öýüne taşladym.
“Dost oglan” bilen tanyşlygym uniwersitet ýyllarymdan baş-
lanypdy. Ýöne men bu tanyşlyk beýle dostluga öwrüler diýip
hiç wagt pikir etmändim.
“Dostlarymyň hemmesi diýen ýaly meni terk etdi, terk et-
medikleri hem kömek etmekden gorkýar, sen näme üçin maňa
kömek edýäň?” diýip, bir gezek men ondan gönüläp soradym.
“O nähili dostlar olar kyn günde taşlaýan?” diýip, olam me-
niň özüme sorag berdi.

126
“Biri bardy, özüne gaty göwni ýetýän. Goşgularynda dostluk,
mertlik hakda kän ýazardy. 50 ýaş toýunda Welimir Hlebnikow
diýen rus şahyrynyň kitabyny sowgat edipdim. 1995-nji ýylyň
tomsunda türmede otyrkam aýalym yzymdan “Ogonek” žurna-
lynyň köne sanlaryny okamaga getirdi-de, içinde şol Hlebnikow
hakynda gowy makala bar ekeni. Şol makalany okadym welin,
Hlebnikowyň goşgularyny hem okasym geldi. Men onuň goşgu-
laryny okap ýetişmändim. Şol kitaby tanyş üsti bilen satyn alyp
oýe gelemde, bir kärdeşim üstümi basypdy hem ýaňky mertlik
hakda ýazýan şahyryň 50 ýaş toýuna gidipdik. Başga-da bir
amatly zat tapman, şol meniň ýaňyja satyn alan kitabymy hem
oňa sowgat edipdik.
Aýalym meniň haýyşymy dost oglanlaryň biriniň üsti bilen
ýaňky öwünjeň şahyra ýetiripdir. Men onuň gorkjagyny çak
edýärdim, ýöne “düşekde ýatan näsag bilen türmede oturan
dostuň göwni ýykylmaz-la” diýip, inçejik tamam bardy. “Ýok,
men o kitaby berip biljek däl, onda ýadygärlik ýazgysy bar” di-
ýip, “mert” şahyr sapalak atypdyr. “Ýowşan ýadygärlik ýazgyly
sahypany ýyrtaýsyn” diýýä. Soň size o kitabyň täzejesini tapyp
bereris” diýip, meniň adymdan baran “dilegçi” hem aňsat boş
gaýtmak islemändir. Şahyr: “Ýok, berip biljek däl” diýip, ýer
dyrmap otyr diýýär. . . Şeýdip, mertlik, iner dünýäsi hakynda
ýazýan şahyryň ýanynda bir kitaba geçmedim. Başga biri bardy,
frontçy. Ol “mert” şahyryň ýakyn dostudy we Muhammet My-
ratly ikimize bir gezek “Siz bilen hemişe dil getirmäge giderin”
diýipdi. Menem oňa çyndyr öýdüpdirin. 12-nji iýul protest ak-
siýasyndan soň Muhammet tutuldy welin, gyssanyp jaň edýän,
öýüne barýan, adam iberýän, gapysynyň aňyrsynda bukulyp,
pyşyrdap, aýalyna, agtyklaryna “ýok” diýdirýär.

127
“Seň bilen olar ýaly oturyp-turuşmandym, hiç bir ýakynlygy-
myz bolmandy, ýöne sen maňa gorkman kömek edýäň, munuň
sebäbi näme, aýtsana?” diýip, men “Dost oglandan” ýene sora-
ýaryn.
“Sebäbi sen meniň edip bilmeýän işimi edýärsiň, millet, halk
bolanyň içinde birleriniň hökman etmeli işini edýärsiň. . . ”
“Men adamlar öz edip bilmeýän işini edýäni halamaýamyka
diýýärdim.”
“Elbetde, oň ýalylaram az däl. . . ”

* * *

Gaçyş güni, çaglarym bilen, Aşgabadyň merkezindäki sergi


zalyna bardym. Ol ýerde maryly hudožnikleriň işleriniň sergisi
açylýardy. Sergi zalynyň diwalaryndan asylan suratlaryň biriniň
öňünde, sürüden galan geçini zor bilen emip duran zemzeni
şekillendirýän işiň öňünde esli durupdyryn. Gäbe zemzen arryk
geçini sürüden alyp galyp, wägirdip emýärdi hem asyl goýbererli
görünmeýärdi. Bu iş maňa türkmen halkyny hem onuň prezi-
dentini ýatlatdy. Ýene bir gezek çep göwsümde agyry duýdum.
Aýalym ýeňimden çekip, gulagyma pyşyrdady: “Bize seredýäler,
bu suratyň öňünde köp durmaly.” Suratyň öňünden çala goz-
ganyp, gözümiň gytagy bilen zala göz gezdirdim. Ozal meniň
bilen gara-gadyr salamlaşan intelligentleriň bir topary meniň
duran ýerimden, bir zatdan ürken at ýaly, böwür berip, sow-
lup geçýärdi. Men ýuwaşjadan ýöräp ugradym. Pete-pet gelen
tanyşlar çalak-çulak salamlaşyp, çalasyn daşlaşýardy. Şolaralyk-
da daşary ýurtly bir türkmenem duşdy. Men ondan prezident
köşgünde telewideniýe üçin interwýu alypdym. Ol meni görüp

128
aljyrady, ýöne beýlekiler ýaly gaçmagyň hem ebeteýini tapmady.
Biz bir-biregiň ýagdaýyna sözsüz düşünip hoşlaşdyk. . .
Sergiden soň çagalarym bilen Çoganla, dost oglanyň öýü-
ne gitdik. Ol meniň ýurtdan gaçjagymdan habarsyzdy. Men
onuň melleginde Berzeňňidäki daçamda çybykdan kökleden
nahallarymdan getirip, bir topar bag, üzüm oturdypdym. Çaý-
dan soň biz şol nahallary görmäge çykdyk. Men maşynymdaky
üzüm gaýçysyny alyp, artygrak gören şahalarymy kesişdirdim.
“Bagban rehimsiz gerek” diýip, kakamdan öwrenen nakylymy
aýtdym. Ýöne dost oglanyň kellesi bagda, nahalda däldi. Ol
maňa goňşusynyň işiginde duran köne maşyny görkezdi.
— Käte şo maşynyň daşy çaga-çugadan dolýar, jagyl-da-ju-
gul asyl. Biri süren bolýar, biri ýol polisi, biri bejeren bolýar.
Maşynyň üstem çagadan basgy. Birdenem maşynyň hak eýesi
öýünden çykýar-da, “göterliň-aýt, günortan gözümiň awusy-
ny almaga goýmadyňyz” diýip gygyrýar welin, ýaňky çagalar
gyran-jyran bolup gaçýarlar. Türkmenistanyň häzirki döwlet
bolan bolup oturşy maňa şol warak maşynyň daşyna üýşen ça-
galary ýatladýar. Döwletiň hakyky eýesi çykyp, “göterliň-aýt”
diýse, bularyň bary dyr-pytrak bolup, gaçyp çöpe-çalaňa siňjek
adamlar-a. . .
“Döwletiň hakyky eýesi bir ýerden çykjak zatmy, eger şeýle
bolsa, biz oňa çenli näme etmeli, nirä gitmeli, biziň özümiz öz
döwletimize eýe çykmaly dälmi?” diýip, dilime gelen sözleri tas
aýdypdym, ýöne aýtmadym.
Çoganlyda hoşlaşyp, uly ýola çykamyzda aýalym gitjegimi
aýdyp-aýtmanym bilen gyzyklandy.
— Aýtmadym, ýöne ynanmazlykdan däl, “bilmese arkaýyn
bolar” diýip aýtmadym — diýdim.

129
Aýalym çagalary irräkden ýatyrmagyň aladasyny etdi, ýöne
çagalaram ýatdy, meň öýden çykmaly wagtymam geldi. Men
çagalarymyň maňlaýyndan, aýalymyň gözlerinden ogşap, hu-
daýy, ata-babamy çagyryp ýola çykdym hem bellenen wagtda
belleşilen ýere baryp, deňimde saklanan maşyna mündim. Ma-
şynyň sürüjisi yzymyzda guýruk bardygyny-ýokdugyny bilmek
üçin şäheriň içinde biraz aýlandy we meni Atabaew köçesinde,
“Şöhrat” magazininiň ýanynda düşürdi hem 4-nji mikroraýonyň
içinden ylgap, Hudaýberdiýew köçesine, Tikin fabriginiň ýanyna
çykmagymy haýyş etdi. Men diýlişi ýaly etdim. Hudaýberdiýew
köçesinde maňa başga maşyn garaşyp durdy.
“Dost oglan” bizden näme üçin beýle gijä galanymyzy sora-
dy. Maşynyň sürüjisi “yzymyzdaky guýrukdan gutulmagyň”
biraz wagt alandygyny aýtdy. Soň ol gyssanmaç biz bilen hoşlaş-
dy. Bizem gyssanmaç, ýüzümizi garaňka tutup, başga maşynda
Daşhowuz ýoluna çykdyk. . .
— Sen diňe bir sözi, “dam” diýen rus sözüni bilýäň, öňki
sowet territoriýasyndan çykýançaň başga sözi bileňok — diýip,
“Dost oglan” maňa ýolboýy sargyt etdi. . .
“Dam” sözi maňa ilki Ürgençde, soň Daşkentde uçara bilet
alyp berdi. Daşkent aerportundaky gümrükçi ofiser bolsa gapjy-
gymdaky bölek otuz dollary, 20-lik bilen 10-lugy pasportumyň
arasyna salyp özüne bermelidigimi, ýogsa işimiň köpeljegini aýt-
dy. Men onuň diýşi ýaly etdim. Sebäbi olaryň, ýagny hökümete
syrtyny direýän talaňçylaryň “işi nähili köpeldýänini” bilerçe
bolupdym.
Ozal 1996-97-nji ýyllarda Moskwada iki gezek milisiýa-hökü-
met talaňçylygyna uçrapdym. Birinji gezek aeroportuň ýanynda
“şähere geleňde hasaba alynmansyň” diýip talapdylar, ýogsa

130
ýanymda döredijilik öýüniň sprawka-tassyklamasy hem bardy.
Ikinji gezek, Moskwa gitjek bolup, ýazyjylaryň Peredelkinodaky
döredijilik öýünden çykan ýerimde talanypdym. Birinji gezek
milisiýanyň özüm ýaly gara-gura kelleliden dolduran demir gö-
zeneginden çykmak üçin jübülerimi çöwrüp, arz etmezlige söz
beren bolsam, ikinji gezek dört sany awtomatly esgeriň maşynyn-
dan düşüp galmak üçin sagadyma çenli çykaryp beripdim. Ýöne
birinji gezek aldyran pulum birnäçe aýdan Aşgabada, öýüme
eltilipdi. Muňa şonda milisiýanyň arz etmejegime ynanyp beren
gulak ýaly kagyzy sebäp boldy. Men ol kagyzy “indiki saklanla-
ra görkezer ýaly” diýip, sorap alypdym. Ýazyjylar guramasy şol
kagyz bilen pulumy yzyna alyp, meniň yzymdan iberipdir. . .

* * *

Ýandepderçeden.
Meniň özüm ölüm hüjresinden gaçsamam gaçdym welin,
o hüjräniň ejir-azaplary aňymda-beýnimde hüjre-hüjre bolup
galdy. Men ol hüjrelerden ömrümiň ahyryna çenlem gutulyp bi-
lerin öýdemok, şoň ýaly-da men olary ýazybam gutaryp bilerin
öýdemok. Sebäbi ol hüjräniň daşyndan bir görnüşi bar, içinden
başga görnüşi bar. Munuň üstesine, ol görnüşler bir durkunda
hem durmaýar, üýtgäp, çalşyp durýar. Ol hüjräniň başlanýan,
gutarýan ýerlerini hem bilip bolanok. Men ilki “Ol prezident
köşgünden başlanýan bolmasyn?” diýip pikir etdim. Soň “Bu
hüjre meniň on ýyl gowrak işlän Metbugat öýümden başlanýan
ýaly-la?” diýdim. “Ýok, bu hüjre ýönekeý halkyň tabynlygyndan,
intelligensiýanyň gorkaklygyndan başlanýar” diýip, yzýanyn-
dan özüm öz aýdanyma garşy çykdym. Birdenem ol ulus iliň

131
beýnisini ýülmemekde güýç gaýgyrmaýan tele-radiokomitet-
den, sähel öňe çykana gylyjyny görkezýän Milli Howpsuzlyk
Komitetinden başlanýan ýaly bolup göründi.
“Belki-de bu hüjre meniň özümden, öz dar pikirlerimden,
beýnime şol dar hüjre, dar garaýyşlar bilen ornadylan gara ga-
lyplardan başlanýandyr. Ol hüjre indi nirä gaçsamam meniň öz
içimde oturan bolmasyn?..”

* * *

“Otluçöp alan-eý, arzanjak otluçöp!..”


Bazarçy oglanjygyň zarynja sesi gulagymda ýaňlanyp gid-
ýär. . . O ses indi meniň gulagymda bazara barsam-barmasam,
hemişe ýaňlanyp dur. Öz derdimi ýatlasam, otluçöpli oglanyň
derdi, otluçöpli oglanyň derdini ýatlasam, öz başymyň gowgasy
ýadyma düşýär. Çöl-beýewanlara çykaýyn ýa ýurt aşyp gaça-
ýyn, tapawudy ýok, nirä barsam yzymdan kowup ýetýär hem
“Otluçöp alan-eý, arzan otluçöp!” diýip zarynlaýar. Jübülerimi
dörenimi hem onuň ähli otluçöplerini satyn almaga hyýal ede-
nimi duýman galýaryn. O sesdäki tükeniksiz yhlas maňa kän
zatlary — sözümi aýtjak bolup gören görgülerimi hem tükeniksiz
bagyr azaplarymy ýatladýar.
“Ol oglanjyk meniň özüm bolaýmaýyn? — Men öz-özüme
sorag berýärin. — Belki-de men indi möwritimi ötürip, gury
gabyga öwrülýändirin? Belki-de meniň janserek ruhum şol og-
lanjyga geçendir?”
Kimdir biri maňa ol oglanjygyň ýygy-ýygydan urlup-ýenjil-
ýändigini, şeýdibem otluçöp satyp gazanan puljagazyny elinden

132
aldyrýandygyny, aç galýandygyny, onuň kakasynyň tirýekli tu-
tulyp, ölüm hüjresinde oturandygyny gürrüň berýär. “Otluçöp
satyp, kakasyny atuwdan alyp galar ýaly pul jemlejek bolýar o
çaga, tutuş ýurduň ölüm hüjresine öwrüleninden habarsyz-da ”
diýip, gulagyma pyşyrdaýar. Men töweregime garanýaryn. Hiç
kim ýok. Ýöne o kişiniň ýakynymda bir ýerlerde durandygyny
duýan ýaly bolýaryn. Kelläme her hili pikirler gelip geçýär.
“Bu Aşgabat däl, Moskwa, çykyp birsellem gezeýin” diýsem,
aç milisiýa aw bolarymdan gorkýaryn. “Dost oglanyň” “damy”
ýadymda, ýöne Moskwa milisiýasy ýakaňy goýberýänçe köp
näzirgeýär. Üstesine, tutulyp yzyňa iberilmejegiňe-de kepillik
ýok. Bu wehim, ýagny yzyňa iberilmek pikiri seni bir minudam
terk etmeýär.
“Biraz dynç alaýyn” diýip, iş stolumyň başyndan turup, bal-
kona çykýaryn. Moskwa berýozalarynyň aşagyndaky uzyn otur-
gyçlara çöküp, ýap-ýaňy görüp çykan meksikan kinolarynyň
gürrüňini edýän pensioner aýallar maňa geň bir zat ýaly çiňeriş-
ýärler. Olaryň arasynda ozal maňa kireýine otag beren Tamara
Fýodrowna-da bar (Ol altmyş ýedi ýaşyndady, men onuň bir
otagyna aýda 150 amerikan dollaryny töleýärdim.). Bir gün ol
menden: “Senem düşekde şo kinodaky erkekler ýaly dyzmaç-
my?” diýip sorapdy. “Geçä jan gaýgy, gassaba ýag” diýleni çyn
bolarly.
“Otluçöp alan-eý, otluçöp alan! Otluçöp aljak barmy? Ot
ýakjak barmy? Men ajygýan, üşeýän. . . ”
Men ilki bu sözler Moskwanyň köçelerindenem eşidilip baş-
ladymyka diýdim. Baryp aýnadan daşaryk hem seretdim. Em-
ma daşarda, meniň gözüm ýetýän ýerde, ak berýozalaryň sa-
ýasyndaky uzyn oturgyçda ýap-ýaňy görüp çykan meksikan

133
seriallarynyň gürrüňini edip oturan garrylardan başga hiç kim
ýokdy. Çilimini goýan ýazyjy dostumyň hüňürdisi gulagym-
da ýaňlandy: “Bu oglanjyklaryň sesi iki-ýeke özüni oňarmaýan
maşgalanyň ýykylan döwletiň harabasynyň aşagyndan gelýän
sesi däl, basa-basa düşen hem öz-özüniň aýagynyň aşagynda,
depeşekde galan halkyň sesi. . . ”

Moskwa, maý-iýun, 1998 ý.

134

You might also like